"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Halkara tennis ýaryşy üstünlikli geçirildi

Paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip, ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy ýokary derejede geçirildi. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.

Türkmen sportunyň şöhratly sahypasy

Paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşy üstünlikli tamamlanyp, 16-njy noýabrda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bu halkara ýaryşa 12 döwletiň, şol sanda Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ýaş tennisçileri gatnaşdylar. Alty günläp dowam eden halkara ýaryş oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýekeleýin hem-de jübütleýin görnüşde geçirildi.

Futbol: çempion ― «Bagtyýarlyk»

Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň Lebap sebitinde çempion boldy. Duşuşyklaryň 12-sinde garşydaş derwezelere 55 pökgi geçirip, öz derwezesinde bary-ýogy 20 gol gören «Bagtyýarlyk» 29 utuk bilen çempionlygyny yglan etdi. Ol iň ýakyn bäsdeşinden 6 utuk öňe saýlanmagy başardy. Ýaryşda ikinji orny ýene-de welaýat merkeziniň «Miras» topary eýeledi. Aslynda, üçünji orundaky «Nesil» bilen ikinji orundaky «Mirasyň» ikisi hem 23 utuk toplady. Ýöne käbir artykmaçlyklara görä, «Mirasa» ikinji, «Nesile» bolsa üçünji orun berildi.

Küşt: birinji liganyň saýlama duşuşyklary geçirildi

Şu aýyň birinji ongünlüginde Türkmenabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasyna saýlama duşuşyklar geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Dänew we Saýat etraplaryndan küştçüler gatnaşdylar. Däp bolşy ýaly, bu ýaryş erkekleriň we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilýär. Ýöne Aziýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, şu ýyl bolsa 16 we 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony bolan Gülmira Seýilhanowa, halkara ýaryşlaryň ençemesiniň çempionlary Mähri Agamyradowa we Jahan Rejebowa dagy ýokary hem-de birinji ligalarda ozaldan oýnap gelýändigi sebäpli erkekleriň arasyndaky ýaryşa gatnaşdyryldy.

Sportuň rowaçlanýan ýurdy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sport ýurdy hökmünde şan-şöhrata eýe bolýar. Berkarar Watanymyzda halkara ähmiýetli iri sport ýaryşlarynyň yzygiderli guralmagy we olaryň üstünlikli geçirilmegi buýsanç bilen şeýle diýmäge esas berýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel we taryhy ýerinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň özi hem soňky sanlyja ýylyň dowamynda iri ýaryşlaryň birnäçesini kabul etdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň noýabr aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi buýsançly wakalaryň birine öwrüldi. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň ondan gowragyndan, şol sanda Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenleriň gatnaşandygyny bellemek juda ýakymly. Ýaş türgenlerimiziň abraýly ýaryşdaky üstünligi bolsa ulus-ilimizi buýsandyrdy.

Türkmen tennisçileri — «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýeňijileri!

16-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.

Akyl-paýhas oýnunyň ýaş ussatlary

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki küşt ýaryşynyň etrap tapgyry geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi, etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşa etrapdaky mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Her toparyň düzümi bir oglan we gyz okuwçydan ybarat boldy. Olar öz aralarynda akyl-paýhas oýny boýunça ussatlygyny görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 11-nji orta mekdebiň topary ikinji, 17-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmen tennisçileri — «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýeňijileri!

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.

Türkmen tennisçileri — «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýeňijileri!

Aşgabat, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy. Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.

Sport — parahatçylygyň ilçisi

Eziz DÖWLETOW,Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy:

Sport — sagdynlyk, ruhubelentlik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesilleriň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, olaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzda sporty we bedenterbiýäni goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, dünýäniň dürli döwletleriniň sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurduň sport ulgamyna ornaşdyrmak, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatda ylmy ösdürmek hem-de beýleki wajyp çäreler esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki ajaýyp döwrümizde üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebit we dünýä derejesindäki iri halkara sport ýaryşlaryny guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä hem-de giň mümkinçiliklere eýedir. Halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýan ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlik

Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

Ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän sport ýaryşlary uly ähmiýete eýedir. Munuň özi eziz Diýarymyzy sport ýurdy hökmünde dünýä tanatmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde, sportda ýokary netijeleri gazanmakda nobatdaky ädime öwrülýär. Çünki sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr, kämilligiň ýoludyr. Paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy hem ýaş türgenlerimiziň özüne bolan ynamyny artdyrýar, olaryň kämilleşmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli ugurlaryny ösdürmek, şonuň bilen bir hatarda, halkyň saglygyny berkitmek esasy ugurlaryň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde uly işler edilýär. Şu günki güne çenli sport boýunça türgenlerimiz dürli derejede geçirilýän ýaryşlarda abraýly orunlara mynasyp bolup gelýärler. Bu bolsa ýaşlaryň sagdyn durmuşda ýaşaýandyklaryny, kämilligi ýörelge edinýändiklerini aýdyň beýan edýär.

«Ashgabat Open 2024» türkmen tennisçileriniň ýeňişlerine beslendi

Geçen hepde Aşgabat şäherinde «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy geçirildi. 12 döwletden 63 türgeni bir ýere jemlän bu ýaryşda türkmen tennisçileri üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, 14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşda Türkmenistana wekilçilik eden Ilima Guseýnowa birinji orny eýelän bolsa, ýene bir ildeşimiz Aýlara Kakabaýewa kümüş medalyň eýesi boldy. Gyzlaryň arasynda ýekelikdäki bürünç medal hem türkmenistanly Sülgün Işangulyýewa nesip etdi. Oglanlaryň arasyndaky ýekelikdäki ýaryşda birinji orny pakistanly Muhammad Hassan Usmani eýeledi. Finalda pakistanly türgenden asgyn gelen ildeşimiz Süleýman Hudaýberdiýew bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Ilkinji üçlügi malaýziýaly Garet Lim Hao Çže jemledi.

Türkmen samboçysy dünýä çempiony boldy

Türkmen samboçylary Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden türgenleriň altysy hormat münberinden orun almagy başardy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary dünýä birinjiliginde 1 sany altyn, 2 sany kümüş we 3 sany bürünç medala eýe boldular. Altyn medala söweş sambosy boýunça 71 kilogram agram derejesinde ýaryşa gatnaşan Muminjan Arzykulow eýe çykdy. Şeýle-de söweş sambosy boýunça 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Bägül Nuryýewa we şol görnüş boýunça 80 kilogramdan ýokary agramda güýjüni synan Sabina Agajanowa kümüş medala mynasyp boldular. Şol bir wagtyň özünde Kambar Umarow sport sambosy boýunça 71 kilograma çenli agram derejesinde, Zarina Abdurahmanowa söweş sambosy boýunça 54 kilograma çenli agram derejesinde we Gülzada Jorakulyýewa söweş sambosy boýunça 72 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandylar.

60 millionlyk söweş

16-njy noýabrda ABŞ-nyň Arlington şäherinde ýakyn geçmişiň meşhur boksçusy Maýk Taýson bilen bloger-boksçy Jeýk Poluň arasyndaky söweş geçirildi. Aýratyn bellemeli tarapy, bu söweş üçin boksçular umumylykda 60 million amerikan dollary möçberinde gonorar aldylar. Şonuň 40 million amerikan dollary Jeýk Pola, 20 million amerikan dollary bolsa Maýk Taýsona degişli. 8 raunda niýetlenilen söweş doly dowam edip, onda Jeýk Pol ýeňiş gazandy. Eminler biragyzdan bloger-boksçynyň ýeňendigini ykrar etdiler.

«UFC 309» turniri geçirildi

Aşgabat wagty bilen düýn irden ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki «Medison Skver Garden» arenasynda «UFC 309» turniri geçirildi. Onuň esasy tutluşygynda agyr agramyň çempiony Jon Jons bu agramyň ozalky çempiony Stipe Mioçiçe garşy oktagona çykdy. Dartgynly geçen söweş 3-nji raundda Jon Jonsuň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Jon Jons özüniň ýeňişleriniň sanyny 28-e ýetirdi. Ol karýerasynyň dowamynda bary-ýogy 1 gezek ýeňlişe sezewar boldy. Stipe Mioçiç bolsa düýn 5-nji gezek ýeňildi. Onuň hasabynda 20 ýeňiş bar. Düýnki ýeňlişden soňra Stipe Mioçiç karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Şeýle-de turniriň ýene bir esasy söweşi ýeňil agramda Çarlz Oliweýra bilen Maýkl Çendleriň arasynda boldy. Onda Çarlz Oliweýra eminleriň biragyzdan gelen netijesi esasynda garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi.

Inýesta özi üçin topar satyn aldy

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we «Barselonanyň» ozalky oýunçysy Andreas Inýesta özüne klub satyn aldy. Has takygy, indiden beýläk onuň «Never Say Never» kompaniýasy Şweýsariýanyň «Stoneweg» kompaniýasy bilen bilelikde Daniýanyň «Helsingor» toparyna eýeçilik eder. Ýeri gelende bellesek, bu topar 2005-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda Daniýanyň çempionatynyň üçünji diwiziýonynda çykyş edýär. «Helsingor» 2017-2018-nji ýyllaryň möwsüminde ýurduň Superligasynda hem oýnapdy.

Müňlük sepgide ýetdi

«Edmonton Oýlerziň» kapitany Konnor Makdewid Milli hokkeý ligasynda 1000 utuklyk sepgidi zabt etdi. Ol şeýle üstünlige MHL-iň nobatdaky tapgyrynda «Neşwill Predatorz» bilen oýunda öz adyna şaýba ýazdyrmak arkaly ýetmegi başardy. Gollaryň we golly paslarynyň sanyny 1000-e ýetirmek üçin Konnora 659 oýun gerek boldy. Şeýlelikde, ol bu sepgide iň çalt ýeten dördünji oýunçy hökmünde taryha girdi. Bu ugurda ilkinji üçlükde Ueýn Gretski (424 oýun), Mario Lemýe (513 oýun) hem-de Maýk Bossi (656 oýun) ýaly oýunçylaryň atlary bar. Maglumat üçin, Konnor Makdewid Milli hokkeý ligasynda 341 şaýba geçirdi hem-de 659 gezek golly pas berdi.

«Ash­ga­bat Open 2024» hal­ka­ra ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Mäh­ri­ban paý­tagt­ymy­zyň iri sport çä­re­le­ri­niň, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­ýän­li­gi her bi­ri­mi­zi buý­san­dyr­ýar. Şu ge­zek­ki 8 — 17-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ten­nis top­lu­myn­da 14 ýa­şa çen­li og­lan­la­ryň we gyz­la­ryň ara­syn­da Ten­nis bo­ýun­ça ge­çi­ri­len «Ash­ga­bat Open 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ry­şy hem sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li alyp bar­ýan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň at-ab­ra­ýy­ny gel­jek­ki ösüş bas­gan­çak­la­ry­na çy­ka­ran şan­ly wa­ka bol­dy di­ýip aýt­mak bo­lar.

Türk­men sam­bo­çy­la­ry dün­ýä çempionatynda 6 me­dal ga­zan­dy­lar

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Türk­men sam­bo­çy­la­ry Ga­za­gys­ta­nyň As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da al­ty me­dal — 1 al­tyn, 2 kü­müş we 3 bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar di­ýip, «www.sambo/sport» saý­ty ha­bar ber­ýär.