"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Türkmenistan we Hytaý strategik hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrýarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 10-njy maýda HHR-iň Sian şäherine iş saparyna ugradyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Wan I myhmanlary mübärekläp, Hytaýyň netijeli hytaý-türkmen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. HHR-iň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatyny we öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň diplomaty türkmen wekiliýetini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we dostlukly ýurduň halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

AŞGABAT, 12-nji maý (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen forum diňe bir däp bolan görnüşde däl, eýsem, dünýäniň onlarça ýurtlary bilen teleköpri görnüşinde hem geçirilýär.

Türkmenistan — Azerbaýjan: deňiz ulag aragatnaşygy giňeldilýär

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze «Azerbaýjan» paromy geldi. Ol özüniň ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlady. Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda “Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak hem-de demir ýol we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.

Türkmenistan — Hytaý: strategik hyzmatdaşlyk ýoly bilen

AŞGABAT, 9-njy maý (TDH). Şu gün DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar duşuşygyň barşynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler wagtynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda şu ýylyň 6-njy maýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde deglip geçilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Hindistana ynsanperwerlik kömegi

Halkymyzyň ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, COVID-19 pandemiýasy zerarly, agyr synaglary başdan geçirýän Hindistan Respublikasynyň halkyna doganlyk kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ynsanperwerlik ýüküniň sanawyny kesgitlemegi, şu mukaddes Oraza aýynda bu dostlukly ýurda ýüküň guramaçylykly iberilmegini we gowşurylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri sebitiň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary saklap gelipdir. Bu asylly däp nesilden-nesle geçip gelýän parasatly milli ýörelgeleriň biridir. Biziň ýurdumyz bu ýörelgelere eýerip, häzir bütin dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy zerarly çynlakaý synag bilen ýüzbe-ýüz bolan hindi halkyna hem doganlyk goluny uzadýar.

Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: netijeli gatnaşyklar giňeldilýär

6-njy maýda hormatly Prezidentimiziň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi, tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi. HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz dostluk goldawyna ýokary baha berýändigini hem-de şu kyn günlerde Hytaýyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr ýitgi zerarly gynanjyny paýlaşýandygyna sarpa goýýandygyny nygtady.

Möhüm hyzmatdaşlygyň çäklerindäki duşuşyk

6-njy maýda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy hem-de onuň ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde onlaýn duşuşyk geçirdi. Ol ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak meselelerine bagyşlandy. Duşuşyga milli teleradioýaýlymlaryň, metbugat we elektron neşirleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem welaýatlaryňdyr Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre dördünji gezek geçirilip, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň bir bölegidir.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

6-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi.

Hoşniýetlilik we hyzmatdaşlyk

Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmesizligi baradaky konsepsiýa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini emele getirýär. Ol bolsa aslyýetinde, harby däl syýasy-diplomatik serişdeler arkaly ählumumy howpsuzlygyň mäkäm hem uzak möhletli ulgamyny döretmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň syýasy we ylmy-teoretik esasy bolup durýar. Onuň ileri tutulýan ugurlary howpsuzlygyň milli, sebit we global derejesine we syýasy, ykdysady, energetika, suw, azyk, ekologiýa boýunça we howpsuzlygyň beýleki ähli ugurlarynyň berk arabaglanyşyklydygyna bir bitewi garaýşy öz içine alýar.

Halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlyklar

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Daşary işler ministrliginiň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyşy boldy. Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen medeni miras ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu dostlukly ýurduň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan başlap, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çäginde medeni miras boýunça jemi 28 taslama üstünlikli amala aşyryldy. Sergide şol taslamalaryň suratlary görkezilýär. Olaryň arasynda Seýit Jemaletdin metjidiniň syrça bezegleriniň, gadymy Nusaýdaky diwar suratlarynyň, Abu Sahyt Abul Haýyryň gubrunyň, Soltan Tekeşiň kümmetiniň gümmeziniň, şeýle hem türkmen halylarynyň seýrek ýygyndysynyň, golýazmalaryň suratlary bar.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň Sekretariaty tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda bu guramanyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Interaktiw söhbetdeşlikde duşuşyga gatnaşyjylar ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň 29-njy mejlisiniň esasy meselelerini we gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mejlisi şu ýylyň iýul aýynda onlaýn görnüşde geçirmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiziň başlangyçlary rowaçlanýar

2. Öňüni alyş diplomatiýasy we türkmen Bitaraplygy Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar etmek üçin ençeme zerurlyk bar. Şol zerurlyklaryň doly derejeli bolmagy adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, dünýä syýasatynda, halkara gatnaşyklarda-da örän möhüm. Olary birin-birin sanap oturmazdan, 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryny ýada salmak ýeterlik. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi biragyzdan 2015-nji ýylyň sentýabrynda ýakyn geljekde halkara hyzmatdaşlygy ilerletmegiň, durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň esasy hökmünde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan ugurlaryň 15-sini öňe çykaryp, olaryň netijeli çözgüdini tapmagy dünýä bileleşiginiň gaýragoýulmasyz wezipesine öwrüpdi. Şol maksatlara ýetmekde Bitarap Türkmenistan özboluşly daşary syýasy derejesinden ugur alyp, täzeçil başlangyçlary öňe sürmek bilen, aýratyn işjeňlik görkezýär.

Türkmenistan — Bahreýn: döwletara gatnaşyklar berkidilýär

30-njy aprelde milli Liderimiz bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi, şu agyr günlerde hormatly Prezidentimize, maşgala agzalaryna güýç-kuwwat we durnuklylyk arzuw etdi.

Türkmen-özbek dostlugy

Geçen hepdäniň anna güni paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň özbek dilinde neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurlar ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gutlag sözlerini hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem kabul edýän tarapa çakylyk we mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Biziň ýurdumyz ÝHG-nyň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar, bu bolsa uzak möhletli, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, onuň geljegine we mümkinçiliklerine düşünmäge bolan özara gyzyklanmany beýan edýän wakadyr.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşleri

Islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde ulag ulgamynyň örän uly paýy bardyr. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň möhüm şerti hökmünde ýurdumyzda ulag infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň wajypdygyny, sebit we yklym söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň çäginiň gadymy döwürlerde-de Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetli bölegini düzendigini belleýär. Tebigat bilen elmydama aragatnaşykda bolan ynsan guşlary, atlary we beýleki jandarlary synlap, hemişe öz beden tizliginden ýokary tizlige ymtylypdyr. At adamzadyň ilkinji eldekileşdiren jandarlarynyň biridir. Arabanyň oýlanyp tapylmagy hem atyň eldekileşdirilmegi bilen baglydyr.

Ruhy baýlyga sarpa

Golaýda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde» atly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary netijesinde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň mähriban kyblasynyň anna agşamy mynasybetli Gypjakda beren agzaçar sadakasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.