"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Baýramçylyk joşguny

Diýarymyza pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen sähralarymyz, dag-düzlerimiz ýaşyl begrese bürenýär. Kalbyňy heýjana salýan şeýle ajaýyp günlerde Halkara Nowruz baýramçylygy mähriban halkymyzyň ruhuny has-da belende galdyrýar. Golaýda Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Arkadagly ata Watan lälezar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde institutymyzyň ylym-bilimde, sportda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini giňden açyp görkezýän, halkymyzyň milli özboluşlylygyny, döwrebap ýaşaýyş-durmuşyny, döredilýän ajaýyp şertlerini giňden şöhlelendirýän sergi guraldy. Dabarada institutyň «Oguzlar» aýdym-saz topary parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany — eziz Diýarymyzy, hormatly Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini belent heňde şirin aýdymlar bilen wasp etdiler. Professor mugallymlarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserleri, bahar baýramçylygy, onuň taryhy ähmiýeti dogrusynda eden gyzykly çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Dabarada mähriban halkymyza eşretli, abadan, bagtyýar durmuşy peşgeş edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagy babatdaky alkyşly sözler belentden ýaňlandy. 

Ýürekleri ýakynlaşdyrýan sungat

Owganystan Yslam Respublikasynyň milli teatrynyň ösmegine saldamly goşant goşýan tanymal dramaturglaryň hem-de režissýorlaryň biri Fraýdon Fakorydyr. Ol köpmilletli owgan topragynda parahatçylygyň höküm sürmegi hem-de dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmek ýaly ynsanperwer ýol-ýörelgeleri öz döredijiliginde çeper keşpler arkaly täsirli beýan edýän ýazyjy hökmünde-de giňden tanalýar. F.Fakorynyň ýolbaşçylygyndaky Hyrat welaýat teatry 2019-njy ýylyň 19-23-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara teatr festiwalyna gatnaşdy. Golaýda F.Fakory özüniň mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli taýýarlan makalasyny redaksiýamyza iberdi.

Teatr täzelikleri

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Şäher ertekisi» atly täze spektakl taýýarlanylýar. Režissýor Y.Durdyýewiň dramaturg G.Daňatarowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyran spektaklda başlangyç synp okuwçysynyň başdan geçirýän wakalary körpe tomaşaçylara ýakyn dilde janlandyrylýar. Çagalar üçin özboluşly sowgat boljak bu spektaklda H.Hudaýberdiýew, A.Mergenowa, N.Çaryýewa, M.Haýdarow ýaly ýaş artistler dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini dörederler. * * *

Dostluk sazlary

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň mukamlar köşgüniň milli saz gurallary orkestri konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. Dabarada tatar, gazak halk aýdymlary, türk aýdym-sazlary, şeýle-de A.Kukubaýewiň, T.Satalganowyň eserleri ýaňlandy. Konsertiň dowamynda halypa kompozitor Nury Halmämmedowyň «Duran ýerlere» eseri, «Bibijan», «Nowaýy» atly türkmen halk sazlary, U.Gajybekowyň «Görogly» operasyna uwertýura, A.Nazarowyň eserleri ýaňlandy. Konsert P.Saryýewiň «Şatlyk» sazy bilen jemlendi.

Agzybirligiň baýramy

Bu gün Nowruz baýram joşa gelipdir,Saçakda şerbetler noşa gelipdir. Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn ösýän we gözelleşýän Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar raýatlary gadymy milli bahar baýramymyzy — Halkara Nowruz gününi dabaraly garşylaýarlar. Nowruz baýramy halkymyz tarapyndan indi müňlerçe ýyllap örän täsin garşylanýar. Mysal üçin, bu gadymy baýrama çenli gelýän iň soňky çarşenbe güni ilkagşam türkmen obalarynyň adamlary kiçiräk şaman oduny ýakyp, ol ýerde dabara gurap, oduň üstünden bökýärler. Her bir maşgala öýlerde arassalaýyş-tämizleýiş işlerini geçirýär. Baýramçylyk günleri birek-biregi Nowruz — Täze ýyl baýramy bilen gutlap, ýurt, il-gün üçin ýagşy dilegleri edýärler.

Nurana Nowruzym geldi

Köňülleriň soltany bahar geldi. Ol müşgi-anbar ysyny saçyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneş ýaly mähir hem söýgi eçilýär. Bu gün bagtyýar halkymyz göwün törüni gülledip, täze güni — Nowruzy garşylaýar. Nowruz ýyl hasabynyň döreýşi taryhy maglumatlara görä, patyşa Jemşidiň ady bilen, ýagny bolçulyk, ýurtlaryň parahatçylygy we adamlaryň ruhy baýlygy bilen baglanyşdyrylýar. Nowruz baýramy barada ilkinji gezek «Awesta» kitabynda ýatlanylýar. Gündogaryň görnükli alymy Abu Reýhan Biruny özüniň X — XI asyrlaryň sepgidinde ýazan «Öten nesilleriň ýadygärlikleri» atly ensiklopedik işinde Nowruz baýramynyň bellibir günde bolýandygyny we oňa eýermegiň aý-ýyl hasabynyň yzygiderliligini saklamak üçin amatly we aňsat usuldygyny belläpdir. Horezm patyşalary Nowruz gününde nökerlerine ýaz geýimini geýdiripdirler. Alym Nowruz günlerinde Horezm patyşalarynyň köşgünde dürli naharlaryň, semeniniň — sömelekleriň bişirilip, myhmanlaryň kabul edilendigi barada gyzykly maglumatlary berýär.

Görenlerden eşidenlerim

Keşşigiň ulagy ýaly... Meşhur ýazyjymyz Beki Seýtäkow ömrüniň soňky ýyllarynda näsaglap, ýygy-ýygydan keselhana girmeli bolupdyr. Muny eşiden dost-ýarlary, esasan hem, ýazyjy-şahyrlar halypany soramaga barypdyrlar. Her baran bilen degşip-gülşüp oturan ýazyjynyň ýanyna ýörite onuň degişmelerine maýyl bolup barýanlar hem az bolmandyr. Bir gezek «Edebiýat we sungat» gazetiniň işgärleri topar tutup ýazyjyny soramaga barypdyrlar. Olaryň arasynda žurnalist Keşşik Annaýew hem bar eken. Galamdaşlary:

Nowruz hem-de tebigatyň gözelligi

Nowruzda Günüň jana ýakymly şöhlesine tebigatda oýanyş, janlanyş peýda bolýar. Şu pursat ynsanyýetiň kalbynda-da, ruhunda-da ajaýyp bir ahwal peýda bolýar. Çünki bahar paslynyň täsin, jana tenekar howasy, guşlaryň hoş owazy ynsan ruhuna, häsiýetine ýakymly täsirini ýetirýär. Nowruz dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligi, asuda hem rahat durmuşy alamatlandyrýan parahatçylygyň pederlerden galan gadymy baýramydyr. Nowruz baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda köp asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Nowruz baýramy barada Abu-Reýhan Biruny “Geçen nesillerden galan ýadygärlikler”, Lutfi “Gül we Nowruz”, Omar Haýýam “Nowruznama” ýaly eserleri hem döredipdirler, Gündogaryň ençeme akyldarlary Nowruz hakynda köp ýazgylary galdyrypdyrlar. Bu gadymy edebi miraslarymyzda beýan edilişine görä, ata-babalarymyzyň amal eden şemsi ýyl hasaby boýunça birinji aý hasaplanypdyr. Ol bolsa, hut Nowruzdan — 21-nji martdan başlanypdyr. Diýmek, Nowruz gününden başlap ajaýyp tebigatdaky ähli barlykda — janly-jandarlarda we ösümliklerde oýanyş, täzeleniş ýüze çykýar. Mukaddes ene topragymyzda uklap ýatan kökler, pyntyklar Günüň mylaýym şöhlelerinden janlanýar.

Halklary dostlaşdyrýan baýram

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde 21-nji mart — Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu baýram dostlugyň-doganlygyň baýramy hökmünde dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramyň halkara derejesinde bellenmegi bilen halklary, ýurtlary ýene-de bir mertebe ýakynlaşdyrdy. Aslynda hem bahar pasly ajaýyplygyň, gözelligiň paslydyr. Bu pasylda tebigat ýylaýar, baglar gülleýär, ähli gözellikler ynsan kalbyny joşa getirýär. Şonuň üçin hem Milli bahar baýramy türkmen halkymyzda joşgunly, dabaraly bellenilýär.

Guwanjymyz edep-terbiýeli nesil

«Maşgalam — baş galam» diýen pähimi döreden pederlerimiziň durmuşda esasy üns beren ugurlarynyň biri maşgala terbiýesi bolupdyr. Maşgalada agzybirlik, birek-birege ynam bolsa, sylag-hormat göwnejaý berjaý edilse, şol ojakda sagdyn, merdana, edep-terbiýeli, Watana, ene-ata wepaly, kämil ýaş nesliň ýetişýändigi öz-özünden düşnüklidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edep-terbiýeli, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özleriniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eziz Diýarymyzyň obalarynda, şäherçelerinde, şäherlerinde gurlup, ulanylmaga berlen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, sport toplumlarynda bagtyýar nesillerimiziň bilim-terbiýe almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirip, döwrebap dynç almaklary, bedenlerini berkitmekleri, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň bardygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.

Agzy salamly — köňli kelamly

Il arasynda «Agzy salamly — köňli kelamly» diýen aýtgy ýörgünli. Halkymyzda salamlaşmaklyk edep-ekramlylygyň başy hasaplanylýar. Salamlaşmagyň dürli-dürli, ýagny baş atmak, elleşmek, egne kakmak, söz bilen salamlaşmak... ýaly görnüşleri bolup, olaryň hemmesi-de birek-birege hormat-sarpanyň beýany bolup şöhlelenýär. Şeýle-de, ozaldan gelýän ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza laýyklykda, kiçiniň ula, azlygyň köplüge, ýöräp barýanyň oturana, ulagly barýanyňam pyýada salam bermegi dogry hasaplanylýar. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän halkymyzda her bir maşgalada çaga alty, ýedi aýlyk bolanyndan eýýäm «Hany, salam edeli» diýlip, onuň kiçijik ellerini gysyp, oňa salamlaşmaklyk edebi öwredilip başlanýar. Täze doglan çaganyň gulagyna azan aýdylyp, at goýlanda hem: «Essalawmaleýkim, seniň adyň pylanydyr» diýlip, üç gezek gaýtalanýar.

Gelse Nowruz äleme

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý-dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça edilýän ähli işler giň gerimli özgertmeler syýasatyndan gözbaş alýar. Halkara Nowruz baýramçylygy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişini, topragyň janlanyşyny, ekerançylyk işleriniň başlangyjyny äleme äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň medeni syýasaty halkymyz tarapyndan müňýyllyklaryň jümmüşinde döredilip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, şol sanda Halkara Nowruz baýramynyň gyzykly däplerini gorap saklamaga, ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge, döwrebap öwüşginler bilen dikeltmäge gönükdirilendir. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda milli mirasymyzyň dürdäne gymmatlyklaryna bagyşlanan halkara festiwallaryň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň, medeniýet günleriniň we beýleki forumlaryň yzygiderli geçirilip durulmagy ruhy baýlyklarymyzy dünýä wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat!

Şöhlesi düşüp dur çar ýana Günüň,Burk urýan hoş ysy gelip dur gülüň,Şeýle bir nurana, gözel her günüň,Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat! Sen aşyklaň hemem yşkyň şäheri,Gülüp garşy alýas her bir säheri, Günleriň ýatladýar baky bahary,Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat!

Ýürekleriň aýdymy

Her gezek gulluk edýän serhet galamyzyň golaýynda ýerleşýän serhet diňindäki, ýa bolmasa-da serhet galamyzyň nyzam meýdançasynyň gyrasynda ýerleşdirilen baýdak diňindäki pasyrdap duran mukaddes Baýdagymyza nazarym düşende kalbyma, özboluşly ruhy sazlaşyk aralaşýar. Gursagymda peýda bolýan bu üýtgeşik duýga men bir gez beýgelip, has-da ruhlanýaryn. Kalbymda döreýän bu duýgyny asmanda erkanalygyň, bagtyýarlygyň nyşany bolup pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyzyň berýän güýç-kuwwaty hasaplaýaryn. Döwlet baýdagymyzyň keşbi gulluk edýän ýerlerimi — ýaýlyp ýatan ýaşyl sähralyklaryň keşbini göz öňümde janlandyrýar. Ol Watan goragyna, oňa ak ýürekden hyzmat etmäge çagyryş bolup, dünýämizi bezeýär. Ýurt we Baýdak — bular biri-biri bilen baglanyşykly mukaddeslikdir. Asuda asmanda parlap duran Baýdagymyza nazaryň düşende, mizemez arkalydygyňa synmaz döwletlidigiňe buýsanýarsyň. Bir gezek halkara ýaryşlaryndan üstünlikli dolanyp gelen serhetçi türgenlerimiziň birinden ýeňiş münberine çykan wagtynda ýaşyl Baýdagymyzyň belende göterilmeginiň özünde galdyran täsiri hakynda soranymda, ol şeýle gürrüň beripdi:

Wakalar, dabaralar

Döredijilige bagyşlandy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda eziz Diýarymyza bahar paslynyň gelmegi, şeýle-de Çagalaryň teleradioýaýlymlarynyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Institutyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen duşuşyga döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Dabarada tanymal artistler we talyp ýaşlar çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler.

Kitaphana — bilimler ojagy

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinýän halkymyz ýylyň başyndan bäri has-da uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen, kaşaňlygy we döwrebaplygy bilen tapawutlanýan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň binasynda zähmet çekýän işgärler hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet sowgady bilen garşylamaga çalyşýarlar. Kitaphananyň agzybir işgärleriniň maksady bagtyýarlyk döwrüniň okyjylaryna döwrebap hyzmat etmekden ybarat. Döwlet kitaphanamyzda bu ugurda köp işler alnyp barylýar. Döwrüň talabyna laýyk gelýän, täze iş usullary ornaşdyrylyp, dürli medeni çäreler guralýar. Okyjylaryň arasynda döredijilik we edebiýat agşamlaryny geçirmek, dürli söhbetdeşlikleri guramak ýaly çäreler, baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilip durulýar. Kitap sergileri guralýar. Okyjylar elektron kitaplardan geregiçe peýdalanyp bilýärler. «Döwrebap bibliografik görkezijiler» diýen at bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň arasynda geçirilen önümçilik tejribe söhbetdeşligine institutyň talyplary höwes bilen gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan sowallara anyk jogaplary tapýarlar.

Milli terbiýäniň gönezligi

Adamzat ähli döwürlerde nesil terbiýesine uly ähmiýet berip, ýaşlaryň bagtly geljegi ugrunda tagalla edip gelipdir. Ýaşlary watansöýüjilik we gaýratlylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesini hemişe üns merkezinde saklaýar we ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda irginsiz tagallalary edýär. Ýaşlary Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemäge, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilen işler nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär. Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri çagalara ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly ýagşy gylyk häsiýetler ündelip gelipdir. Şol endik-häsiýetler nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda-da, dowam etdirilip gelinýär. Hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde: «Ata-babalarymyz perzendine pent edeninde, Jygalybeg bolup sözläpdirler, Magtymgulynyň şygyrlary bilen olara merdanalygy wesýet edipdirler. Şeýdip, il-halkynyň agysyna aglan, begenjine begenen Görogly ýaly ärleri ýetişdiripdirler. Jygalybegiň pentleri — halkymyzyň häsiýetidir, dünýägaraýşydyr.

Nowruzym — gadymy Oguz baýramy

Sen bir nurly sene, oguz baýramy,Gözbaşyňda janlanyşyň güýji bar.Dünýä doldy şan-şöhratyň ýaýrawy,Sende bişen semeniler süýji bor,Sende gül baharyň ýaşyl täji bar. Garlar eräp, joşup akar bulaklar,Ene ýer özgerip gider sürümden.«Tüýtätinden» posun açar gulaklar,Sen gözüme Erem kimin göründiň,Ynsanperwer dünýä bolup berildiň.

Nowruz bilen baglanyşykly tüýtätinler

Tüýtätinleri çagalar Nowruz baýramynda Ýaremezan gezen ýaly, öýme-öý aýlanyp aýdypdyrlar. Tymsallarda beýan edilişine görä, Tüýtätin — Tüýshatyn atly zenan bolupdyr. Ol ýagyş ýagdyrmak üçin ýel atyna atlanyp, asmana bulut almaga gidipdir diýip, rowaýatlarda aýdylýar. Demir egip, öý dikiň,Girip gitsin Tüýtätin!Ýandak çapyp, ýol açyň,Geçip gitsin Tüýtätin!

Täze günleriň ýakymy

Ine, elimde Gurbannazar şahyryň goşgular kitaby. Bu kitap maňa talyplyk ýyllarymy ýatladýar. Onuň sahypalaryny agdaryşdyryp, tas ählisini diýen ýaly ýatdan bilýän tanyş goşgymy gözleýärin. Şahyr ol goşgusynda: ...Sen sanama gara saçyň agyny, Sen sag-aman öreniňe monça bol —