Röwşen geljegimiziň eýeleri

28 Awgust 2024
106

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýip bellemek bilen, ýaş nesliň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäginde sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler hem munuň buýsançly subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan  «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» bu gün üstünlikli durmuşa geçirilýändigini guwanç bilen bellemelidiris. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzda irki ýaşdan başlap ýaş nesliň goraglylygynyň hem-de mynasyp terbiýelenmeginiň binýadyny berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Oguljan EMINOWA,
Tejen etrabyndaky 32-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.