Döwrebap okuw esbaplary

6 Awgust 2024
251

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barha gyzyşýar. Mekdepler täze okuw ýylyna doly derejede taýýar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mekdep okuwçylarydyr talyplary ýörite guralýan mekdep bazarlaryndan uly höwes bilen gerekli harytlaryny saýlap-seçip satyn alýarlar. Satuwa çykarylýan döwrebap hem-de ýokary hilli okuw esbaplary, owadan, laýyk biçüwde tikilen okuwçy lybaslary alyjylaryň göwnüne ýaraýar.

Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarda guralýan mekdep bazarlary mydama köp adamly. Hususy telekeçiler hem öz ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň hem-de lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guraýarlar. Alyjylaryň islegleriniň häzirki ösen döwründe olaryň göwnüne laýyk harytlary hödürlemek, olara göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir.

Bahar AGALYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň esasy hünärmeni.