"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Işjeňlikde geçdi

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de etrap halk maslahatynyň guramagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnan maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy. Maslahatda ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hem-de döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde onuň möhüm orny barada gürrüň edildi. Şu ýylyň 24-nji sentýabryndaky jemgyýetçilik-syýasy çärä — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlykly barmakda öňde duran wezipeler hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Şöhraty dünýä dolan mekan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby şu şanly ýylda halkymyza sowgat edilen ajaýyp eserdir. Ildeşlerimiziň ýankitabyna öwrülen bu eser kitaphanalaryň gaznasyny has-da baýlaşdyrdy. Halkymyzyň şöhratly taryhy, baý medeni mirasy, gadymy Änew medeniýeti barada söhbet açýan gymmatly kitap bu gün Ahal welaýat, etrap merkezi kitaphanalarynyň hem-de kitaphana şahamçalarynyň bezegi bolmak bilen, okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar. Bu kitaby okanyňda gadymy Änewiň buýsançly taryhynyň, Ahal ýaýlasynyň ösüşli menzilleriniň, şu gününiň, taryhy sebiti has-da özgertmekde öňde duran maksatlaryň öz beýanyny tapýandygyna uly buýsanç bilen göz ýetirip bolýar. Ahal welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň baý many-mazmuny dogrusynda okyjylaryň arasynda geçirilýän söhbetdeşlikleriň netijeliligini gazanmakda mynasyp tagallalar edilýär. Şeýle söhbetdeşlikleriň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreler bilen utgaşdyrylmagy olaryň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.

Awaza — dostluk mekany

Eziz Watanymyzda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň düýp özeninde halkyň bähbidi, adamlaryň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamaklary, ösüp-örňäp, ylym-bilim öwrenip, kämilleşip, döredip, gurup bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzyň owadan tebigaty, täsin künjekleri, baý medeni-taryhy ýadygärlikleri, myhmansöýer halkymyzyň özboluşly milli ýörelgesi, däp-dessurlary, medeniýeti, sungaty bu ulgamda ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga, dünýäniň syýahatçylyk-dynç alyş bazarynda öňdäki orunlary eýelemegine mümkinçilik berýär. Asuda oba-şäherlerimiziň, owadan tebigatyň arassa gurşawynda ýekelikde ýa-da maşgala bolup dynç almak üçin döredilýän şertleriň barha artmagy abadan durmuşyň, adam hakyndaky aladanyň baş görkezijileriniň biridir. Watanymyzyň geljegi bolan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaş nesiller tomusky dynç alyş döwründe deňiz kenarynda, Gökderede, şeýle hem welaýatlarda döredilen döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesliň wekilleriniň oňat dynç almaklary, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky iri möçberli taslama sebitiň şypahana-syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürmäge gönükdirilendir. Türkm

Mekdep bazarlary begendirýär

Şu aýyň başynda ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň merkezinde hem mekdep bazarlary öz işine başlady. Göze gelüwli göçme söwda sekilerinde mekdep okuwçylarydyr talyplaryň ýetip gelýän täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyk görmekleri üçin zerur bolan okuw esbaplarynyň, kanselýariýa harytlarynyň, okuw eginbaşlarynyň köp görnüşleri bar. Mekdep bazarlaryna çykarylan harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzyň önüm öndürijileri, hususy we döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Türkmen telekeçileriniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri bolan okuw esbaplary, kanselýariýa harytlary, okuwçy torbalary, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen mekdep eşikleri, oglanlar üçin penjekler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl reňkli köýnekler we ak öňlükler, şeýle hem türkmen milli başgaby — tahýalar hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy-ýakynda işläp başlandygyna garamazdan, mekdep bazarlarynda hereketlilik günsaýyn gyzyşýar. Olarda alyjylara hödürlenýän harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Aýratynam, hossarlary bilen bu ýere gelýän mekdep ýaşly oglan-gyzjagazlar harytlaryň köpdürlüliginden örän hoşal. Döwrümiziň bagtyýar nesilleri üçin niýetlenip, elýeterli bahalardan satyl

Döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de Kerim Gurbannepesow adyndaky etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Kitap — ýaşlaryň göwün syrdaşy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasynda geçen söhbetdeşlige döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, kitaphananyň ýaş okyjylary hem-de işgärleri gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlak ýörelgelerine ýugrulan goşgulary okaldy. Kitaphana işgärleri hem-de ýaş şahyrlar döredijilik dogrusynda çykyş etdiler. Olaryň labyzly okan goşgulary bu çärä baý many çaýdy.

Söz ummanynda ýüzen

Halkymyzda: «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýilýär. Ömrüni dil ylmyna we mugallymçylyga bagyşlan halypa alym Haýdar Muhyýewiň ady hormat bilen ýatlanylýar. Onuň dilimiziň ösmegine, ylmy esasda öwrenilmegine goşan goşandy uludyr. Halypa dilçi alymyň okadan talyplary bu gün ýurdumyzyň dürli künjeginde zähmet çekýärler. Olaryň arasynda dilçi, edebiýatçy alymlar-da, ýazyjy-şahyrlardyr žurnalistler-de, ussat mugallymlar-da bar. Şu ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyzy düýpli öwrenmek hem-de halypa-şägirtlik milli ýol-ýörelgäni kämil nusgada dowam etdirmek babatdaky ündewleri biziň halypalarymyza goýýan hormatymyzy has-da artdyrýar. Haýdar Muhyýewiň özleri halypalyga ýetişen şägirtleri ol hakda metbugatda yzygiderli çykyş edip, dilçi alymy ýagşylykda ýatlaýarlar. «Biz ýaňy ylym-bilim diýlen ummanyň kenaryna gelip, onuň aňyrsyna-bärsine, göz ýetmeýän giňişliklerine akyl ýetirip bilmän duran wagtymyz Haýdar mugallymy özümize hossar tutundyk. Şol mahalky M.Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bosagasyndan ätlänimizde bize halypalyk goluny uzadan edebiýaty öwreniş we dil biliminiň kämil alymlarynyň arasynda Haýdar Muhyýew hem bardy — diýlip, şahyr Nowruz Gurbanmyradowyň halypasy hakda ýazan makalasynda ýatlanylýar. — Biz turuwbaşdan bu alymyň töweregine ýakynlaşanymyzy kem görmändik. Ylmyň islendik ugry bara

Bagabat jülgesindäki jenneti mekan

Garaşsyz Watanymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmegi, dynç we bejergi almagy üçin ähli amatlyklary hem-de döwrebap şertleri bolan şypahanalar hereket edýär. Tomsuň jöwzaly günlerinde arassa howaly, melhem suwly şypahanalar has-da köp adamly bolýar. Bu hakykata gojaman Köpetdagyň goýnunda ýerleşýän «Bagabat» şypahanasynyň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen belent daglaryň arasynda, ekologik taýdan arassa howaly Bagabat jülgesinde gurlan bu şypahana birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenen. Saýaly, pürli we miweli baglara, al-elwan güllere beslenen şypahana bejeriş we dolandyryş binalaryny, naharhanany, sport toplumyny öz içine alýar. Şypahananyň lukmançylyk we barlaghana otaglaryna iň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan. Düzüminde anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edip, olarda USB, EKG, beýleki hünärmenleriň otaglary, palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa otaglary, howuzlar we SPA salony hereket edýär. Döwrebap şypahanada dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň dikeldiş bejergileri netijeli alnyp barylýar. Esasy bellemeli zat bolsa, bu ýe

Ýaşlar muzeýde boldular

Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine etraplardan gelen ýaşlar üçin syýahat guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan, Sarahs etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagyndaky syýahat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna, şeýle-de Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Syýahat turuwbaşdan ýakymly täsirlere beslendi. Ýaşlar sergi zallaryna aýlanyp, taryhy eksponatlary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleri sergi bölümleriniň aýratynlygy, olarda sergilenen gymmatly tapyndylar hakda syýahata gatnaşyjylara gürrüň berdiler. Syýahatyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyndan ugur alnyp guralan söhbetdeşlik hem gyzykly boldy.

Ýadygärlige syýahat

Şu ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleri tarapyndan täsirli çäreler guralýar. Ak bugdaý etrabynyň çäginde, Änew şäheriniň merkezinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärligine guralan syýahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar üçin guralan syýahatyň barşynda oňa gatnaşanlar XV asyrda bina edilen, gurluşygynda binagärlik sungatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemlän Seýit Jemaleddin ýadygärligini uly gyzyklanma bilen synladylar. Asyrlarboýy özüniň baý taryhy bilen jahankeşdeleriň ünsüni çekip gelýän täsin ýadygärligiň taryhy dogrusyndaky gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňlediler. Bu syýahat ýaşlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Jogapkärli çemeleşilýär

Gökdepe etrabynda täze okuw ýylyna ählitaraplaýyn taýýarlykly barylýar. Etrapdaky orta mekdeplerde abatlaýyş işlerine jogapkärli çemeleşildi. Bilim ojaklarynyň binalarynyň abatlaýyş işlerinde ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu işler aýry-aýry mekdeplerde irki möhletde tamamlandy. Birkemsiz abatlaýyş işleri geçirilen okuw otaglarynyň döwrebap görkezme esbaplar we beýleki abzallar bilen üpjünçiligine uly üns gönükdirilýär. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynda ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek 6 ýaşly çagalary bellige almak, bilim işgärleriniň awgust maslahatyna taýýarlyk görmek babatda edilýän tagallalar hem ýerine düşýär.

Awaza — dostluk mekany

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşi we saglygy, olaryň mynasyp bilim-terbiýe, döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2024-nji ýylyň mart aýynyň 25 — 30-y aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy ýokary derejede geçirilipdi. Şol bilim bäsleşiginde ýokary netije görkezip, birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň zehinli mekdep okuwçylaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.

Döwrebap okuw esbaplary

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barha gyzyşýar. Mekdepler täze okuw ýylyna doly derejede taýýar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mekdep okuwçylarydyr talyplary ýörite guralýan mekdep bazarlaryndan uly höwes bilen gerekli harytlaryny saýlap-seçip satyn alýarlar. Satuwa çykarylýan döwrebap hem-de ýokary hilli okuw esbaplary, owadan, laýyk biçüwde tikilen okuwçy lybaslary alyjylaryň göwnüne ýaraýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda guralýan mekdep bazarlary mydama köp adamly. Hususy telekeçiler hem öz ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň hem-de lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guraýarlar. Alyjylaryň islegleriniň häzirki ösen döwründe olaryň göwnüne laýyk harytlary hödürlemek, olara göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir.

Berjaý edilmeli kadalar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy raýatlaryň ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegini ýatladyp, aşakdaky maslahatlary bilen ýüzlenýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, ulaghanalaryň daş-töweregini haşal otlardan arassalamaly. Jaýlaryň üçeklerine ýanyjy agaç gyryndylary, beýleki tiz tutaşýan çig mallar düşelmeli däldir.

Sapaly dynç alşyň şatlygy

«Daýanç» sagaldyş merkezi çagalaryň uly höwes bilen dynç alýan mekanyna öwrüldi.  Irden başlanan sport çärelerinden ruhlanan çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Gyzykly we guramaçylykly ýagdaýda geçirilen sport çärelerinde çagalar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň ýeňijilerine sowgatlar  gowşuryldy.  Soňra  bu ýerde dynç alýan çagalar «Awaza» akwaparkynyň amfiteatrynda Balkan welaýat medeniýet merkeziniň aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryna hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Sahnalarda mähriban dostluk, ajaýyp çagalyk döwri baradaky wakalar görkezildi. Soňra bu ýerde çagalaryň  bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary ýatda galyjy boldy. Çagalar erteki gahrymanlary bolan  aýy, alabaý, towşanjyk, gurbaga, möjek, bars bilen bilelikde şatlandylar. Muňa Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.

Belent başlangyçlara badalga

Ýakynda etrapdaky medeniýet merkezinde etrap häkimliginiň, etrapdaky jemgyýetçilik guramalarynyň, etrapdaky medeniýet merkeziniň we etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — belent başlangyçlara badalga» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Geldimyrat Aşyrow, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Gurbanmyrat Muhammetorazow, TAP-nyň esasy hünärmeni Ogulnäzik Mukymowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Atageldi Gurbanow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin alnyp barylýan beýik başlangyçlar dogrusynda giňişleýin nygtadylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Edebiýatyň göwher täji Golaýda şeýle at bilen TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Durmuşyň bezegi — eziz çagalar

TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet öýüniň hem-de “Arkadagyň bagtyýar nesileri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Bagtyýar nesiller — durmuşyň bezegi” ady bilen labyzly kitap okamak boýunça çäre geçirildi. Çärä welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almaga gelen dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdylar.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

Golaýda Görogly etrabynyň medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň, etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Dana, ussat – pähim-paýhas ummany, beýik şahyr – Magtymguly Pyragy» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa TMÝG-niň etrap geňeşiniň wekilleri, etrabyň medeniýet we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, baý edebi mirasy, berkarar Watanymyzda dana şahyrymyza goýulýan sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Onuň barşynda dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň Köpetdagyň eteginde seleňläp duran belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, beýik şahyryň toýy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dabaraly çäreler hem-de «Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykmagy bilen bagly buýsançly söhbede aýratyn orun berildi.

«Geçmişiň bar, geljegiň bar, ertäň bar — mirasyma, sungatyma sarpam bar»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, çagalaryň taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak, ýaşlaryň arasynda türkmen milli medeni mirasymyzy, halk döredijiliginiň däplerini wagyz etmek we düşündirmek, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine olaryň aň-düşünjesini, ruhy döredijiligini has-da ösdürmek maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Geçmişiň bar, geljegiň bar, ertäň bar — mirasyma, sungatyma sarpam bar» atly şygar astynda gezelenç çäresi guraldy. Gezelençde çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň, halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň ylmy-edebi mirasy hem-de geçmişde yz goýan taryhy şahsyýetlerimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza degişli, hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda alyp barýan il bähbitli işleri, gurulýan ajaýyp desgalar we durmuş ähmiýetli binalar dogrusynda söhbet açýan suratlar, maglumatlar, ýazgylar, arheologik tapyndylar, ek

Sapaly merkezdäki çekeleşikli bäsleşik

«Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşiniň guramagynda geçirilen küşt bäsleşigi çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bäsleşik häzirki wagtda merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sport işjeňligine höweslendirmek, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza, bagtyýar halkymyza wepaly, berk bedenli, ruhubelent nesilleri kemala getirmek babatdaky ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi. Şeýle sport ýaryşlary çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini mazmunly geçirmeginde uly ähmiýete eýedir. Paýhas oýny bilen gyzyklanýan çagalaryň arasyndaky ýaryş ezber türgenleri ýüze çykardy. Gazanan utuklaryna laýyklykda, ýaryşyň ýeňijileri kesgitlenildi we olar baýraklar, Hormat hatlar bilen sylaglandylar.