«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

6 Awgust 2024
162

Golaýda Görogly etrabynyň medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň, etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Dana, ussat – pähim-paýhas ummany, beýik şahyr – Magtymguly Pyragy» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa TMÝG-niň etrap geňeşiniň wekilleri, etrabyň medeniýet we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, baý edebi mirasy, berkarar Watanymyzda dana şahyrymyza goýulýan sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Onuň barşynda dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň Köpetdagyň eteginde seleňläp duran belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, beýik şahyryň toýy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dabaraly çäreler hem-de «Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykmagy bilen bagly buýsançly söhbede aýratyn orun berildi.

Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň bölüm müdiri.