2023-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki 10-njy orta mekdepde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Akyl paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bir aýlyk edebiýat sergisi guraldy. Onda söz ussadynyň watançylyk, akyl-paýhas, edep-ekram we başga-da dürli temalarda döreden şygyrlary halypa suratkeşleriň «Magtymguly» atly portretleri bilen utgaşdyryldy. Edebiýat sergisiniň dowamynda okuwçylaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek hem-de ýaşlaryň dil baýlygyny, ýatkeşligini ösdürmek üçin döredijilik bäsleşikleri guralýar.
Biz halkymyzyň belli şahsyýetlerine sarpa goýup, ýaşlarymyza görelde mekdebi bolýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.