Bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

2 Awgust 2024
195

Şu gün ― 31-nji iýulda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramaklarynda ozal yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň maksady her bir öýüň bezegi bolan türkmen keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmekden, milli gymmatlyklarymyzy geljekki nesillerimize ýetirmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşan zenanlar bäsleşigiň şertleri boýunça berlen wagtyň dowamynda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň baha bermeginde ýeňijiler yglan edilip, sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.