"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ajaýyp eserler — hemişelik gollanma

Düýn Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri — görelde mekdebi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga dürli ulgamlarda zähmet çekýän hünärmenler, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim-paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmäge gollanma bolup durýandygyny aýtdylar.

Bosagada biraýlyk

Däp bolşy ýaly, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýola goýlan bu ählihalk çäresi jemgyýetde howpsuzlygy üpjün etmek, raýatlaryň saglygyny goramak we ömrüni uzaltmak ýaly wajyp wezipelerden ugur alýar. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň köçelerinde we şaýollarynda «akylly» wideogözegçilik ulgamynyň, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän «akylly» ýolyşyklaryň ornaşdyrylmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň iň häzirki zaman tejribesiniň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwür bilen deň gadam urýan ýaş şäheriň döwrebap mümkinçilikleri ýol hereketine gatnaşýan pyýadalaryň we sürüjileriň hukuk garaýyşlarynyň kämilleşmeginde, ýol medeniýetini berjaý etmekdäki hoşniýetli garaýyşlaryň, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmeginde ähmiýeti uludyr.

Täsinlikler mekany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Baş şäherimiziň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belleýär. Bu parasatly jümlelerden ugur alnyp, häzirki wagtda paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalary gurmak, öňden bar bolanlaryň durkuny täzelemek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda bina edilýän desgalary, köçelerdir şaýollary, ýaşaýyş toplumlary, seýilgähleri, şeýle hem beýleki medeni-durmuş maksatly binalary synlanyňda, bu ugurda alnyp barylýan beýik işleri aýdyň görmek bolýar. Aşgabadyň gözelligi, tämiz, arassa howasy ynsana ruhy lezzet berse, milli öwüşginli ak mermerli binalary paýtagtymyzyň binagärlik keşbini görklendirýär. Hakykatdan-da, paýtagtymyzda bina edilýän gözel ymaratlaryň ençemesiniň keşbiniň haýran galdyryjy kämilligi diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, dünýä derejesinde hem ykrar edilendir. Gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň täsin binalarynyň ençemesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi ösüş-özgerişlerimiziň, milli gözellikleriň älem-jahana ýaýrandygyndan habar berýän buýsandyryjy wakalardyr.

Görki ajaýyp Aşgabat

Ak mermere beslenen belent binalary Gün nuruna öwşün atýan gözel paýtagtymyz gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik sungatynyň genji-hazynasy bolan häzirki zaman ymaratlarydyr desgalary bilen kalbyňda buýsanç döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Aşgabat ýurdumyzyň iň gözel şäherine öwrüldi. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň, seýilgähleriň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa ýurdumyzda täsin binagärligiň ösen derejesini äşgär edýär. Döwrümiziň hem-de döwletimiziň beýik nyşanlaryna öwrülen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýaşyl bossanlyga beslenip oturan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýapyk görnüşli syn ediş çarhy, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbi, Olimpiýa şäherçesiniň desgalary, Halkara howa menzili ýaly ençeme binalar Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sahypalarynda orun aldy.

Döwletlilik ýoly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny, kanuny bähbitlerini goramak, nurana ertirlerimiziň eýeleri boljak kämil bilimli, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy artyp, ykdysady kuwwaty pugtalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi uly rowaçlyklara beslenýär. Anyk we ähli zady öz içine alýan bu taglymat hormatly Prezidentimiziň asylly, ynsanperwer maksatlarynyň many-mazmunyny hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de sazlaşykly, okgunly ösdürmegiň esasy özenini düzýär. Häzirki wagtda gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde obalar, şäherçeler, ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş, iri önümçilik maksatly desgalar, beýleki köpsanly binalar gurulýar. Raýatlar üçin täze iş orunlary döredilýär. Bu işler ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, ykdysady kuwwatynyň artmagy, raýatlaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, zähmet çekmegi, döretmegi ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygynyň güwäsidir.

Röwşen geljegimiziň eýeleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýip bellemek bilen, ýaş nesliň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäginde sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler hem munuň buýsançly subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan  «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» bu gün üstünlikli durmuşa geçirilýändigini guwanç bilen bellemelidiris. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzda irki ýaşdan başlap ýaş nesliň goraglylygynyň hem-de mynasyp terbiýelenmeginiň binýadyny berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Şanly ýyla bagyşlandy

Sarahs etrabyndaky “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Müdirligiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçen duşuşyk “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanyp, oňa işçi-hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň rowaçlyklara beslenilişi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Ýaşlaryň hünär öwrenmegi, döwrebap şertlerde zähmet çekmegi, gurmagy, döretmegi, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşmagy babatynda döredilen giň şertlerdir mümkinçilikler barada aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy.

Berkarar döwlet istärin

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä şygryýetiniň genji-hazynasynyň dürdäneleridir. Onuň ajaýyp şygryýeti arkaly türkmeniň ady dünýä edebiýatyna altyn harplar bilen ýazyldy. Beýik Pyragynyň mähriban halkyna arzuw eden berkarar döwleti, bagtyýarlyga beslenen durmuşy bu gün eziz Diýarymyzda hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe-de derwaýysdyr» diýip belleýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Häzirki wagta çenli goýbolsun eden we yza süýşüren meýilnamalarynyň köpüsi hamallaryň ýadyndadyr. Geljek hepdäniň iş maksatnamalarynda olaryň käbiriniň ýene-de öň hatara geçmegi mümkin. Käbir ýagdaýlar işleriňizi gaýtadan guramagy hem talap eder.

Türkmenistan — galkynyşlar mekany

Beýik işleriň rowaçlanýan, döwletli tutumlaryň dowamata atarylýan täze taryhy eýýamy ata Watanymyzyň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýar. Bir agza bakyp, berkarar döwleti binýat eden agzybir halkymyz bu döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa gysga wagtda Türkmenistany galkynyşlaryň mekanyna öwürdi. Galkynyş bar ýerinde ösüş bar, öňegidişlik bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady berkden tutulan beýik döwletimiz bu gün dünýä ýüzünde uly at-abraýa, şan-şöhrata eýedir. Milli Liderimiziň tagallasy bilen işlenip taýýarlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» täze taryhy eýýamyň bedew batly menzillerine badalga berdi. Gysga wagtyň dowamynda amala aşyrylan işler döwrümiziň, döwletimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýdy.

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Milli demokratiýanyň kämil nusgasy Ata Watanymyz Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy hem döwre görä yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Bu işler şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde we dolandyrmakda toplan baý tejribesi, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga hukugyny kepillendirýär. Jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertleri döredýär. Munuň özi Halk Maslahaty, Ýaşulular geňeşi ýaly demokratik düzümleriň döredilmeginde we olaryň il bähbitli işlerinde öz beýanyny tapýar.

Watanyň beýik geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ýaşlar baradaky alada uly orun berilýär. Bu hakykata biz — ýaşlar bagtyýar durmuşymyzyň her bir pursadynda göz ýetirip gelýäris. Türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde bilim-terbiýe almaga, ylym, hünär öwrenmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döredijilikli we joşgunly zähmet çekmäge ähli şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, önümçiligiň we halk hojalygynyň ähli ugurlaryndaky edara-kärhanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen doly derejede üpjün edilmegi biziň her birimiz üçin buýsançlydyr. Bular ýaşlara ruhubelentlik we hyjuw berýär. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesil hakdaky aladanyň rowaçlyga beslenýändiginiň alamaty hökmünde buýsanjymyza buýsanç goşýar. Maksatnama ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni däp-dessurlary wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik we şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek, ýaşlar toparlary

Asyra ulaşan ömür

Dili senaly goja — Çagalyk ýyllarymyzda nämäniň nämedigine-hä anyk göz ýetirip bilmeýärdik welin, şol döwrüň gaty galagoply ýyllar bolandygyna soň-soňlar aň ýetirdik. Onuň yz ýanyndanam uruş diýen bir bela turdy. Men diýen erkek göbekliler Watan goragyna gitdiler. Soň olaryň gideninden gaýdyp geleni az boldy. Obada garry-gurtular, aýallar, çaga-çugalar galdy. Olaram gije-gündize parh goýman depesinden gum sowrup işleýärdiler. Şonda hem halkyň doýa garny doýmaýardy. Öý-öwzar, egin-eşik ýagdaýy hem gaty egbarlydy. Meniň ömrümiň ýigitlik döwri şol heýhatly ýyllara gabat geldi. Ýaşlyk ýelgini bilen sermest bolmaly çagym sähralarda, gyrlarda mal yzynda gezdim. Aňzakly gyşlarda hem uzakly gün süriniň yzynda selpäp, gijelerine dowarlaryň arasyna girip, bagçy goýnuň boýnuna dakan ýüpümizi elimize daňyp, öri meýdanynda gözümiziň awusyny alan wagtymyz köp boldy. Şonda bize sowugam, her hili kynçylyklaram kär etmeýän ýalydy. Bar pikirimiz-küýümiz özümize tabşyrylan işi abraý bilen ýerine ýetirmekdi, Watan öňündäki borjumyzy bitirmekdi. Kynçylyklara seretmezden mallarymyzy gyşdanam başybitin alyp çykardyk, owlak-guzy möwsümini hem göwnejaý geçirerdik. Ylaýym, ol kynçylykly döwrüň geçdigi bolsun. Ony gören biz bolaly, indiki nesiller hem häzirki eşretli zamanamyzyň gadyryny bilip ýaşasynlar!

Ýangyndan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangynlaryň döremeginiň öňüni alyş işleriniň maksadalaýyk geçirilmegi üçin bu ugurdaky düzgünleri pugta berjaý etmegiň zerurdygyny ýatladýar. Senetçilik usulynda ýasalan gaz, elektrik enjamlaryny ulanmak, binadyr desgalaryň golaý ýerlerinde ot ýakmak, guran ot-çöpleri otlamaga ýol bermek, edaralaryň içindäki geçelgeleri dürli goşlardyr çig mallar bilen ýapmak talabalaýyk däldir.

Syýasy işjeňlik — döwrüň talaby

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny berkitmekde ýadawsyz tagalla edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy. Bu kanun jemgyýetimizde giň gatlagy emele getirýän kärdeşler arkalaşygyny döretmegiň, olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuklaryny, borçlaryny, iş berijiler bilen gatnaşygyny, ilkinji guramalaryň ygtyýarlyklaryny, kärdeşler arkalaşyklarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagyny we onuň işiniň kepilliklerini kesgitleýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi häzirki wagtda 7 sany etrap birleşmesini, 1219 sany ilkinji guramany, 167 238 agzany özüne birikdirýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, taryhy maksatnamalary, kabul edilýän kararlary, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ähli ulgamlarda, halk hojalygyny

Talyplyk bagty

Zehinli ýaşlara giň ýol Talyplyk bagtyna eýe bolmak täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň müňlerçesine miýesser etdi. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýip, bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, zehinli ýaşlaryň müňlerçesi özleriniň saýlan hünäri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girdiler. Şanly ýylda talyp bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirýäris.

Eli süýji aşpez zenan

Çagalar üçin iýmit taýýarlamak işi bilen meşgullanmak aýratyn jogapkärçiligi, uly tejribäni, ýokary başarnygy talap edýär. Welaýatymyzda dili-de, eli-de süýji aşpezler az däl. Dänew etrabyndaky 24-nji çagalar bakja-bagynyň uly aşpezi Hatyra Çölliýewa hem şolaryň biri. Ol indi köp ýyldan bäri çagalaryň kadaly iýmitlenmegi ugrunda gujuryny-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýär. agalar bagy diýlende, köpimiziň göz öňümize ilki bilen körpeler we olar bilen gönüden-göni iş alyp barýan terbiýeçilerdir enekeler gelýär. Emma ýaş nesliň kadaly ösmegini, olaryň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak hem ilkinji derejeli meseleleriň biridir. Ine, bu meselede çagalar baglarynyň aşpezleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Hatyra gelnejäniň bitirýän işleri köplere görelde alarlyklydyr. Işjeň zenan öz işini kämil bilýär. Munuň şeýledigi onuň gündelik işini guraýşyndan hem mese-mälim görnüp dur. Tagamnamany möwsüme görä düzmek, çagalaryň sanyna görä gündelik iýmiti taýýarlamak, aşhananyň we iýmit ammarlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik etmek uly aşpeziň işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Aşpez-konditer hünärli zenan wezipe borçlaryna laýyklykda naharlaryň wagtly-wagtynda taýýarlanylmagyny we toparlara paýlanylmagyny hem ünsden düşürmeýär. Şeýle-de ol körpeleriň gündelik iýmitiniň ýokumly we ter önümlerden bolmagy ugrunda ýakyndan aladalanýar. Şonda ussat aşpez gök-bakja önümleriniň, mi

Ak arzuwly ak ýollar

Ak arzuwlara beslenýän ak ýollar ynsany köňlünde beslän maksadyna ýetirýär. Magtymguly atamyzyň: «Yhlas bilen bir kämile gol beren,//Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz» diýip belleýşi ýaly, maňa hem çagalyk arzuwyma gowuşmak miýesser etdi. Mekdebe ýaňy gadam basan günlerimde okuwçylaryň ejeme: «Salam, mugallym!» diýip ýüzlenmekleri mende gaty uly täsir galdyrdy. Şol döwürde öz ýanymdan mugallym bolmagy arzuw edipdim.

Alkyş sözleri dillerde sena

Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik we jebislik Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan wagyz-nesihat çäreleri, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler yzygiderli guralýar.

Naýbaşy orunda halkyň bähbidi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günler giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan bu işleriň gerimi ýokary wekilçilikli edaranyň jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ornuny açyp görkezýär. Halk Maslahatynyň her bir mejlisi demokratiýamyzyň milli däpleriniň döwrebap röwüşde dowam etdirilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrülýär. Agzybir halkymyzyň bähbitlerini esasy orunda goýýan bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleriniň çuňňur mazmunynda döwletiň we raýatyň gatnaşyklarynyň häzirki zaman dünýäsiniň ýokary talaplaryna esaslanmak arkaly, milli kanunçylyk ulgamynyň çäklerinde örän oýlanyşykly, döredijilikli, sazlaşykly ýola goýlandygyna doly göz ýetirmek bolýar. Şunda halkymyza mahsus ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgelerimiziň bu babatdaky umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy guwandyryjydyr.