ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris şu ýylyň 5-nji noýabrynda geçiriljek döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna Demokratik partiýadan dalaşgärlik etmekçidigini resmi taýdan mälim etdi.
«Men Demokratik partiýasynyň agzasy Kamala Harris, ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlik edýärin» diýip, X jemgyýetçilik ulgamyndaky akkaundynda ýazdy. Şeýle hem Kamala Harris ýörite wideoroligini hem ýaýradyp, ýurduň raýatlaryny kampaniýasyny maliýeleşdirmäge çagyrdy. ABŞ-nyň wise-prezidenti golaýda Demokratik partiýanyň dalaşgäri bolmak üçin özüniň zerur goldawa eýedigini mälim edipdi. Partiýanyň kongresiniň 2538 delegaty hem Harrisiň dalaşgärligini makullady. Demokratik partiýadan dalaşgärligiňi öňe sürmek üçin azyndan 1 müň 976 delegatyň goldawyny almaly.