Täsirli geçen söhbetdeşlik

27 Awgust 2024
79

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan guralan söhbetdeşlige Ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy.

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligi, edebi mirasy, ajaýyp döwrümizde şirin dilli söz ussadymyza goýulýan sarpa, gadymy Änewiň şan-şöhrata beslenen taryhy we şu güni dogrusyndaky gürrüň söhbetdeşlige gatnaşanlaryň çykyşlarynyň özeni boldy. Olar berkarar Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, bedew batly ösüşler we özgertmeler barada hem täsirli gürrüň etdiler.

Gülälek ORANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.