Ösüşlere binýat

27 Awgust 2024
116

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň ýakynda kabul eden Karary nobatdaky maslahatyň taýýarlyk işlerine özboluşly badalga boldy. Şonuň bilen baglylykda, şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesi tarapyndan etrabyň çäginde geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbet açylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle bolansoň, ýerlerde guralýan çärelerde şular dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Etrabymyzyň çägindäki «Ýyly suw» şypahanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen şeýle mazmunly duşuşyk oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş-hoşallyklaryny beýan etdiler.

Garly GARLYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň başlygy.