Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda möhüm ähmiýetli waka bolup, taryhy ýylyň toý-baýramly günleriniň üstüni ýetirer.
Halk Maslahatynyň mejlisinde ýetilen sepgitlere ser salnyp, öňde durýan möhüm wezipeler kesgitleniler. Döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, taryhy çözgütler kabul ediler. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini berkidip, asyrlar aşyp gelýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýedir.