"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ýürekden bir sözüm bar

Yhlasym ýerine düşdi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar barada uly alada edilýär. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, sagdyn bedenli, ruhubelent bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli işleriň netijesinde biz — ýaşlaryň ýurdumyzyň dürli okuw jaýlarynda okamagymyz hem-de saýlap alan ugrumyz boýunça kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Milli kanunçylyk pugtalandyrylýar Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýat jemgyýetimizi durnukly we sazlaşykly ösdürmekde giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär we pugtalandyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döwrebap kanunçylygy bolsa, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Hyýalymdaky ýodalar

Üstünden köp ýyllaryň geçendigine garamazdan, käbir pursatlar göz öňüňde hemişe janlanyp durýar. Şeýle ýagdaýlar durmuşymyzda barmak basyp sanardan köp däl bolsa gerek. Orta mekdep tamamlanyp, ýokary okuw mekdebine girmek üçin taýýarlyk döwri başlanypdy. Uly höwes bilen öňümdäki synaglara taýýarlyk görýärdim. Şol günlerde synpdaşym hem joram Bägül bilen gije-gündiz diýen ýaly kitap okap, ikimiz hem özümiziň saýlan ugurlarymyz boýunça irginsizlik bilen öwrenerdik. Bägül lukman bolmak isleýärdi, men bolsa kiçiligimden žurnalistika bilen gyzyklanyp, metbugatda ýa-da telewideniýede zähmet çekmek höwesindedim. Günler yzly-yzyna çaltlyk bilen geçip gitdi. Bägül bilen resminamalarymyzy tabşyrmak üçin welaýat merkezine baranymyzda, bizi Aýsoltan gelnejem garşy aldy. Baran günümiz uzak ýoluň ýadawlygyndan soň dynç alyp, ertesi gelnejem bilen resminamalarymyzy tabşyrdyk.

Kompýuter hakynda kelam

Gadymy döwürlerde adamlar çylşyrymly hasaplara zerurlyk duýmasalar-da, wagtyň geçmegi bilen bu zerurlyk ýüze çykypdyr. Şol esasdanam, hasaplamalary ýeňilleşdirmek üçin dürli gurallar işlenip düzülipdir. Şolaryň biri hem halk arasynda «çot» diýlip atlandyrylyp, ol 3 müň ýyl ozal hytaýlylar tarapyndan döredilipdir. 1642-nji ýylda fransuz matematigi Blez Paskal tarapyndan ilkinji mehanik hasaplaýyş enjamy işlenip düzülýär. 1672-nji ýylda nemes matematigi we filosofy Gotfrid Wilgelm Leýbniz Paskalyňky ýaly, ýöne has ösen enjam oýlap tapýar. Goşmak bilen aýyrmakdan başga-da, bu enjamda bölmek, köpeltmek we kwadrat kök amallaryny hem ýerine ýetirip bolupdyr.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga

Ählihalk işiniň ähmiýeti Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýollarymyzyň ak, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen, möhüm meselä uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygam doly şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen taýýarlyk çäreleri işjeň häsiýete eýe bolýar.

Bagtyýarlyk şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, döwrümize buýsanyp ýaşaýarlar. Ýaşlar üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikler olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklaryna, häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän bilim-terbiýe almaklaryna itergi bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Garaşsyz döwletimizde amala aşyrýan beýik işlerimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda ýaşlaryň röwşen geljegi baradaky aladalar esasy wezipeleriň hatarynda durýar” diýlip bellenilmegi hem berkarar Watanymyzda ýaşlar hakdaky alada döwlet syýasatynda ileri derejede ähmiýet berilýändigine subut edýär. Munuň özi ýaşlarymyza halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, Watanymyzyň beýik ösüşlerine goşant goşmaga ruhubelentlik berýär.

Halk Maslahatynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti wagyz edilýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine Ak bugdaý etrabynda hem ähli taraplaýyn taýýarlykly barylýar. Taýýarlyk işleriniň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklarydyr maslahatlar geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesi we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan wagyz-nesihat çärelerinde ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hem-de döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde onuň möhüm orny barada gürrüň edilýär.

Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesi

Kaka etrabynyň Awtoulag kärhanasynda “Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesi” ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan maslahatyň esasy maksady Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini zähmetkeşleriň arasynda wagyz-nesihat etmekden ybarat boldy. Maslahatda edilen çykyşlarda berkarar Watanymyzy ösüşleriň belent derejelerine çykarmakda, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ornunyň bardygy aýratyn bellenip geçildi. Şoňa görä-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň bosagasynda geçjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň ähmiýeti barada aýdylanlar gyzgyn golaw tapdy.

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynyň amatly hyzmatlary

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly internet mümkinçilikleriň giňeldilmeginiň hasabyna jemgyýetiň sanlylaşdyrylmagyna işjeň ýardam edýär. Portalda hasaba alynmak ulanyjylara diňe bir hyzmatlara elýeterlilik bermän, eýsem-de, döwlet edaralary bilen gatnaşyklary kämilleşdirýär. Hasaba alynmagyň esasy sebäpleri:

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody dürli görnüşli resminamalaryň terjimesini hödürleýär

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody hyzmatlaryny giňeltmek bilen, dürli görnüşli resminamalary dürli dillere terjime etmegi hödürleýär. Täze girizilen bu hyzmat zawodyň hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine mümkinçilik berip, dürli dillerdäki zerur bolan resminamalaryň ýokary hilli we çalt terjimesini üpjün etmek bilen, terjime hyzmatyna isleg bildirýän müşderileri kanagatlandyrar.

Halk paýhasy — hazyna

Şu günler ýurdumyzyň çar künjünde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen baglanyşykly dabaralar yzygiderli guralýar. Olarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriljek bu möhüm waka taýýarlyk görlüşi, şunuň bilen bagly öňde durýan wezipeler barada gürrüň edilýär. Geňeşmek — halkymyzda gadymdan gelýän asylly däpleriň biri. Şeýle bolansoň, ol hakda nakyllardyr atalar sözlerinde-de, nusgawy edebiýatymyzda-da aýdylypdyr. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimler muňa mysaldyr. Geňeş-maslahat adamlaryň biri-birine hormatyny öňküden-de artdyrypdyr, olary mertebe zynatyna eýe edipdir. Maslahatly iş öz oňyn netijesinem beripdir. Adamlaryň özara maslahaty netijesinde, köp gowy işlere amal edilipdir. Maslahat diýlende, agzybirlik, jebislik göz öňüňe gelýär. Agzybirlikde toý tutmak, bag ekmek ýaly sogap işler hem şuňa mysaldyr. Halkymyzda, toý tutmakdan öňinçä, golaý goňşular, dogan-garyndaşlar bolup, geňeşmek däbi bar. Ol däp häzirem mynasyp dowam etdirilýär.

...Ýaldyrakda gün sowar

Halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, ýöredip gelýän ýyldyz senenamasynda ýaldyrak döwrüniň uzak dowam edýän döwürdigi hemmä mälim hakykat. Şonuň üçin onuň özboluşly howa aýratynlyklary bilen baglanyşykly maglumatlar hemişe diýen ýaly, adamlary gyzyklandyryp gelipdir. Sebäbi olar bu döwürde döräp biläýjek howa üýtgeşmelerine görä, etsem-petsemlerini öz durmuş tejribelerine esaslanýan çaklamalaryndan ugur alyp, amala aşyrypdyrlar. Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň başlygynyň orunbasary, mirasgär Çerkez Allajykow köpleri gyzyklandyrýan bu sowallar bilen baglanyşykly garaýyşlaryny, oý-pikirlerini şeýle beýan etdi: — Türkmen halkynyň yzygiderli ýöredip gelýän ýyldyz senenamasynda bu döwür uly köpek ýyldyzlar toparyna degişli bolan iň ýagty ýyldyz ýaldyragyň dogmagy bilen başlanýar we 22-nji sentýabra çenli öz hökmüni ýöredýär. Awgust aýynyň 12-sine daňdanlar Günüň dogýan ugrunda enaýyja, ýalpyldap duran ýaldyrak ýyldyzyny gören adamlar şu buýsançly pursatlara şaýat bolandyklaryna begenip, şükür edip, ony ýüzlerine sylýarlar. Ýyldyz senenamasynda iň uzak döwürleriň birini öz içine alýan bu döwür çarwa, çomry hasaplamalaryna we ylmy çaklamalara görä, özboluşly howa aýratynlyklaryna eýedir.

Döwletli ýörelgelere badalga

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy çözgütleriň möhüm ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça Daşoguz şäher häkimligi, TAP-nyň hem-de TDP-niň şäher komitetleri bilen bilelikde «Halk Maslahaty – döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda il sylagly ýaşuly Baýrammyrat Allanazarow, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, TAP-nyň şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, TMÝG-niň şäher Geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimizde halkymyzy jebisleşdiriji güýje eýe bolmak bilen, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň binýatlyk esaslaryny kesgitleýär. Milli döwletliligi, kanuny hukuklary we ýörelgeleri berkitmekde Halk maslahatynyň orny örän uludyr. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady berkden tutulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda

Kombaýnlar möwsüme taýýar

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň oba hojalyk işgärleri bosagada duran pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görýärler. Öňde duran möwsüme guramaçylykly girişmekde we alyp barmakda pagta ýygyjy «John Deere-9565» kysymly kombaýnlaryň 56-synyň guratlygyna oňat düşünýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri degişli işleri geçirdiler. Olar, ilkinji nobatda, pagta möwsüminde işlediljek kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň her birini doly gözden geçirip, zerur bolan halatynda abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Munuň üçin bolsa Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ähli şertler, mümkinçilikler bar. Bu kärhanada möwsüme gatnaşjak işgärler bilen ýörite okuw maslahatlary geçirilip, möwsümde işlediljek tehnikalary bu ugurda tejribesi bolan mehanizatorlara berkitmek boýunça hem tabşyryklar berildi.

Ösüşlere binýat

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň ýakynda kabul eden Karary nobatdaky maslahatyň taýýarlyk işlerine özboluşly badalga boldy. Şonuň bilen baglylykda, şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň çäginde geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbet açylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle bolansoň, ýerlerde guralýan çärelerde şular dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Etrabymyzyň çägindäki «Ýyly suw» şypahanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen şeýle mazmunly duşuşyk oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere, halkymyzy röwşen geljeg

Sazly dünýäniň serwisi

Ýurdumyzda indi birnäçe ýyllardan bäri «Çalsana, bagşy!» atly aýdym-saz bäsleşigini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçirilýän bu özboluşly aýdym-saz baýramçylygy ýaş bagşylaryň ençemesiniň saýlanyp öňe çykmagyna itergi berýär. Golaýda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry döwlet derejesinde geçirilip, onuň ýeňijileri yglan edildi. Şolaryň arasynda ahally bilbil owazly ýaş zenan bagşy Gülbahar Bagşyýewa-da bar. Gülbaharyň bu üstünligi onuň sungatyň jadylaýjy dünýäsindäki iň şowly ädimleriniň biri boldy. Biz golaýda bagşy zenan bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk. — Sungata imrinmek tebigatyň peşgeşi. Ylalaşýaňmy?

Täsirli geçen söhbetdeşlik

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan guralan söhbetdeşlige Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligi, edebi mirasy, ajaýyp döwrümizde şirin dilli söz ussadymyza goýulýan sarpa, gadymy Änewiň şan-şöhrata beslenen taryhy we şu güni dogrusyndaky gürrüň söhbetdeşlige gatnaşanlaryň çykyşlarynyň özeni boldy. Olar berkarar Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, bedew batly ösüşler we özgertmeler barada hem täsirli gürrüň etdiler.

Ak ýollar abadan bolsun!

Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramak, olaryň abadan durmuşda rahat ýaşamaklaryny üpjün etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy orunda durýan wezipelerdir. Her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi hem şeýle aladadan gözbaş alýar. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň esasy maksady raýatlaryň, şol sanda çagalaryň ýol howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak, olaryň asudalygyny goramak bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda bu giň göwrümli çäräniň maksady we ähmiýeti, ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri, söhbetdeşlikler, mowzuklaýyn duşuşyklar geçirilýär. Olarda ýol-ulag hadysasy bilen baglanyşykly wideoşekilli ýazgylaryň görkezilmegi gatnaşýanlarda jogapkärçiligi has-da artdyrýar. Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Döwletli tutumlara badalga

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, şu jähetden oňa düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Karary esasynda bu umumymilli forumy 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Resminama laýyklykda, mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi, bu işleri utgaşdyrmalydygy kesgitlenildi.

Hereket howpsuzlygyny berjaý ediň!

Sentýabr aýynyň gelmegi, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň başlanmagy bilen, ýollarda pyýadalaryň we ulaglaryň hereketi artyp, ýol hereketi görnetin işjeňleşýär. Şeýle ýagdaýda ýol-hereket hadysasynyň ýüze çykmazlygyny gazanmak, adamlaryň barjak ýerlerine sag-aman barmaklary üçin zerur şertleri döretmek esasy wezipe bolup durýar. Munuň üçin biziň döwletimiz ähli çäreleri görýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň janyny, saglygyny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Döwre we onuň ösüşine görä, ýol hereketleriniň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen wajyp işleriň geçirilýändigine garamazdan, ýollarda juda seresaply, ünsli bolmaly. Gynansak-da, kähalatlarda sürüjiler ýol hereketleriniň kadalaryny dogry berjaý etmän, adamyň saglygyna we ömrüne howp salýarlar. Şonuň üçin, pyýadalar diňe bir ýol hereketine gatnaşyjy bolman, eýsem, ulag hadysalary zerarly heläkçilige sezewar bolan adama kömek bermegi-de başarmalydyrlar.