"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sport ulgamy hem uly üstünliklere beslendi. Sport, munuň özi diňe bir beden kämilligi bolman, eýsem, erkinligiň hem-de öz-özüňi ykrar etmegiň baş şerti bolup durýar. Sport häzirki döwürde jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ildeşlerimiziň aglaba bölegi, aýratyn hem, ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýarlar. Bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi döwletiň hem-de jemgyýetiň sazlaşygyny, tagallalaryň utgaşmagyny emele getirýär. Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk çäreler babatda beýleki döwletlere görelde bolýar. Onuň şeýledigini welosipedçileriň halkara birleşiginiň 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermegi ýurdumyza bildirilýän ýokary ynamyň we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän sport syýasatynyň uly üstünliginiň subutnamasydyr. Ýurdumyzda sport çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolmak üçin edýän erjel hereketlerine güýç-kuwwat berýär. Bu ugurda amal edilýän beýik işleriň düýp özeninde hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramak, ýaş nesliň beden taýdan sag

Futbol habarlary

Maradonanyň ady stadiona dakyldy Italiýanyň Neapol şäheriniň futbol topary «Napoli» klubunyň öz duşuşyklaryny geçirýän «San Paolo» stadionynyň ady täzeden ebedileşdirildi. Stadion indi geçen ýylyň noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykan Diego Armando Maradonanyň adyny göterer. Bu barada şäheriň meri Luiji De Magistris: «Neapol şäheri Maradonany ägirt zehini, ukyby bilen 7 ýyllap çykyş eden «Napoli» toparyna «Serie A-da» 2 çempionlyk we beýleki abraýly kuboklar gazandyran ähli döwürleriň iň uly futbolçysy hökmünde hemişe ýatlar» diýip çykyş etdi. Argentinaly futbolçy Maradona 1984 — 1991-nji ýyllar aralygynda «Napoli» toparynda çykyş edipdi. Maradonadan ozal adaty toparlaryň biri hökmünde görülýän «Napoli» kluby onuň çykyş edýän döwürlerinde «Serie A-da» 2 gezek çempionlyk gazandy. Şol sanda klub onuň oýnan döwürlerinde UEFA Kubogyna, Italiýanyň Kubogyna hem-de Italiýanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp bolýar.

Ýaş türgeniň üstünligi

Golaýda ýylyň ýeňil atletikaçylary baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. Bütindünýä ýeňil atletika bileleşigi (WA) 2020-nji ýylyň erkek ýeňil atletikaçysy diýip şwesiýaly Armand Duplantisi saýlady. Zenanlaryň arasynda bolsa wenesuelaly Ýulimar Rohas bu derejä mynasyp boldy. Syrykly bökmegiň täze ýyldyzy Duplantis 2020-nji ýylda birnäçe dünýä rekordyny goýdy. Ol ýapyk desgalarda geçirilen ýaryşlarda bir hepdäniň dowamynda dünýä rekordyny 2 gezek täzelemegi başardy. Duplantis ilki 6,17 metre böküp fransiýaly Reno Lawilleniň, soňra 6,18 metr beýge böküp, öz rekordyny täzeledi. Şeýle-de, ol adaty meýdançalarda ukrainaly ýeňil atletikaçy Sergeý Bubkanyň 26 ýyllyk rekordyny (6,14 metr) hem 6,15 metrlik görkeziji bilen öz adyna geçirdi. 21 ýaşyndaky Duplantis ýylyň ýeňil atletikaçysy diýlip saýlanan iň ýaş türgen boldy. Zenanlaryň arasynda bu hormata laýyk görlen Ýulimar Rohas hem ýapyk desgalarda üçürdikläp bökmekde dünýä rekordyny täzeläpdi. Wenesuelaly ýeňil atletikaçy 15,43 metre böküp, rekordyň täze eýesi boldy. 25 ýaşly Rohas 2016-njy ýylda Rio Olimpiadasynda kümüş medal gazanypdy. Rohas hem edil Duplantis ýaly bu derejä ilkinji gezek mynasyp boldy.

Ussadyň ilkinji çempionlygy

Sportuň özboluşly görnüşleriniň biri bolan darts boýunça Londonda geçirilen 28-nji Dünýä çempionatynda uelsli Gerwin Praýs çempion boldy. 35 ýaşly türgen finalda şotlandiýaly Garri Anderson bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşykda 7:3 hasabynda ýeňiş gazanan Praýs ilkinji sapar dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Praýs geçen ýylda dünýä «Gran Pri» bäsleşiklerinde hem çempionlyk gazanypdy. Ol şol birwagtyň özünde «World Series Final» ýaryşynda hem çempion bolupdy.

Dakar Rallisine badalga berildi

Dünýäniň iň kynçylykly awtoulag ýaryşy hasaplanýan Dakar Rallisi 3-nji ýanwarda badalga aldy. Saud Arabystany döwletinde geçirilýän ýaryşlara jemi 322 sürüji gatnaşýar. Şol sürüjileriň 67-si ýeňil ulag sürüjisi, 108-si motosikl sürüjisi, 44-si ýük ulagy sürüjileridir. Şeýle-de, 21 kwadrasiklçi hem-de 58 UTV görnüşli ulaglaryň sürüjileri-de 43-nji Dakar Rallisinde çykyş edýär. Ýaryşlar jemi 12 tapgyr bolup, ol 14 günde başlanan ýeri Jidda şäherinde 15-nji ýanwarda tamamlanar.

«Ata kesbi ogla halal»

«Formula 1-iň» ady rowaýata öwrülen sürüjisi, germaniýaly Mihael Şumaheriň ogly Mik Şumaher hem kakasynyň ýoluny dowam etdirýär. 2019-njy ýylda «Formula 3-de», 2020-nji ýylda-da «Formula 2-de» çempionlyk gazanan Mik Şumaher täze möwsümde «Formula 1-de» çykyş eder. 21 ýaşly Mik Şumaher täze möwsümde «Formula 1-iň» «Haas» toparynyň sürüjisi bolar. «Haas» topary Mik Şumaherden başga-da toparyň beýleki sürüjisi hökmünde-de russiýaly Nikita Mazepin bilen şertnama baglaşdy. Topar geçen möwsümde çykyş eden sürüjileri Kewin Magnusson hem-de Roman Grožan bilen ýoluny aýyrdy. «Formula 1-de» täze möwsüme 21-nji martda Awstraliýa «Gran Prisi» bilen badalga berler.

Iň ýokary utuk

Amerikanyň Milli basketbol ligasynda (NBA) «Golden Steýt Warriors» topary öz meýdançasynda «Portlend Treýl Bleýzersden» toparyny 137:122 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda «Golden Steýt Warriorsyň» ýyldyzy Stefen Körri toparynyň ýeňiş gazanmagyna uly goşant goşdy. Ol toparynyň gazanan 137 utugynyň 62-sini öz adyna ýazdyrmagy başardy. Bu onuň iň ýokary görkezijisi boldy. Ol mundan ozal 54 utuk bilen bir duşuşygy tamamlapdy. Şeýle-de, 62 utuklyk görkeziji «Golden Steýt Warriors» toparynyň basketbolçylarynyň arasynda soňky 47 ýylda gazanylan iň ýokary utuk hökmünde hasaba alyndy.

Melhemler mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzy ösdürmegiň in zerur ugurlarynyň biri hökmünde ýurtda saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, onuň maddy binýadyny döwrebap derejede pugtalandyrmaga, bu ugurda degişli hünärmenleriň taýýarlygyny dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen saglyk syýasatyny aýratyn uly orunda goýýar. Döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygyny gorap saklamak ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýa-da «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen halk pähimlerine eýerýär we bu parasatly pähimleriň hakyky mazmunyny iş ýüzünde amal edýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda ulanmaga berlen hem-de gurulýan lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlaryna laýyk gelýän, dünýäniň iň kämil, iň täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan keselleri anyklaýyş merkezleri, Saglyk öýleri, şypahanalar, bedenterbiýe we sagaldyş merkezleri, suw çüwdürimleri, stadionlar, sport toplumlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy aňryýany bilen subut edýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny berkitmekde tebigy serişdeleri giňden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Ilki bilen bu ugurda Gahryman Prezidentimiziň köp ýyllyk ylmy gözlegleriniň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserini agzamak ýerliklidir.

Parahatçylygyň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny ýola goýmak wezipelerini döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwürdi. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerini bu gün ýaşlarymyz mynasyp dowam edýärler. Munuň özi berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem türkmen sportuny hemmetaraplaýyn ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamy ýaramaz endiklerden saplaýar. Sazlaşykly ösüşiň esasy bolan beýik ahlak we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy üpjün edýär.

Ezberlere — ýeňiş hemra

Golaýda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda badminton boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň badminton federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu ýaryşa türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. Üç günläp dowam eden ýaryşda türgenler jübütleýin hem-de şahsy görnüşde bäsleşdiler. Zenanlaryň arasynda lebaply Rozygül Jumaniýazowa has şowly çykyş etdi. Ol jübütleýin görnüşde Ýana Sarkisýan bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Şahsy görnüşde-de Rozygül ikinji orny eýeläp, kümüş medal gazandy.

Sport syýasatynyň gadamlary

Aýdyň ýol Bagtyýarlyk zamanamyzyň ýyllarynda Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Gahryman Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleridir sport desgalary ýaşlaryň gelim- -gidimli ýerine öwrüldi. Indi şol sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň uly topary sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler.

Milli oýunlarymyzyň halkara gadamy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda milli sport oýunlaryny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden milli sport oýunlarymyz bilen bagly wekiller gatnaşdy. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň başlygy Şöhratguly Myratgulyýew milli oýunlaryň halkara derejede ýeten sepgitleri barada çykyş etdi. Hususan-da, geçen 2020-nji ýylyň başynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň III halkara maslahatyna gatnaşyjy hökmünde Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlaryna türkmen milli oýunlarynyň hem birnäçesini girizmek bilen bagly meselä seredilendigini ýatlatdy. Bu mesele boýunça gutarnykly karar 2021-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek IV halkara maslahatda kabul ediler. Ýöne meşhurlygy ýyl-ýyldan artýan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlarynda sadranç, takylatdy, peçiz, düzzüm we bäşdaş ýaly milli oýunlarymyzy görüp bileris.