"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Beýik sütün

Eger ol ene bolsa, onda jennet onuň dabanynyň astyndadyr. Eger ol gyz perzent bolsa, ol ene-atasy üçin jennetiň gapysyny açjakdyr. Eger ol maşgalaň bolsa, ol ýoldaşynyň derejesini asylzadalaryň deňine çenli beýgeltjek zenandyr. Zenanlara beýle güýji geçmişde ýaşap geçen pygamberler, asyrlaryň synagynda taplanan mertebeli ulamalarymyz wada edendir. Zenanyň özboluşly dünýäsi bar. Ol dünýäniň gözelligi, täsinligi barada ýazylmadyk zatlardan ýazylan zatlar köpdür diýsem, öte geçmerin. Ýazyjy-şahyrlar, heýkeltaraşlar, nakgaşlar iň gowy eserlerini enelere bagyşlapdyrlar. Beýik eserleri beýik şahsyýetler döredýär. Ene barada ýazylan ajaýyp şygyrlar, onuň keşbini ussatlarça çekip, dünýäniň sungat eserleriniň altyn hazynasyna girizmegi başaran nakgaşlar, ene hakyndaky döredilen şirin aýdymlar, asyrlar geçse-de, öz gymmatyny ýitirmän, enäniň mertebesini äleme ýaýýar.

Wysala barýan ýollar

Suwda elektrik togunyň gizlenip ýatyşy ýaly, asmanyň üzülen guşagy älemgoşarda görenleri bendiwan eýleýän täsinligiň saklanyşy ýaly, zenan maşgalada gudratly güýç gizlenip ýatýar. Şol güýç oňa adamzat ähliniň terbiýeçisi bolmakda medet berýär. Külli adamzady söýgüsi bilen penalamakda, gaýgysy bilen goraglamakda, asyrlarboýy ojaklaryň oduny öçürmän, sallançaklaryň badyny gowşatman, ýaşaýşyň umyt uşlybyny üzmän saklamakda şol gudrat ony ýanbermez etdi. Külli adamzat ähliniň terbiýeçisi, ýaşaýşyň başynda duran dünýäniň halasgäri eneler dünýäni özgertjek nesilleri terbiýeläp ýetişdirdiler. Dünýäde ýeke-täk sönmeýän yşyk Hakyň nurudyr diýýärler, ýöne ene ýüreginiň, kalbynyň nuram egsilmezdir, güneş kibi şöhlezardyr, baldan süýji balalarynyň durmuş ýoluna münewwer eçilýändir. Üç ogly, alty gyzy ösdürip kemala getiren Aknabat daýza iňrik garalanda duralgada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetinde okaýan gyzy Nurgözele garaşyp durdy. Çünki olar öýländen soň okaýardylar. Öz okap bilim alan Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň golaýyndaky şahyr Halyl Kulyýewiň:

Gelinlerim — gyzym bolup gelenlerim

Ene bolmak täsin bagt, gaýynene bolmak bolsa zenany has-da köp zatlara borçlandyrýar. Gaýynene bolduňmy, diýmek, sen maşgala agzalarynyň ählisiniň diline we dünýäsine düşünýän agzybirlik sütünine öwrülmeli. Munuň üçin gapyňdan gelen günlerinden beýläk gelinleri öz hojalygyň düzgünlerine uýgunlaşdyrmaly. Şol bir wagtyň özünde-de, ýaş gelniň näzik göwnüne degmän, täze ojakda biş-düş endiklerine, girim-çykymlaryna, geýim-gejimlerine, köpçülikde özüňi alyp barmagyň düzgünlerine uýgunlaşdyrmaly. Hamyla bolsalar, enelige taýýarlamak, bilmeýän zatlaryny öwretmek, gerek ýerinde ýardam bermek, bäbeklän wagtlary olaryň saglygyny, rahatlygyny goramak hem eneleriň mukaddes borjudyr. Ozal tez maral ýaly keýerjekläp ýören ýaş gyzlaryň ene bolmagy olaryň süýji ukularynyň ýerini ukusyz geçirilýän gijeler bilen çalyşmagyna sebäp bolýar. Esasan-da, ilkinji gezek ene bolan ýaş gelne gaýynenäniň ýardamy howa ýaly zerurdyr. Ozal birnäçe çagany ösdürip, kemala getiren gaýynene jägildäp aglap, saklatmaýan agtyjagyny eline alan badyna, onuň diline düşünmegi başarýar. Şeýlelik bilen, gaýyn bilen gelniň arasynda birek-birege bolan mähremlik, ysnyşyk güýjeýär. Ýazýan zatlarymyň ählisiniň öz durmuşymdan üzňe däldigi üçin, iki gelniň gaýynenesi hökmünde bir zady aýratyn bellemek isleýärin. Gaýynene bolmak bilen maşgalamyň ýaýrawy giňäpdi. Ýyl geçdigisaýy, gudalarym hem aýal doganlaryma öwrülip gidiberdile

Özüňi ýadaw duýmazlygyň usullary

Biz, köplenç, zähmet çekip ýadaýandyrys öýdýäris. Emma bu beýle däl. Adam sagdyn durmuş ýörelgelerini talabalaýyk berjaý etmese, şonda ýadawlyk ýüze çykýar. Onuň birinji sebäbi az uklamakdyr. Ukyň az boldugyça, özüňi keýpsiz, ýadaw duýýarsyň. Wagtly-wagtynda uklamak üçin şu aşakdaky düzgünler berjaý edilse talabalaýyk bolar. Irden turanyňyzda, myşsalara we beden agzalaryna barýan kislorodyň tizligini ýokarlandyrmak, ganyň goýalmagynyň öňüni almak üçin agyz suwuny içmeli.

Zenanlar hakda

X asyrda Ýaponiýada «Genjiniň hekaýasy» atly dünýäniň ilkinji psihologik romanyny ýazan zenan Murasaki Sikibudyr. * * *

Öý bikesi öwrense...

Böregiň taýýarlanylyşy Gerekli önümler: 300 g un, 1 bulgur suw, 400 g sygyr eti, 1 sany düýp sogan, islege görä gara burç, duz.

Ýyldyzlar näme diýýär? Mart 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Adatça, öz başarnyklaryna beýle bir ynanmaýan bolsalar-da, hamallar bir işe başladyklary, derrew şowlap gidibermek bilendir. Olar mart aýyndan hem şeýle üstünliklere garaşyp bilerler. Hamallara bu aýda dynç alýan wagtynda pikirlerini tertiplemek, öz-özüni diňlemek maslahat berilýär. Iş meselesinde bolsa ýyldyzlar olary badyny gowşatmazlyga çagyrýarlar. Mart aýy hamallara hünär kämilligi babatda öňegidişligi wada berýär. Şonuň netijesinde olar maddy ýagdaýlaryny hem gowulandyryp, köp zatlara eýe bolup bilerler. Maşgalaly hamallar gabanjaňlyk duýgusyny ýeňip geçmeli bolarlar. Bu maşgalada agzybirligiň berkemegine uly täsir eder. Saglyk meselesinde, bedeniňiz üçin kalsiý witaminine baý iýmitleri kabul etmegi, şeýle-de ukyňyzy kadaly almagy unutmaň.

Maşgalanyň berkligi — jemgyýetiň jebisligi

Her bir maşgalada ata-enäni sylamak, ululara we daş-töweregindäki adamlara hormat goýmak kiçiliginden çagalaryň gursagyna guýmaga çalşylýar. Maşgalada we köpçülikde tertip-düzgüni saklamak, pederlerimizden miras bolup gelýän edep kadalaryny berjaý etmek milli terbiýämizden gözbaş alýar. Il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz bolsa şol terbiýäniň nusgalyk mekdebidir. Maşgala gatnaşyklaryny ösdürmek, ony gorap saklamak, çaganyň terbiýesi jemgyýetimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde her bir maşgalanyň abadanlygy, sagdynlygy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Maşgalany durmuş taýdan goramak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Öz gadyr-gymmatyny ýitirmän, şu günlerimize gelip ýeten edep kadalarymyzy, asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillerimiziň durmuş endiklerine öwürmekleri üçin bimöçber tagallalar edilýär. Sebäbi maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça jebis bolýar.

Mähir daragty

Aşgabat şäherinde ýaşaýan 96 ýaşly Bibisoltan Bekiýewalara baranymda, ol sallançakda meýmiräp ýatan çowlugy Salyhy şirin hüwdüler bilen üwräp oturan eken. Gapdalynda keşde çekýän agtygy Käkilige maslahat bermäge-de ýetişýärdi: — Balam, nagyş çekeňde tekizje etgin, şonda eden işiň nepis görner.

Edep-terbiýäniň gözbaşy

Halkymyzda çagalara edep-terbiýe bermek ýaly ahlak gymmatlyklary öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Maşgala ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklaryň saklanýan, sünnälenip kämilleşdirilýän düzüm birligidir. Maşgalada watansöýüjilik, halallyk, rehimdarlyk ýaly ýokary adamkärçilik sypatlary ösüp gelýän ýaş nesliň kalbyna guýulýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany ýörelge mekdebidir. Onda halallyk, zähmetsöýerlik, adamkärçiligiň belent sypatlary giňişleýin beýanyny tapýar. Merdana halkymyzyň edepli-ekramly, gujurly-gaýratly, akylly-paýhasly nesilleri terbiýelemek adatlaryny dowam etdirmek bu günki günde her bir maşgalanyň mukaddes borjudyr. Maşgala mukaddesligini gorap saklamakda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň toplan baý mirasy bar. Şu günlerimize gelip ýeten bu baý mirasymyzy nesillerimize ýetirmek esasy wezipeleriň hataryndadyr. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi garaýyşlara esaslanýan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda şeýle setirler bar: «Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň — döwletliligiň eýesidir. Döwletlilik olaryň bahar ýaly owadan ýylgyryşynda, säher ýaly tämiz kalbynda, ýaşaýşa tükeniksiz güýç berýän nurana garaýyşlaryndadyr. Berkarar döwleti gurmagyň halkymyzyň öý-ojak, maşgala mukaddesligine goýýan hormatyndan başlanýandygy hem şu dü

Ene hüwdüsi hakynda

Her bir maşgalada nesil terbiýesiniň gözbaşy öý-ojakdan başlanyp, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly ynsana mahsus ajaýyp häsiýetler we endikler bilen üsti ýetirilýär. Ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzyň ýaş nesli terbiýelemekde toplan gymmatly tejribesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz miwelerini berýär. Elbetde, edep-terbiýeli perzendi ösdürip ýetişdirip, kemala getirmek maşgalada uly jogapkärçiligi talap edýär. Ýaş nesilleriň kämilligi baradaky alada, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanýar. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, paýhasly pederlerimizden miras galan ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly ynsanperwer gatnaşyklar, dost-doganlygy pugtalandyrmak ýaly milli ýörelgeler üstünlikli dowam etdirilýär. Mähriban halkymyz ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri şu günki ösüp gelýän ýaş nesilleriň terbiýesinde kemala getirýär.

Maşgala ojagy sarsmaz galadyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maşgala baradaky alada döwletimizde esasy orunda durýar. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, maşgala gymmatlyklaryny saklamak, gelin-gyzlaryň döredijilik we aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär, çagalaryň doly derejeli ösüşini üpjün etmäge, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň mukaddes ojagy hasaplanylýar. Ine, şonuň üçin halkymyz maşgalany ojak, saçak ýaly kerem-keramata deňeýär. Ata-babalarymyz maşgalada halallyk diýen düşünjä aýratyn üns beripdirler. Çünki pederlerimiziň nygtaýyşlary ýaly, halallyk bu — ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň hem kemala gelmegini aňladýar.

Gelnejem

Bir-birinden owadan, sypaýy, göwnaçyk, mylakatly gyzlary görenimde hyýalymda öz gyzlyk dünýäme dolananymy duýman galýaryn. Gyz maşgala syr sandygy mysaly bolýar. Onuň näzikligi, duýgurlygy, utanjaňlygy ony syr gizlemäge mejbur edýär. Gyza ejeden ýakyn ýardamçy, syrdaş ýok hem bolsa, ol utanjaňlygy sebäpli ähli syrly duýgularyny ejesine aýdyp bilmeýär. Şeýle ýagdaýlarda gyza ýeňňesi has gowy düşünýär. Şahyryň: — Dost tutunsaň gyzyň ýagşy ýeňňesin,

Gyz ýüregi ynjamasyn

Gyz maşgalanyň atasy öýüne myhmandygy ýadyma düşende, näme üçindir, tolgunýaryn. Şol pursat enemden eşiden bir rowaýatym ýadyma düşýär. Onda aýdylyşyna görä, bir ýagşyzadanyň üç ogly, bir gyzy bolanmyş. Ýagşyzada her gün agşam üç ogluny arka tarapynda ýatyryp, ýüzüni ýalňyz gyzyna seredip uka gider eken. Gyzy dünýä inen gününden başlap gaýtalanyp duran bu hereketi geň gören ýagşyzadanyň aýaly bir gün ondan bu närsäniň sebäbini sorapdyr. Şonda ol: «Ogul—özümiňki, naçar gyzym bolsa —il maşgalasy. Onuň näzik göwnüni ynjytmak bolmaz» diýip jogap beripdir. Adamsyndan göwnejaý jogap alan ene şol günden soň gyzyna has-da mähirli garap, ony aýratyn üns-alada bilen gurşapdyr. Ykbal maňa gyzly bolmak bagtyny eçilmedik hem bolsa, bu gün gelinlerim gözüme gyzlarym bolup görünýär. Ilkinji agtyjagymyň gyz bolmagyny dilän günüm hem dileglerim Arşyň dergähinde kabul bolupdy. Ejem jan hemişe meniň aladamy edip: «Gyzy ýoguň gyýmazy ýok, balam, seniň hem gyzyň bolaýsa bolmaýarmydy?!» diýip, meniň gelejekki ykbalymy özüçe ünji edinerdi. Men şonda: «Alada galma käbäm, gelin geler, gyz bolar» diýip ejemi köşeşdirerdim. Käýarym ilçilikde agtygyma dakan adymy geň görüp sowal berýärler. Men şonda ilkinji agtyga: «Aý gördüm — agtyk» diýilýändigini, öz gyzymyň ýoklugy üçin üstüme: «Saýa» bolsun diýen ýagşy niýet bilen oňa: «Aýsaýa» diýip at goýandygymy düşündirýärin. Bu gün sähel başym agyryp, baldyrym

Elbukjam — buýsanjym

Gadyrly deň-duşlar! Men galyndy matalardan biziň ene-mamalarymyzdan däp bolup galan elbukjany tikmegi öwrendim. Bu el işiniň taýýarlanylyşyny «Güneş» žurnalynyň üsti bilen size ýetiresim geldi. Ýerine ýetirilişi:

Lezzetli tagam

Gerekli önümler: • 8 sany ýeralma;

Ruhubelent nesil — bagtyýar nesil

Ruhubelentlilik, watansöýüjilik, ýagşy niýetlilik, maksada okgunlylyk her bir adamyň, ylaýta-da eziz Watanymyzy ösdürjek ýaş neslimiziň ykbalyny kesgitleýän gylyk-häsiýetlerdir. Zähmet adamy terbiýeleýär, mertligi, özüňe bolan ynamy döredýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýmek bilen, ýaş nesle halal zähmeti ündeýär. Ruhubelentlik bilen ynamyň sazlaşygy dörände, adam ýanbermez güýje öwrülýär.

Edep-terbiýäniň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ahlak ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş mekdebidir. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär. Terbiýäniň baş maksady özüňi ahlakly, edepli alyp barmagyň endiklerini we asylly häsiýetleri terbiýelemekden ybaratdyr. Terbiýe paýhasly sözler, görelde bilen utgaşmalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda ýaşlara öwüt-ündewler aňa siňňitli barýar. Ýaşlar gözi ýetip duran zada ynanýarlar.

Mukaddes borç

Biz durmuş hakynda köp oýlanýarys. Onuň synagly ýollary adamlary taplaýan bolsa, ýapýan serpaýlary guwandyrýar, özüne müdimilik aşyk edýär. Durmuş hakynda oýlandygyňça-da, nämüçindir oý-pikirleriň soňy hökman enelere syrygyp gidýär. Eneler dünýäniň başlangyjy diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Çünki Watan goraýan ärleri, ylymdar pirleri, söz daragtynyň gülüni tiren Magtymguly Pyragy deý zorlary dünýä inderen hem eneler. Enäniň kalby bakylygyň altyn gapysyna meňzeýär. Ene kalbynda ýerlän ogul-gyzlar ömrüni şol kalbyň töründe ezizlenip geçirýärler. Ene söýgüsi mizemez, ol söýgi öz ornuny hiç bir zat bilen çalyşmaýar. Ähli zady özgerdip bilýän wagt hem ene söýgüsini özgerdip bilmeýär. Ene diňe öz dünýä inderen balalaryna enelik edeni bilen kanagatlanmaýar. Ol balalarynyň balasyna-da, olaryň nesillerine-de enelik mährini bolluk bilen eçilip bilýär.

Döwlet getiren perzent

«Ene bolmak bagty zenany hemişe buýsandyrýar. Ilkinji gezek däl, üçünji gezek bolsa-da, bu şeýle bolýan eken. Çünki täze şäheriň Täze ýylynyň ilkinji gününde ýene bir ogul perzendimiz dünýä indi» diýip, buýsançly gepleýän Ogulabat gelnejäni diňläp oturyşyma, oňa buýsanç bilen seredenimi duýman galypdyryn. Eýsem, buýsanmaz ýalymy, döwletli gelniň ýeten bagty her bir zenanyň iň gymmatly arzuwy ahbetin! Ylmyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän, döwrebap Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjylary Kakageldiýewleriň döwletli maşgalasynda Gadam we Kakageldi atly iki oguldan soň dünýä inen çaga: «Döwletli öýe döwlet getiren perzent» diýip, arkaýyn aýdyp bileris.