"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Kitaphanada geçen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýat teleradio studiýasynyň bilelikde guramaklarynda welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, zähmet çekmegi, gurmagy, Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyga beslenýändigi dogrusynda durup geçdiler. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi, oňa ykjam taýýarlykly barmagyň möhümdigi barada aýdylanlar ünsi çekiji boldy.

Awaza — dostluk mekany

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dost-doganlygyň mekanydyr. Munuň şeýledigine bu gözel künjekde dürli döwletlerden wekilleriň gatnaşmagynda ýylyň-ýylyna geçirilýän festiwallardyr forumlaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň häzirki şanly günlerinde deňiz kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde “Awaza — dostluk mekany” atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy has-da guwandyrýar. Giň göwrümli çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan ýurdumyzyň dürli künjeginden bolan çagalaryň, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan çagalaryň, şeýle-de şu ýylyň ýazynda Arkadag şäherinde geçen mekdep okuwçylarynyň arasyndaky halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylarynyň gatnaşýandygy buýsanç bilen agzalmaga mynasypdyr.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Şu gün ― 31-nji iýulda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramaklarynda ozal yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň maksady her bir öýüň bezegi bolan türkmen keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmekden, milli gymmatlyklarymyzy geljekki nesillerimize ýetirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşan zenanlar bäsleşigiň şertleri boýunça berlen wagtyň dowamynda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň baha bermeginde ýeňijiler yglan edilip, sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk gi­ňel­dil­ýär

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz myh­ma­ny ga­dy­my türk­men top­ra­gyn­da mü­bä­rek­läp, şu ge­zek­ki sa­pa­ryň çäk­le­rin­de türk­men kär­deş­le­ri bi­len ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­lar­dyr ge­ňeş­me­le­riň ne­ti­je­li bol­jak­dy­gy­na we iki ýur­duň ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Transfer täzelikleri

Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­sy­nyň» wi­se-çem­pio­ny «Ar­se­nal» «Se­rie A»-nyň «Bo­lon­ýa» to­pa­ryn­dan 22 ýaş­ly ital­ýan go­rag­çy­sy Rik­kar­do Ka­la­fio­ri­ni 5 ýyl­lyk şert­na­ma bi­len dü­zü­mi­ne go­şup, iň­lis klu­by oýun­çy­nyň ozal­ky to­pa­ry­na 45+5 mil­li­on ýew­ro be­rer. Tür­ki­ýä­niň «Fe­ner­bah­çe» to­pa­ry «Se­wil­ýa­nyň» ma­rok­ko­ly hü­jüm­çi­si, 27 ýa­şyn­da­ky Ýus­sef En-Ne­si­ri­ni 19,5 mil­li­on dollara trans­fer edip («Sü­per Li­giň» re­kor­dy bol­dy), onuň bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy.

Sörfing türgeni suwa çümmeýärmi?

Iň gy­zyk­ly sport bäs­le­şik­le­ri­niň bi­ri bo­lan sör­fing us­sat­lygy we tej­ri­be ta­lap ed­ýär. De­ňiz­de güýç­li tol­kun we ýel bo­lan wag­ty ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän spor­tuň bu gör­nü­şin­de tür­gen bel­li öl­çeg­de ýa­sa­lan tag­ta bö­le­gi­niň üs­tün­de tol­ku­nyň güý­ji bi­len ke­na­ra ta­rap bat­ly tiz­lik bi­len gaýd­ýar. Tür­gen sör­fin­ge baş­la­maz­dan ozal, amat­ly tol­ku­nyň gel­me­gi­ne ga­ra­şyp otur­ýar. To­lku­nyň go­laý­lap ge­le­ni­ni gö­ren­de bolsa eli­ni kü­rek ýa­ly ula­nyp, tol­ku­nyň üs­tü­ne çyk­ýar we ýe­rin­den tur­ýar. Tol­ku­nyň üs­tün­de wag­ty ag­ra­my­ny tag­ta­nyň dür­li ýer­le­ri­ne be­rip, ug­ru­ny we tiz­li­gi­ni saz­la­ýar. Aslynda tol­ku­nyň üs­tün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän hem bol­sa, soň­ky ýyl­lar­da tol­ku­nyň ýok wag­ty hem sör­fin­gi ýe­ri­ne ýe­tir­megiň dür­li usul­lary dö­re­dil­di. Ola­ryň bi­ri-de ýel­ken­li sör­fing­dir. Bu usul­da sör­fing tag­ta­sy­na ýel­ken otur­dyl­ýar. Tiz­lik bol­sa ýe­liň güý­jü­ne hem-de tür­ge­niň be­den he­re­ket­le­ri­ne bag­ly bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ga­ýyk­ly ýa-da de­ňiz mo­to­ry ar­ka­ly hem sör­fing ýerine ýetirilýär. Dür­li ýaş­da­ky adam­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän sör­fing­de de­ňiz ula­gy ta­ra­pyn­dan çe­kil­ýän gör­nü­şin­de tür­gen de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­mak üçin aýa­gy­nyň aşa­gyn­da tag­ta­nyň öň ta­ra­py­ny ça­la­ja ýo­ka­ry gal­dyr­ma­ly bol­ýar. Şeý­le he

Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary

Ýer ýü­zün­de jan­ly-jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň müň­ler­çe gör­nü­şi bar. Ola­ryň kö­pü­si bi­ziň go­laý­jy­gy­myz­da ýa­şa­ýan hem bol­sa, ola­ryň bar­dy­gyn­dan ha­ba­ry­myz hem ýok. Kä­bir jan­dar­lar bol­sa şeý­le bir ki­çi we­lin, gö­re­ni haý­ra­na goý­ýar. Ine, ki­çi jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri. Ko­lib­ri. Bu guş­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, esa­san, Ka­rib deň­zi­niň tö­we­re­gin­de ýa­şa­ýar­lar. Iň ki­çi gör­nü­şi­ne ba­la­ry ko­lib­ri­si (la­tyn­ça: «Mel­li­su­ga he­le­nae») di­ýil­ýär. Bu gu­şuň ho­raz­la­ry mä­ki­ýan­la­ryn­dan bir­ne­me ulu­rak – uzyn­ly­gy 6,1 san­ti­metr, ag­ra­my 2,6 gram bol­ýar. Mä­ki­ýan­la­ry­nyň ag­ra­my 1,95 g­ram, uzyn­ly­gy 5,5 san­ti­metr bol­ýar. Ko­lib­riniň äh­li gör­nüşiniň örän ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, aşa çalt ga­nat kak­ýar­lar we uç­ýar­lar. Bu guş­lar se­kunt­da 15-80 ge­zek ga­nat kakyp, ýü­re­gi mi­nut­da 1260 ge­zek ur­ýar. Gu­şuň esa­sy özü­ne çe­ki­ji aý­ra­tyn­ly­gy ho­wa­da sak­la­nyp du­rup, uçup bil­me­gi­dir. Hat­da olar ho­wa­da wag­ty gü­lüň şi­re­si­ni so­rup iý­mit­len­ýär­ler. Şeý­le-de, bu guş­lar yz­ly­gy­na we gap­dal­ly­gy­na hem uçup bil­ýär­ler. Ko­lib­ri­le­riň pe­ri örän ýal­pyl­da­wuk bo­lup, reň­ki we owa­dan­ly­gy bi­len özü­ne çek­ýär. Ko­lib­ri­niň di­ňe Ýa­maý­ka­da duş gel­ýän «Mel­li­su­ga mi­ni­ma» at­ly gör­nü­şi­niň uzyn­ly­gy 1 san­ti­met­re, ag­ra­my bol­sa

«Arkadagyň ak ýoly — watançylyk ýoly»

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda alyp barýan parasatly syýasatyny halka ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary, dabaralary yzygider guraýarlar. 1-nji awgustda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Arkadagyň ak ýoly — watançylyk ýoly» ady bilen guralan wagyz-nesihat çäresi hem ýurdumyzda uludan bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanyndaky günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlandy. Ony Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň, Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler  arkalaşygynyň geňeşleri hem-de «Aşgabat» teleýaýlymy bilelikde guradylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň halkymyzy ösüşli, şöhratly menzillere, belent sepgitlere ýetirendigi barada gyzykly gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň il bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän, bizi eşretli zamanada ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.

Tomus içimlikleri

Yssy gün­ler­de adam be­de­ni­niň su­wuk­ly­ga bo­lan is­le­gi has-da art­ýar. Kö­pi­miz suw­suz­ly­gy­my­zy gan­dyr­mak üçin gaz­lan­dy­ry­lan ýa-da reňk­li içim­lik­le­ri içýäris. Em­ma mu­nuň zy­ýan­ly ta­rap­la­ry­ny hem göz öňün­de tut­ma­ly. Se­bä­bi gaz­lan­dy­ry­lan içim­lik­le­riň köp içil­me­gi ag­ra­myň art­ma­gy­na ýa-da aş­ga­zan bi­len bag­ly me­se­le­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rýär. Şo­nuň üçin te­bi­gy içim­lik­le­ri saý­lamaly. Bu içim­lik­le­ri siz öý aş­ha­na­syn­da gys­ga wagt­da taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz. Şetdaly çaýy. Orta ulu­lyk­da­ky 2 sa­ny şet­da­ly­ny ýa­rym kä­se kiş­miş bi­len bi­le­lik­de 2 bul­gur suw goşup gaý­nat­ma­ly. Taý­ýar bo­lan go­ýy su­wuk­ly­gy süz­güç­de sü­züp, üs­tü­ne 1 bul­gur gök çaý we 4 bul­gur suw goş­ma­ly. Az sa­lym so­wa­dy­jy­da sak­la­nan­dan soň şet­da­ly ça­ýy­ny içip bi­ler­si­ňiz. Bu içim­lik wi­ta­min­le­re we mi­ne­ral­la­ra baý bo­lup, de­ri, göz we ga­naz­lyk üçin peý­da­ly. Şeý­le hem ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny ber­ki­dip, aş­ga­zan-içe­ge ýet­mez­çi­lik­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şet­da­ly dem­re baý mi­we­le­riň bi­ri­dir.

Dün­ýä­niň reňk­li myh­man­ha­na­la­ry

Myh­man­ha­na­lar ýa­şa­mak we dynç almak üçin amat­ly şert­le­ri bo­lan döwrebap merkez bo­lup, sy­ýa­hat­çy­la­ryň göwnejaý dynç al­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 705-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da dö­re­di­len Ni­si­ýa­ma On­sen Ke­ýun­kan merkezi res­mi taý­dan il­kin­ji myh­man­ha­na ha­sap­lan­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­de bi­na­gär­lik gur­lu­şy, owa­dan­ly­gy, hö­dür­len­ýän hyz­mat­la­ry we şert­le­ri bi­len bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýan myh­man­ha­na­la­ryň müň­ler­çe­si gu­rul­dy. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da be­zeg aý­ra­tyn­ly­gy, esa­san hem, reňk­li gur­lu­şy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dün­ýä­dä­ki iň meş­hur 5 myh­man­ha­na bi­len ta­nyş­dyr­ýa­rys. «Be­la Vis­ta», Por­tu­ga­li­ýa. Por­ti­man ke­nar­ýa­ka şä­he­rin­de ýer­leş­ýän bu 5 ýyl­dyz­ly myh­man­ha­na­nyň reňk­le­ri Por­tu­ga­li­ýa­nyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­rin­den yl­ham al­ýar. Al­gar­wi se­bi­tin­de gur­lan goň­rum­tyl-al­tyn­sow reňk­li myh­man­ha­na­nyň iç­ki be­ze­gin­de, esa­san, gök reňk ula­ny­lyp­dyr. Gök reňk­dä­ki be­zeg­ler myh­man­ha­na­ny At­lan­tik um­ma­ny­nyň aja­ýyp gör­nü­şi bi­len bir­leş­dir­ýär. «Praia da Rocha» ke­nar­ýa­ka dynç alyş mer­ke­zi­niň ýa­nyn­da ýer­leş­ýän bu myh­man­ha­na­da reňk­li dynç alyş otag­la­ry bi­len bir ha­tar­da, dynç alyş how­zy, açyk aş­ha­na, pal­ma­ly meý­dan

G7 Merkezi Aziýa ma­ýa goý­mak­çy

G7 ýurt­la­ry Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­na 200 mil­liard dol­la­ra çen­li ma­ýa goý­ma­ga ta­ýyn­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ga­za­gys­tan şeý­le ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ryn­dan bi­ri­dir. BMG-niň ha­bar ber­şi ýa­ly, bu ba­ra­da ABŞ-nyň Glo­bal inf­rast­ruk­tu­ra we ma­ýa go­ýum­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň ýö­ri­te ut­gaş­dy­ry­jy­sy He­lai­na Mat­za Ga­za­gys­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­len ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da aýt­dy. Hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy mak­sa­dy, dün­ýä­de azyk we ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin üp­jün­çi­lik zyn­jyr­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mek­dir. Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, G7 ýurt­la­ry – Ka­na­da, Fran­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ita­li­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa we ABŞ 2027-nji ýy­la çen­li ös­ýän ýurt­la­ra 600 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Şo­lar­dan 200 mil­liard dol­la­ry Mer­ke­zi Azi­ýa üçin ni­ýet­le­nen­dir.

Ma­du­ro ýe­ňiş ga­zan­dy

28-nji iýul­da We­ne­sue­la­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da hä­zir­ki döw­let Baştutany Ni­ko­las Ma­du­ro ýe­ňiş ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, Ma­du­ro üçün­ji al­ty ýyl­lyk möh­le­te gaý­ta­dan saý­lan­dy. Bu ba­ra­da We­ne­sue­la­nyň Mil­li saý­law ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy El­wis Amo­ro­so ses be­riş­lik­den soň mä­lim et­di. Saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ma­du­ro­ny 5 mil­li­on 150 müň 92 saý­law­çy ýa-da ses be­ren­le­riň 51,2 gö­te­ri­mi gol­da­dy. Ma­du­ro­nyň esa­sy bäs­de­şi, sag­çy par­ti­ýa­lar­dan da­laş­gär Ed­mun­do Gon­sa­les bol­sa, 4 mil­li­on 445 müň 978 saý­law­çy­nyň ýa-da ses be­ren­le­riň 44,2 gö­te­ri­mi­niň se­si­ne eýe bol­dy. Saý­law­çy­la­ryň 4,6 gö­te­ri­mi bol­sa, beý­le­ki se­kiz da­laş­gä­re ses ber­di. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 59 gö­te­rim bol­dy. Saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan da­laş­gär 2025-nji ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da ýur­duň tä­ze Pre­zi­den­ti hök­mün­de ka­sam ka­bul eder.

Har­ris saý­law­la­ra gat­naş­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di

ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti Ka­ma­la Har­ris şu ýy­lyň 5-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň saý­law­la­ry­na De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan da­laş­gär­lik et­mek­çi­di­gi­ni res­mi taý­dan mä­lim et­di. «Men De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­sy Ka­ma­la Har­ris, ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­lik ed­ýä­rin» di­ýip, X jem­gy­ýet­çi­lik ul­ga­myn­da­ky ak­ka­un­dyn­da ýaz­dy. Şeý­le hem Ka­ma­la Har­ris ýö­ri­te wi­deo­ro­li­gi­ni hem ýaý­ra­dyp, ýur­duň ra­ýat­la­ry­ny kam­pa­ni­ýa­sy­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge ça­gyr­dy. ABŞ-nyň wi­se-pre­zi­den­ti go­laý­da De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň da­laş­gä­ri bol­mak üçin özü­niň ze­rur gol­da­wa eýe­di­gi­ni mä­lim edip­di. Par­ti­ýa­nyň kong­re­si­niň 2538 de­le­ga­ty hem Har­ri­siň da­laş­gär­li­gi­ni ma­kul­la­dy. De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan da­laş­gär­li­gi­ňi öňe sür­mek üçin azyn­dan 1 müň 976 de­le­ga­tyň gol­da­wy­ny al­ma­ly.

ÝU­NES­KO-nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di

ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy ko­mi­te­ti­niň Nýu-De­li­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de Ita­li­ýa­da­ky Ap­pi­ý ýo­ly Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­dy. Bu Ita­li­ýa­nyň çä­gin­dä­ki ab­raý­ly sa­na­wa go­şu­lan 60-njy desgadyr. Mi­la­dy­dan öň, 312-nji ýyl­da Ap­piý Klaw­diý Se­kiň per­ma­ny bi­len gur­lan Ap­piý ýo­ly öz döw­rü­niň ösen in­že­ner­lik des­ga­sy bo­lup­dyr. Ol Ri­me öz çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, soň­ra Ri­mi Gre­si­ýa, Mü­sür we Ki­çi Azi­ýa bi­len bir­leş­dir­ýän mö­hüm söw­da ýo­lu­na öw­rül­ýär. Ap­piý ýo­ly Ita­li­ýa­nyň 70-den gow­rak ilat­ly no­ka­dyn­dan, 15 se­ýil­gä­hin­den, 12 şä­he­rin­den we 4 se­bi­tin­den geç­ýär. Ýo­luň ug­run­da dür­li dö­wür­ler­den ga­lan aram­gäh­ler we wil­la­lar, şeý­le-de il­kin­ji iu­deý we hris­ti­an ýer­ze­min­le­ri sak­la­nyp ga­lyp­dyr.Mun­dan baş­ga-da, Ma­laý­zi­ýa­da­ky Mil­li Ni­ah se­ýil­gä­hi­niň go­wak­la­ry­nyň ar­heo­lo­gi­k mi­ra­sy, Ger­ma­ni­ýa­da­ky Şwe­rin re­zi­den­si­ýa­sy­nyň an­samb­ly, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da­ky Al-Fau ar­heo­lo­gi­k zo­la­gy­nyň me­de­ni land­şaf­ty, Ru­my­ni­ýa­da­ky iki ýer – «Rim im­pe­ri­ýa­sy­nyň ser­het­le­ri – Da­ki­ýa» we Tyr­gu-Žiu şä­he­rin­dä­ki Bran­ku­zi ýa­dy­gär­lik top­lu­my, şeý­le-de Rus­si­ýa­nyň Ar­han­gelsk se­bi­tin­dä­ki «Go­rag­ly Ke­no­zer­ýe» me­de­ni land­şaf­ty ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­n

«We­ro» tö­leg hyz­ma­ty ýo­la go­ýul­dy

ABŞ-nyň «Visa» we «Mas­tercard» ýa­ly tö­leg bo­ýun­ça ägirt­le­ri­niň Ýew­ro­pa­da tä­ze bäs­de­şi peý­da bol­dy. «Eu­ro­news»-iň ýaz­ma­gy­na gö­rä, tä­ze «We­ro» hyz­ma­ty eý­ýäm sarp edi­ji­le­riň kö­pü­si üçin el­ýe­ter­li. «We­ro» – ýe­ke-täk san­ly tö­leg hyz­ma­ty bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­lip, Ýew­ro­pa­nyň 16 ban­ky­nyň we ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň ul­ga­my bo­lan Ýew­ro­pa­nyň Tö­leg Baş­lan­gy­jy (EPI) ta­ra­pyn­dan en­çe­me ýyl­lap do­wam eden işi­niň ne­ti­je­si­dir. San­ly gap­jyk eý­ýäm bar bo­lan «Payconiq» we iDEAL ul­gam­la­ry­na esas­lan­ýar. Ol müş­de­ri­le­re di­ňe te­le­fon bel­gi­si­ni ula­nyp, Ýew­ro­pa­da­ky beý­le­ki ula­ny­jy­la­ra pul ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. In­di hal­ka­ra bank ha­sa­by­nyň ko­dy bo­lan IBAN-yň hem ze­rur­ly­gy ýok. «We­ro»-nyň esa­sy ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan bi­ri hem pul iber­me­giň we al­ma­gyň tiz­li­gi­dir.

Gaý­ta­dan kanslerlige da­laş et­mek­çi

Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri Olaf Şols 2025-nji ýy­lyň mil­li saý­law­la­ryn­da ikin­ji möh­le­te da­laş et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy. Ýö­ne ony Ger­ma­ni­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň (GSDP) res­mi taý­dan hö­dür­le­me­gi esa­sy şert bo­lup dur­ýar. – Men ýe­ne-de kans­ler­li­ge da­laş et­mek­çi – di­ýip, Olaf Şols Ber­lin­de gu­ra­lan met­bu­gat ýyg­na­gyn­da mä­lim edip, GSDP-niň örän ag­zy­bir par­ti­ýa­dy­gy­ny nyg­ta­dy. – Bi­ziň hem­mä­miz gel­jek­ki fe­de­ral saý­law kam­pa­ni­ýa­sy­na gat­na­şyp, ýe­ňiş ga­za­na­rys – di­ýip, Şols bel­le­di.

Pe­zeş­ki­an ka­sam ka­bul et­di

30-njy iýul­da mej­li­siň bi­na­syn­da Eý­ra­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­kia­nyň ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Pe­zeş­ki­an par­la­ment we­kil­le­ri­niň, Kons­ti­tu­si­ýa­nyň go­rag­çy­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň we ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ka­sam ka­bul et­di. Bu da­ba­ra 80-den gow­rak ýurt­dan ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar, şol san­da, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky türk­men we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­dy. Da­ba­ra­ly çä­re Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň se­na­sy­nyň ýaň­lan­ma­gy we mu­sul­man­lar üçin mu­kad­des ki­tap – Gur­han okal­ma­gy bi­len baş­lan­dy. Il­kin­ji söz Eý­ra­nyň içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň baş­ly­gy Ah­mad Wa­hi­dä be­ril­di. Ol öz çy­ky­şyn­da ýurt üçin tä­ze şöh­rat­ly döw­rüň baş­lan­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip, «şu gün­ki gün äh­li eý­ran­ly­la­ryň je­bis­li­gi­ni gör­kez­ýän gün» di­ýip bel­le­di. Soň­ra ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy Go­lam Hos­seýn Moh­se­ni-Ejei ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, tä­ze Pre­zi­den­tiň öz hal­ky­na hyz­mat edip, ýur­duň ösü­şi­ne go­şant goş­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Ýe­li­za­we­ta II port­re­ti auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Meş­hur est­ra­da aý­dym­çy­sy Maýkl Jek­son ta­ra­pyn­dan çe­ki­len mer­hum bri­tan Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II port­re­ti auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Port­re­te 10 müň dol­lar ba­ha ke­sil­di. Auk­si­on 3-nji aw­gust­da me­ýil­leş­di­ril­ýär we gir­de­ji­niň bir bö­le­gi ha­ýyr-sa­ha­wa­ta gö­nük­di­ri­ler. Dün­ýä­niň iň meş­hur mo­da bren­di. «Lyst» sel­je­riş plat­for­ma­sy 2024-nji ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gi­niň je­mi bo­ýun­ça iň meş­hur mo­da brend­le­ri­niň sa­na­wy­ny hö­dür­le­di. Bi­rin­ji or­ny «Loe­we» is­pan mar­ka­sy eýe­le­di. Ol bu babatda Ita­li­ýa­nyň «Miu Miu» bren­di­nden öňe geçdi. Li­der­le­riň üç­lü­gi­ne «Pra­da» hem gir­di. Il­kin­ji bäş­li­gi «Saint Lau­rent» we «Bot­te­ga Vene­ta» brendleri jem­le­di.

Me­de­ni­ýe­te we sun­ga­ta gol be­ren

Halkymyzda «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» ýa-da «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýen pähimler ýöne ýere aýdylmandyr. Bu ýagdaý hut Agamyradyň durmuşyna-da mahsus bolupdy. Agamyrat Baltaýew bilen meniň tanyşlygym 1992-nji ýylda açylan Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolup geçipdi. Men şol ýyl institutyň «Drama teatrynyň režissýory» bölüminde gaýybana okap başlapdym. Şonda Agamyrat biziň toparymyzy «Köpçülik çärelerini guramak» sapagyndan okadýardy. Soňra men telewideniýäniň režissýorlygyndan «Türkmenfilm» birleşigine işe gelmeli bolupdym. Meniň wezipäme kino düşýän artistlere, kino düşürmek üçin rugsat alyp bermek hem girýärdi. Munuň üçin bolsa Medeniýet ministrligine ýüz tutmaly bolýardy. Bir gün hem ministrlikde teatrlara we tomaşa jaýlaryna jogap berýän bölümde, Agamyrada duşaýmanmy, görüp otursam ol şol bölümiň müdiri wezipesinde işleýän eken, şeýdip biz Agamyrat bilen kärdeş bolup gidiberdik. Şondan soň meniň kalbymda Agamyradyň täsin ykbaly barada okyjylar köpçüligine ýetirmek höwesi döredi. Agamyradyň kakasy hünäri boýunça ýol gurluşykçy bolsa-da, aýdym-sazdan habarly bolupdyr, şygryýet, çeper sungat bilen meşgullanypdyr. Dessanlaryň ençemesini ýatdan bilip, suhangöýligi bilen toýlarda märekä hyzmat edipdir. Halka ruhubelentlik paýlan tebigy zehinli ynsan bolupdyr. Agamyradyň ejesi Altyn daýza dokuz ogul, bir gyz – on çagany dünýä inderip, ola

Dün­ýä paý­ha­sy­nyň çe­me­ni

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gin­den hy­ýa­ly­ňa gel­ýän se­tir­ler dün­ýä akyl­dar­la­ry­nyň, alym­la­ry­nyň ru­hy mi­ra­sy­nyň gym­ma­ty­nyň nä­de­re­je­de ýo­ka­ry­dy­gy­ny yk­rar ed­ýär. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ryn­da öz döw­rü­ne çen­li ýa­şap ge­çen bel­li şah­sy­ýet­le­riň dö­re­di­ji­li­gi­ne ýüz­le­nil­ýär, akyl­dar­la­ryň gym­mat­ly ha­zy­na­sy­na oky­jy­nyň ün­si çe­kil­ýär. Şeý­le­lik­de, türk­men di­li­niň söz baý­ly­gy­nyň ma­ny öwüş­gin­li­li­gi­ne, sö­züň asyl­ky ma­ny­sy­nyň akyl­dar­la­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de şol bir ma­ny­sy­ny sak­lap ga­lan­dy­gy­na göz ýe­tir­mek müm­kin. Ga­dy­my Gün­do­ga­ryň us­sat fi­lo­so­fy, alym akyl­da­ry Omar Haý­ýam­da şeý­le se­tir­ler bar: Me­niň ta­ra­pym­dan Haý­ýa­ma sa­lam,