Tejenli ýaş pälwanlar güýç synanyşdylar
«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde türkmen milli göreşi boýunça geçirilýän ýaryşlaryň etrap tapgyrlary ruhubelentlige eýe bolýar. Munuň şeýledigini ýaryşyň Tejen etrap tapgyry hem subut etdi. Etrapdaky 42-nji orta mekdebiň sport zalynda geçen ýaryşa etrabyň çägindäi umumybilim berýän mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy. Okuwçy oglanlar degişli agram derejeleri boýunça ussatlygyny görkezdiler. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan ýaryşyň netijesinde 40 kilogram agram derejesinde etrapdaky 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Baýrammyrat Atamyradow, 45 kilogram agram derejesinde şol mekdepden Sähetmmyrat Atamyradow, 48 kilogram agram derejesinde 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Mälikberdi Gurbandurdyýew, 52 kilogram agram derejesinde 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Atageldi Atageldiýew, 57 kilogram agram derejesinde 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Serdar Baýymow, 62 kilogram agram derejesinde 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Gadyrgeldi Saparow, 68 kilogram agramda 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Azat Durdygulyýew, 74 kilogram agramda 20-nji orta mekdebiň okuwçysy Pälwan Rejebow üstün çykdy. Agzalan ýaş pälwanlar ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar.