Halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlyklar

6 Maý 2021
1149

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Daşary işler ministrliginiň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyşy boldy.

Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen medeni miras ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu dostlukly ýurduň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerinde 2001-nji ýyldan başlap, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çäginde medeni miras boýunça jemi 28 taslama üstünlikli amala aşyryldy. Sergide şol taslamalaryň suratlary görkezilýär. Olaryň arasynda Seýit Jemaletdin metjidiniň syrça bezegleriniň, gadymy Nusaýdaky diwar suratlarynyň, Abu Sahyt Abul Haýyryň gubrunyň, Soltan Tekeşiň kümmetiniň gümmeziniň, şeýle hem türkmen halylarynyň seýrek ýygyndysynyň, golýazmalaryň suratlary bar.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Hasan MAGADOW.