"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Sambonyň taryhyndan

1921-nji ýylda öňden bar bolan emellerden düzülen göreşiň täze görnüşiniň binýady tutulyp, sambo göreşinde ulanylýan emelleriň ulgamy emele getirilýär. 1927-nji ýylda Wiktor Spiridonowyň sambonyň esasy ýörelgelerini beýan edýän kitaby neşir edilýär.

Haýsysynyň janköýeri köp?

Häzirki wagtda dünýäde sportuň meşhur görnüşleriniň haýsylardygyny, ýagny haýsy görnüşleriniň janköýerleriniň has köpdügini, umuman, çaklaýan bolsaňyz gerek. Geçirilen ýörite barlaglaryň netijesinde «www.worldatlas.сom» internet saýty tarapyndan taýýarlanan özboluşly sanawa ser salsaňyz, muňa has anyk göz ýetirip bilersiňiz. Şeýlelikde, Ýer ýüzünde janköýerleriniň sany boýunça öňdäki 10 sport görnüşi aşakdakylardan ybarat:

Iň gymmat tutluşyk

2015-nji ýylyň 3-nji maýynda amerikaly Floýd Meýwezer bilen Filippinler döwletinden Menni Pakýaonyň arasynda geçirilen tutluşyk boksuň taryhyndaky iň gymmat tutluşyk bolmagynda galýar. Şonda eminleriň biragyzdan gelen netijeleri boýunça Meýwezer ýeňiş gazandy hem-de 120 million dollar baýraga mynasyp boldy. Ýeňlendigine garamazdan, şol tutluşykdan soňra Pakýaonyň baýlygy hem 80 million dollar artdy.

Abraýly ýaryşda çykyş ederler

AFK-nyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň çempionlygyny hem-de Kubogyny eýelän Aşgabadyň «Altyn Asyry» «F» toparçada Täjigistanyň çempionatynda kümüş medaly gazanan «Hojand», Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji orny eýelemek bilen jemlän «Alaý», Özbegistanyň çempionatynda bürünç medalyň eýesi bolan AGMK ýa-da bu ýurduň wise-çempiony «Nasaf» toparlary bilen güýç synanyşar. Sebäbi AGMK Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşar hem-de yklymyň bu abraýly ýaryşynyň toparçasyna düşen ýagdaýynda onuň AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşikdäki ornuny «Nasaf» eýelär. Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynda ikinji orna eýe bolan Ahal welaýatynyň «Ahal» topary «E» toparçada Täjigistanyň Kubogynyň eýesi «Rawşan» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» toparlarynyň garşydaşy bolar.

Ýeňişli ýollara badalga

Şol gün etrapdaky Dostluk bagynyň meýdançasynyň daş-töweregi toý lybasyna beslenipdi. Güneşiň çogy, howanyň hoştaplygy bu ýere üýşen adamlaryň meňzine mähir, kalbyna şatlyk çaýýardy. Meýdançanyň bir ýerinde sungat ussatlarynyň aýdymdyr sazlarynyň owazy alyslara ýaň salsa, ýene bir ýerinde wäşileriň gülküli degişme sahnalary mähelläniň göwnüni göterýärdi. Doganlar Guwançdyr Batyr hem deň-duşlary bilen bilelikde bu ýere gelipdiler. Türkmen milli oýunlarynyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilip duran ýerindäki şowhunly sesler olaryň ünsüni özüne çekdi. Daş-töweregi dürli ýaşdaky adamlar bilen gurşalan meýdançanyň ortasynda pälwanlar öz aralarynda erjellik bilen güýç synanyşýardylar. Ýeňiş gazanan pälwanlar mynasyp baýraklar bilen sylaglanylýardy. Tälimçi şol wagt ýetginjeklerden göreşe höwes bildirýänleri bar bolsa, meýdança gelmegini teklip etdi. Guwanç deň-duşlarynyň arasynda güýjüni synap görmek üçin ilkinjileriň biri bolup meýdança çykypdy. Şol gün garşydaşyny ýeňmegi başaran ýaş ýigidi tomaşaçylaryň «Berekella, pälwan ýigit, berekella!» diýip, şowhun bilen garşylamagy diýseň ruhlandyrypdy. Guwanja bu ýeňşi üçin ýadygärlik sowgady hem gowşurylypdy. Şeýdibem ol sportuň bu görnüşine imrinip gidipdi. Ol Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebine gatnap, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, türkmen milli göreşi boýunça sport ussady, mekdebiň halypa tälimçisi Narmämet Gur

Welosportçynyň sport iýmiti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda sport ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi sportuň dürli görnüşleriniň hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesiniň ilatyň, ylaýta-da ýaş nesliň gündelik durmuşyna has içgin aralaşmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welosiped sporty türkmenistanly sport söýüjileriň uly gyzyklanmasyna mynasyp boldy. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Üstümizdäki ýylda paýtagtymyzda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meýilleşdirilmegi welosport söýüjiler hem-de janköýerler üçin ajaýyp sowgat bolar. Sportuň welosiped sürmek görnüşi adamyň ýaşaýşynda saglygyny dikeltmekde, ömrüni uzaltmakda we dürli keselleriň öňüni almakda wajyp orny eýeleýär. Çünki welosport adamyň ukusyny kadalaşdyrýar, ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň keselleriniň öňüni alýar, iýmit siňdiriş ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, myşsalaryň tonusyny we gözüň görüjiligini ýokarlandyrýar, adamyň hüşgärligini artdyrýar.

Aşgabat — halkara sport ýaryşlarynyň mekany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Mähriban halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň öňe süren başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde dünýäde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

Sport syýasatynyň gadamlary

Ruhubelentligiň çeşmesi Täze taryhy eýýamyň başyny başlamak bilen, Arkadag Prezidentimiz ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine gönükdirilen giň göwrümli işlere badalga berdi. Ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmekde wagyz-nesihat işleri giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we dürli sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi. Olar ýaşlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülip, bu günki günde türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda şowly çykyş edýärler. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň sport abraýyny belende göterýärler. Bu aýdýanlarymyza 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaram, “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli hem doly şaýatlyk edýär.

Sport äleminiň Ýyldyzy

Dünýä derejesindäki at-abraýy ýyl-ýyldan belende galýan eziz Watanymyzda mähriban Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle atalyk aladalaryna jogap edip, halkara derejesinde geçirilýän dürli ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelemek arkaly öz sagbolsunlaryny ýetirýärler. Şeýle ýaşlaryň biri hem 1998-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda doglan Ýulduz Jumabaýewadyr. Ýulduz heniz kiçijik wagty özi bilen deň gyzjagazlardan güýçlüligi we çydamlylygy bilen tapawutlanyp, önüp-ösen ýerlerinde woleýbolçy gyzlaryň arasynda top oýnap, olardan hem çeýelik, çakganlyk babatynda güýçlüräk gelýän eken. On bir ýaşyna ýeten gyzjagyň sportda üstünlik gazanyp biljekdigine göz ýetiren ene-atasy Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi hem-de Ýulduzyň daýysy Zeripbaý Kerimbaýewe ýüz tutupdyrlar. Sporta nähili başlandygy barada gürrüň bermegini haýyş edenimizde Ýulduz çagalygyny ýatlap, şeýle jogap berdi:

Türkmen gyzy — dünýä cempiony!

Agyr atletika boýunça men diýen türgenleriň ençemesini ýetişdiren tälimçi Zeripbaý Kerimbaýewiň ýegençesi bolsa-da, mundan 15 ýyla golaý ozal Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 51-nji orta mekdebinde okap ýören Ýulduzuň geljek üçin başga-başga maksatlary bardy. Belki, beýleki synpdaş joralary ýaly ol hem geljekde özüni lukman, mugallym, terbiýeçi, gözellik salonynyň işgäri... hökmünde göz öňüne getirendir. Onda türgen, onda-da agyr atletika boýunça türgen bolaryn diýen pikir ýokdy. Hemmeler ýaly Ýulduzam agyr atletika diňe berdaşly türgenleriň sporty hökmünde garaýardy. Synpdaşlarynyň arasynda iň soňkularyň biri bolup hatara durýan Ýulduzda, belki, şol mahal hiç kim geljekki agyr atletikaçyny gören däldir. «Ol dünýä çempiony bolup biler» diýen pikir-ä adamlaryň ýele ýanyndan hem geçen däldir. Muny diňe Ýulduz ýaňy 10—11 ýaşly gyzjagazka daýysy Zeripbaý aga gördi. Görmesine gördem welin, oňa aýal dogany Eminäni — Ýulduzuň ejesini razy etmek birbada ýeňil düşmedi. Munuň sebäbi hem Zeripbaý agadan başgalaryň ählisiniň bolşy ýaly, Ýulduzuň hut öz ejesiniň hem ony geljekki agyr atletikaçy hökmünde görüp bilmänligidir. Her niçik hem bolsa arkasynda dag bolup duran doganynyň yhlasyna we güýç-kuwwatyna belet ene ahyrsoňy yryldy. Şeýdibem, bu günki dünýä çempiony mundan 10—12 ýyl ozal ilkinji gezek türgenleşik zalyna geldi. Ähli menziller ilkinji ädimden başlanýar.

Turnikli maşklaryň saglyga peýdasy

Turnikli bedenterbiýe hemmeleriň bilýän, şeýle hem iň elýeterli maşklar toplumydyr. Turnik köp sanly saglyk meselelerini çözmek we ajaýyp beden rahatlygyny üpjün etmek üçin gymmatly enjamdyr.Turnikde sport bilen meşgullanmaga garşy görkezmeler şulardyr:

Osteoporozda ýerine ýetirilýän maşklar

Osteoporoz keselinde ýörite niýetlenen maşklary ýerine ýetirmek örän peýdaly. Sebäbi fiziki maşklaryň dogry ýerine ýetirilmegi netijesinde myşsalar işjeňleşýär we süňk dokumalarynyň iýmitlenişi ýokarlanýar. Mundan başga-da şeýle bejeriş usuly geçirilýän bejerginiň täsirini ýokarlandyrýar. Hepdede birnäçe gezek 30 minutlap yzygiderli ýerine ýetirilen maşklar, süňküň agramynyň ýokarlanmagyna we keseliň ösüşiniň öňüni almaga ýardam edýär. Maşklary ýerine ýetirmäge islendik ýaşda-da başlap bolýar. Ýöne maşklar ýerine ýetirilende esasy zat gowşak süňk ulgamyna agram düşürmejek bolmaly we myşsalary işjeňleşdirjek amatly maşklary saýlap almaly. Osteoporozda bejeriş-bedenterbiýäniň iň esasy ýörelgesi — maşklary agyrysyz ýerine ýetirmek.

Türkmen sporty dünýä ýaýylýar

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda şeýle at bilen welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdik. «Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýaş nesliň saglygyny goramak döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň birine öwrüldi. Ýaşlaryň ýurdumyzda bolup geçýän ösüş-özgerişlere mynasyp goşantlaryny goşmagy, ýaramaz endiklerden daşda durup, sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän şert-mümkinçiliklere nazar aýlanyňda, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň rowaçlyklara beslenýändigine göz ýetirýärsiň» diýip, çykyş edenler bellediler. Sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň mekanyna öwrülen ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalary edýän mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle mazmundaky wagyz-nesihat çäreleri welaýat ýörite sungat, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdeplerinde hem geçirildi.

Halkara ýaryşlara taýýarlyk görülýär

Ilkinji gezek görýän adam üçin Welotrek sport toplumyndaky kert gaýalaryň aşaklygyna inýän ýollaryny ýada salýan aýlawly wiražlar, polotnolar täsin bolsa gerek. Deňagramlylygy saklamak, eňňitleýin welosiped sürmek, welotrek görnüşlerini ulanmak, hakykatdan-da, ussatlygy talap edýär. Şu günler Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Welosport federasiýasy hem-de Welosipedçileriň halkara bileleşigi (UCI) bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 13 — 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna ykjam taýýarlyk görülýär. Toplumdaky türgenleriň welosipedlere ussatlyk bilen erk edişlerini, aşakdan ýokarlygyna ýa-da ýokardan aşaklygyna, welotrek sportunyň lezzetinden ruhlanyp, çalasynlyk bilen hereket edýän türgenleri göreniňde, ýeňşe bolan ynamyň artýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň gurduran Olimpiýa şäherçesi häzirki wagtda dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Dag howasynyň ruhlandyryjy täsiri astynda geçýän türgenleşikler örän peýdaly. Şular bilen bir hatarda, türgenleşik döwründe ýygyndy toparymyzy tejribe toplamak üçin daşary ýurtlara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna, halkara ýaryşlara ibermek meýilleşdirilýär.

Tälimçiniň ilkinji şowly gadamlary

Fransiýanyň çempionatynda «Nant» topary 69 ýaşly tälimçisi Raýmond Domenegi wezipesinden boşatdy. Tejribeli tälimçi geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrlarynda wezipä bellenipdi. Ol 8 oýunda toparyna ýeke gezek hem ýeňiş gazandyryp bilmedi. «Nant» onuň ýolbaşçylygynda 4 oýunda deňme-deň oýnap, 4 duşuşykda-da ýeňlişe sezewar boldy. 2004 — 2010-njy ýyllarda Fransiýanyň ýygyndysyna tälim beren Domenek «Nant» bilen şertnama baglaşýança 10 ýyllap ýeke topara-da tälimçilik etmändi. Domenegiň ornuna «Nantyň» täze tälimçisi Antuan Kumbuare boldy. Kumbuare bolsa «Nant» toparyndaky ilkinji duşuşygynda «Anže» toparyny myhmançylykda 3:1 hasabynda ýeňmegi başardy.

«Bawariýa» öňdeligi eýeleýär

Germaniýanyň çempionaty «Bundesliganyň» öňdebaryjysy «Bawariýa» topary 2-nji basgançakda barýan «Leipsig» toparynyň fransiýaly goragçysy Daýo Upamekanony transfer etdi. 22 ýaşly oýunçy şu ýylyň 1-nji iýunynda täze toparynyň düzümine goşular. Upamekanonyň transferi üçin «Bawariýa» topary oýunçynyň «Leipsig» bilen şertnamasyna esaslanyp, onuň ozalky toparyna 42,5 million ýewro berer. «Bawariýa» ýaş goragçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Upamekano 2017-nji ýylda «Red Bull Salsburg» toparyndan «Leipsige» geçipdi. Ol bu klubda 139 oýunda 4 gezek tapawutlanmagy başardy. Şeýle-de, möwsümiň ahyrynda awstriýaly goragçy Dawid Alaba «Bawariýa» bilen şertnamasynyň tamamlanýandygy üçin başga topara geçer. Ol mýunhenliler bilen şertnamasyny uzaltmakdan ýüz öwrüpdi.

«Barselonanyň» 26-njy kubogy

Basketbol boýunça Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň finalynda «El Klasiko» duşuşygy oýnaldy. Ýagny, Madrid şäherindäki «WiZink Center Sport» arenada «Barselona» bilen «Real Madrid» toparlary güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda «Barselona» 52:31 hasabynda öňe saýlandy. 2-nji ýarymda-da üstünlikli çykyşyny dowam etdiren «Barselona» garşydaşyny 88:73 hasabynda ýeňip, Ispaniýanyň Şa Kubogyny 26-njy gezek eýelemegi başardy. Bu ýeňişden soň «Barselona» kubogy iň köp gazanan «Real Madrid» (28 gezek) bilen arasyndaky tapawudy 2-ä düşürdi. Duşuşykda toparynyň ýeňiş gazanmagyna 20 utuklyk goşant goşan Kori Higgings final oýnunyň iň ökde basketbolçysy diýlip saýlandy.

Lyžaly bäsleşikler tamamlandy

Finlýandiýanyň Wuokatti we Lahti şäherlerinde lyžaly typmak boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty (FIS Nordic Junior World Ski Championship) geçirildi. Bir hepdä golaý wagt dowam eden çempionatda bäsleşikleriň 20-si guraldy. Erkekleriň arasyndaky sprint nusgawy ýaryşynda finlýandiýaly Niilo Moilanen, zenanlardan polşaly Monika Skinder ýeňiş gazandy. Erkekleriň arasynda geçirilen 10 kilometre erkin typmakda norwegiýaly Martin Kirkeberg Mork ýeňiji boldy. 30 kilometrlik mass-start bäsleşiginde pellehana ilkinji bolup, russiýaly Aleksandr Iwişin gelmegi başardy. 4x5 kilometr estafeta toparlaýyn ýaryşda-da norwegiýaly lyžaçylar öňe saýlandy. Zenanlaryň arasyndaky 5 kilometrlik erkin typmak boýunça ýaryşda russiýaly türgen Weronika Stepanowa taý tapylmady. Ol bu ugurda watandaşy Ýewgeniýa Krupiskaýany hem-de norwegiýaly Margrete Berganeni yzda galdyrdy. 15 kilometrlik mass-start ýaryşynda norwegiýaly Margrete Bergane altyn medala mynasyp boldy. 4x3,3 kilometr estafeta toparlaýyn bäsleşikde bolsa şwesiýaly gyzlar 1-nji, russiýaly gyzlar 2-nji, norwegiýaly gyzlar 3-nji ýeri eýeledi.

Nobatdaky möwsüme badalga berildi

Ýaryşda 200 aýlawy öňürti tamamlan. Dünýäde iň köp tomaşa edilýän awtoulag bäsleşigi bolan NASKAR ýaryşlarynyň täze möwsümine badalga berildi. Her ýylda bolşy ýaly, Florida ştatynyň Daýtona Biç şäherinde geçirilýän möwsümiň ilkinji ýaryşy bu gezek hem çekeleşikli we dartgynly häsiýeti bilen tapawutlandy. Ýaryşda 200 aýlawy öňürti tamamlan «Front Row Motorsports» toparynyň sürüjisi Maýkl Makdowell ýeňiş gazandy. Ol «Ford» kysymly ulagy bilen ýeňiş gazanyp, «Chevrolet» kysymly ulaglaryň sürüjileri Çeýsi Elliotdan («Hendrick Motorsports» topary) hem-de Ostin Dillondan («Richard Childress Racing») öňe saýlandy. 73-nji möwsümine badalga berlen NASKAR ýaryşynda 2-nji bäsleşik 21-nji fewralda ýene-de Daýtona Biç şäherinde geçiriler.

Marokko Afrikanyň çempiony

Kamerunda geçirilen futbol boýunça Afrikanyň Milletler çempionatynda Marokkonyň ýygyndysy çempion boldy. Marokkolylar finalda Maliniň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Marokkonyň ýygyndysyna ýeňiş getiren pökgüleri 68-nji minutda Bouftini, 79-njy minutda El Kaabi derwezä girizdi. Bu Marokkonyň ýygyndysynyň 6-njy gezek geçirilýän ýaryşdaky 2-nji çempionlygy bolup, olar 2018-nji ýylda özlerinde geçirilen ýaryşda-da kubogy eýeläpdiler. Ýygyndy toparlaryň 16-synyň gatnaşan bu ýaryşynda bürünç medala Gwineýanyň ýygyndysy mynasyp boldy. Gwineýanyň ýygyndysy 3-nji orun üçin oýnalan duşuşykda ýer eýeleri Kamerunyň ýygyndysyny Sylla we Banguranyň pökgüleri bilen 2:0 hasabynda utdy. Ýaryşda 5 gezek tapawutlanan Sofiane Rahimi (Marokko) iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy. Ol şol birwagtyň özünde çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip hem saýlandy.