Garaşsyzlyk barym eken

16 Sentýabr 2024
508

Ýurdumyz Garaşsyzlygyny jar edenden soňky taryh üçin o diýen uzak bolmadyk döwürde uly ösüşlere eýe boldy. Elbetde, ösüş üçin höweslendiriji güýç möhüm zat. Halkyň zandyndaky üşüklilik, döredijilik, tutanýerlilik beýik işlere ruhlandyryjy güýç bolaýanda-da, ondan daşgary bir galkyndyryjy güýje eýe bolmagy hem gerek. Şeýle galkyndyryjy güýç halkymyz üçin Garaşsyzlyk boldy. Özygtyýarlylygymyza eýe bolanymyzdan soň, ýurdumyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň badyna aýak goşmagy aýdanlarymyzy tassyklaýar. Türkmen muňa «ezeneginden çekilen ýaly boldy» diýýär. Eýe gözüniň emligi gizlin zat däl. Baga eýeçilik gözi bilen seredilse, zyýat hasyl berjegi hem hemmelere düşnüklidir.

Hojalygyň bäşlek-onlak goýun-geçisine seretmek, asly çarwa bolan gumlular üçin zerurlyk, şol şeýle bolmaýanda-da eklenjiňe, gün-güzeranyňa heran-haçan ýarna. Muny köp bolmasa-da, hersinden 5 — 10-syny saklap görenimizden soň aýdýaryn. Onuň gerek ýerinde söwüşlige-de, gyssanan wagtyň maýalyga-da peýdasy degip dur. Atam pakyrdan galan şol urbalyk mallary hakyna çekeneçi çopana bakmaga beripdik. Meniň bilýän on ýyl töweregi wagtymda-ha şolar artykmaç hossa boldy diýip biljek däl, ýöne «agyz ýagjardany» hem ýadyma düşenok. Sebäbi diýseň, ahyrynda ählisini satýançak, baş sany-ha bir köpelmedi, üstesine-de, ýyllarboýy çopan hakyny tölemeli bolupdyk. Bu diýjegim çopanyň yhlasy kemliginden ýa geleňsizligindendir öýtmäň. Olar ata-babalary bilen tanalyp ýörlen hakyna kaýyl, ynsaply, hudaýlykly adamlar. Meger, şonça wagtlap mallaryň baş sanynyň egsilmän saklanany hem şondandyr. Diýjek bolýan zadym, oglan jigim ikimiz jahyl çykyp, goňşularymyzyň mallaryna goşup, özümiz bakyp başlaýançak, sanyny artdyryp bilmändik. Özümiz yzyna düşüp başlanymyzdan soň welin, köpelip gidiberdi. Bu ýerde «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýilýäni iňňän hakykat. Eýe gözüniň her bir zady eýikdirýändigi hem çyn. Ýönekeý mysalam bolsa, şundan hem öz zadyňa eýeçilik etmegiň, özygtyýarlylygyň neneňsi zerurlygyna göz ýetirmek mümkin. Ýurt Garaşsyzlygy barada aýdylanda-ha asylam. Özygtyýarlylygy arzuw edip geçen ata-babalarymyz barada okan-u-eşidenleriňden çen tutsaň hem, Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip zynharlap geçmeginiň sebäbine düşündiriş gereksiz bolup galyberýär.

Nowruz ÝEGENMYRADOW,
«Arkadag» gazetiniň bölüm redaktory.