Täsinlikler mekany

28 Awgust 2024
66

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Baş şäherimiziň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şähergurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belleýär. Bu parasatly jümlelerden ugur alnyp, häzirki wagtda paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap binalary gurmak, öňden bar bolanlaryň durkuny täzelemek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda bina edilýän desgalary, köçelerdir şaýollary, ýaşaýyş toplumlary, seýilgähleri, şeýle hem beýleki medeni-durmuş maksatly binalary synlanyňda, bu ugurda alnyp barylýan beýik işleri aýdyň görmek bolýar. Aşgabadyň gözelligi, tämiz, arassa howasy ynsana ruhy lezzet berse, milli öwüşginli ak mermerli binalary paýtagtymyzyň binagärlik keşbini görklendirýär.

Hakykatdan-da, paýtagtymyzda bina edilýän gözel ymaratlaryň ençemesiniň keşbiniň haýran galdyryjy kämilligi diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, dünýä derejesinde hem ykrar edilendir. Gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň täsin binalarynyň ençemesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi ösüş-özgerişlerimiziň, milli gözellikleriň älem-jahana ýaýrandygyndan habar berýän buýsandyryjy wakalardyr.

Babaguly GOŞAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.