Hoşniýetlilik we hyzmatdaşlyk

6 Maý 2021
1068

Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmesizligi baradaky konsepsiýa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini emele getirýär. Ol bolsa aslyýetinde, harby däl syýasy-diplomatik serişdeler arkaly ählumumy howpsuzlygyň mäkäm hem uzak möhletli ulgamyny döretmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň syýasy we ylmy-teoretik esasy bolup durýar. Onuň ileri tutulýan ugurlary howpsuzlygyň milli, sebit we global derejesine we syýasy, ykdysady, energetika, suw, azyk, ekologiýa boýunça we howpsuzlygyň beýleki ähli ugurlarynyň berk arabaglanyşyklydygyna bir bitewi garaýşy öz içine alýar.

Myrat Kulyýew,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň müdiriniň orunbasary, uly döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.