"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Sepgitde sagdyn boluň!

1. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. 2. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Sagdyn we kadaly iýmitlenmek

Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje şerti bar. Olar — fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek.

Bejerginiň esasy şerti

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen welaýatymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap saglyk merkezlerinde dürli keselleri, şol sanda öt kesellerini bejermekde hem guwandyryjy netijeler gazanylýar. Çünki iýmit siňdiriş ulgamynyň möhüm agzalarynyň biri bolan öt haltasynyň sagdynlygy beýleki içki agzalaryň hem kadaly işlemegi bilen baglanyşyklydyr. Biz şu ýagdaý dogrusynda maglumat bermegini haýyş edip, welaýat onkologiýa hassahanasynyň endoskopist lukmany Jora Nuryýewe ýüz tutduk. — Jora Çaryýewiç, ilki bilen söhbedimize öt haltasynyň keselleriniň öňüni almak baradaky maslahatlar bilen girişäýeliň!

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Saglyk tapylgysyz bagtdyr

Uzak ýaşamagyň, bagtly ömrüň özeninde, elbetde, ilki bilen, jan saglygymyz bardyr. Şol sebäpden saglygymyz ýaşaýşymyzda esasy zerurlyklaryň biri bolup, ony gorap saklamak her birimiziň öz elimizde. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegimiz ilkinji zerurlykdyr. Ýurdumyzyň ähli ýerinde ynsan saglygynyň goraglylygyny gazanmak maksady bilen saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan ýerlerde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Biz — lukmanlar bu işlere ýygy-ýygydan gatnaşyp, watandaşlarymyza saglyk bilen bagly maslahatlary berýäris. Hormatly Prezidentimiziň lukmanlara bildirýän ilkinji talaplarynyň biri hem ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri we olaryň zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak. Lukmanlar diňe bir saglygy dikeltmekde däl, eýsem, ony goramakda hem adamlara ýakyn ýardamçy bolmaly. Munda lukmanyň netijeli işi bilen deň hatarda degerli maslahatlary gerek.

Semzek we onuň peýdasy

Halkymyz gadymy döwürlerden bäri semzegi hem iýmit, hem-de melhem hökmünde peýdalanyp gelipdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin maglumat berilýär. Semzek süýri, galyň ýaprakly, ýogyn, etlek baldaklary gyzylymtyl reňkli bolup, dikligine ösýän örän peýdaly ösümlikdir. Ony çig ýa-da bişirip iýip bolýar. Çig iýlende, ýokumy has-da peýdaly bolýar. Semzegiň düzümindäki demir we mis minerallary gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Bulardan başga-da, düzümindäki mis we demir saçyň çalt ösmegine ýardam edýär. Ata-babalarymyz halk lukmançylygynda semzegi içegeleri we ondaky ýaralary bitirmekde hem-de babasyl keselinde yzygiderli ulanypdyrlar. Ondaky A ýokum iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Semzegiň düzümi A we C ýokumlaryna hem-de antioksidantlara baýdygy sebäpli öýken, düwnük keselleriniň öňüni almaga ukyplydyr.

Saglygymyz öz elimizde

Mähriban ildeşler, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine pugta eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Güýzüň şypaly nygmatlary

Aslynda, güýz pasly ýokumlaryň we ýokumly maddalaryň pasly diýsegem boljak. Bu pasyl ynsan saglygyna zerur ýokumlary özlerinde saklaýan örän peýdaly miweleri we bakja önümlerini eçilýär. Güýz paslynyň miweleri diýlende, ilki bilen, göz öňüňde, nar, behi, kädi ýaly miwelerdir bakja önümleri janlanýar. Nara bolsa ýöne ýere «Miweleriň şasy» diýilmeýär. Ol ýokarda hem belleýşimiz ýaly, düzüminde ynsan saglygyna peýdaly maddalary we ýokumlaryň örän kän mukdaryny saklaýar. Naryň ýokumlylygy düzüminde aminokislota, foliý turşusy, demir, tanin, marganes, natriý, kaliý, kletçatka ýaly peýdaly maddalary jemleýändigi bilen baglydyr. Nar degna we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işleýşini gowulandyrmaga, ýüregagyrynyň howpuny azaltmaga ýardam edýär. Naryň ýene bir artykmaçlygy bedenden toksinleri aýyrmagydyr.

Peýdaly maslahatlar

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglygymyzy goramak öz elimizde

♦Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýniň. ♦Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň, zyýanly endiklerden daşda duruň.

Sep­git we sag­lyk

Ys­sy gün­le­riň öz or­nu­ny ýu­waş-ýu­waş­dan güý­züň sal­kyn­jak, çig­rek­li gün­le­ri­ne ber­me­gi te­bi­gy ka­nu­na­la­ýyk­lykdyr. Mah­la­sy tom­suň ýe­ri­ne güý­züň gel­me­gi bi­len di­ňe bir te­bi­gat­da däl, eý­sem, yn­san be­de­nin­de-de sal­kyn ho­wa uý­gun­laş­ma ýag­da­ýy bo­lup geç­ýär. Şo­nuň üçin be­de­niň sep­git­de ýü­ze çy­kyp bi­läý­jek ýo­kanç ke­sel­le­re, dü­me­we gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, sag­ly­gy­my­zy go­ra­mak üçin bi­ziň luk­man­la­ry­myz pas­la gö­rä ge­ýin­me­gi, aşa so­wuk iç­gi­le­ri iç­mek­den sak­lan­ma­gy, der­man­lyk ösüm­lik­ler­den taý­ýar­la­nan çaý­la­ry iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Şeý­le hem her gün ka­bul ed­ýän iý­mi­ti­ňi­ziň dü­zü­min­de ter gök önüm­le­riň, mi­we­le­riň köp­räk bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly.

Sepgitde ünsli bolmaly

Tomus pasly tamamlanyp, güýz möwsümi öz hökümini ýöredip başlady. Pasyllaryň arasyndaky sepgitde howanyň çalyşmagy, durumynyň üýtgemegi bilen, oňa uýgunlaşmak biraz wagty talap edýär. Her pasylda bolşy ýaly, güýz paslynyň şu günlerinde hem adamlar saglyk ýagdaýyna dykgatly çemeleşmelidirler. Şol sebäpden möwsümiň ilkinji günlerinden bedeniň kesellere garşy goranyjylyk ukybyny güýçlendirmeli, bedeniňi taplamaly, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Şeýle-de dogry iýmitlenmegiň hem peýdasy uly bolup, bedeniň witaminler, ýokumly serişdeler bilen üpjün bolmagyny gazanmaly. Sepgitde hroniki ýarawsyzlygy, allergiýasy hem-de immuniteti pes bolan adamlar, ýaşulular howanyň durumyna öwrenişmeli bolýar. Şu pursatlarda olar lukmanyň gözegçiligi astynda bolup, hünärmenleriň degerli maslahatlaryna eýermelidirler. Günüňi meýilleşdirişiňe görä, wagtly-wagtynda iýmitlenmek, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, arassa howada gezmek, rahat uklamak sagdynlygyň esasy şertleriniň biridir. Pasyllaryň çalsygyndaky sepgitde dümewden goranmak üçin pasyllara görä geýinmek hem möhümdir.

Eziz ildeşler!

Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmekligi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaklygy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlary iýmegi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris. Bu düzgünleri berk berjaý etseňiz ýylyň islendik paslynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz.

Suwy tenekardyr, palçygy melhem

«Daşoguz» şypahanasy dynç alýanlaryň iň arzyly mesgenine öwrülýär Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny berkitmekde hem-de raýatlarymyzyň ählitaraplaýyn dynç almagyny guramakda ýerlerdäki şypahanalaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýerleşýän 200 orunlyk döwrebap «Daşoguz» şypahanasy hem bu günki günde halkymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu şypahana Gahryman Arkadagymyzyň 2014-nji ýylyň tomsunda welaýata eden iş saparynyň çäklerinde hut özüniň ak pata bermegi bilen halkymyza sowgat eden ajaýyp desgalarynyň biridir. Şol taryhy günden bäri bolsa bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelýän ildeşlerimiziň müňlerçesi öz saglygyny dikeltmäge hem-de ýokary derejede dynç almaga mümkinçilik aldylar. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň hem bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Ynsan saglygynyň aladasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şypahana ulgamynyň düzümleriniň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalaryň gurulmagy, ozaldan hereket edýän şypahanalaryň durkunyň täzelenmegi hem şaýatlyk edýär. Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynyň täze binasyny gurmak we öňki binalarynyň durkuny täzelemek ugrunda edilýän tagallalar has-da guwandyrýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Arçman” şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy diýseň guwandyryjy waka öwrüldi.

«Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan bu-run...»

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli.

Tä­ze ha­ryt­la­ryň önüm­çi­lik tap­gy­ry

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­dan ugur alyp hem-de ýur­du­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­ny eko­lo­gik taý­dan aras­sa, hil ba­bat­da hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän, ýer­li çig mal­lar­dan ön­dü­ril­ýän luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň bu se­riş­de­le­re bo­lan ze­rur­lyk­la­ry­ny ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Ar­ka­dag şä­he­rin­de luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň önüm­çi­lik top­lum­la­ry­ny dö­ret­mek kon­sep­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy dö­re­dil­di.

Limonyň peýdasy

Limon adamyň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny has-da berkidýär. Häzirki günlerde wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir. Limony ary balyna garyp iýmek üsgülewügiň bire-bir emidir.

Baş baýlygyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys» diýen sözleri döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen işlenip düzülen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilmegi üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň binýady bolup durýar. Bu maksatnama laýyklykda, ulgamyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ulgama ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem uly öňegidişlikler gazanyldy.