Nurana Nowruzym geldi

18 Mart 2021
1112

Köňülleriň soltany bahar geldi. Ol müşgi-anbar ysyny saçyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneş ýaly mähir hem söýgi eçilýär. Bu gün bagtyýar halkymyz göwün törüni gülledip, täze güni — Nowruzy garşylaýar.

Nowruz ýyl hasabynyň döreýşi taryhy maglumatlara görä, patyşa Jemşidiň ady bilen, ýagny bolçulyk, ýurtlaryň parahatçylygy we adamlaryň ruhy baýlygy bilen baglanyşdyrylýar. Nowruz baýramy barada ilkinji gezek «Awesta» kitabynda ýatlanylýar. Gündogaryň görnükli alymy Abu Reýhan Biruny özüniň X — XI asyrlaryň sepgidinde ýazan «Öten nesilleriň ýadygärlikleri» atly ensiklopedik işinde Nowruz baýramynyň bellibir günde bolýandygyny we oňa eýermegiň aý-ýyl hasabynyň yzygiderliligini saklamak üçin amatly we aňsat usuldygyny belläpdir. Horezm patyşalary Nowruz gününde nökerlerine ýaz geýimini geýdiripdirler. Alym Nowruz günlerinde Horezm patyşalarynyň köşgünde dürli naharlaryň, semeniniň — sömelekleriň bişirilip, myhmanlaryň kabul edilendigi barada gyzykly maglumatlary berýär.

Miwegül RESULBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Medeni aň-bilim bölüminiň esasy hünärmeni.