Halklary dostlaşdyrýan baýram

18 Mart 2021
1061

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde 21-nji mart — Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu baýram dostlugyň-doganlygyň baýramy hökmünde dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramyň halkara derejesinde bellenmegi bilen halklary, ýurtlary ýene-de bir mertebe ýakynlaşdyrdy.

Aslynda hem bahar pasly ajaýyplygyň, gözelligiň paslydyr. Bu pasylda tebigat ýylaýar, baglar gülleýär, ähli gözellikler ynsan kalbyny joşa getirýär. Şonuň üçin hem Milli bahar baýramy türkmen halkymyzda joşgunly, dabaraly bellenilýär.

Tylla GERMANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.