"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Beýik söýginiň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere, milli ruhy garaýyşlarymyza uly ähmiýet berilýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly ajaýyp romanynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýän ynamyň hakyky gahrymanlaryň durmuşyndan alnandygy, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň öz eziz kyblasynyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanandygy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» romanynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Enä tagzym – mukaddeslige tazgym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» ýaly ençeme eserlerinde mähriban pederleriň paýhasyna hormat goýmagy durmuş hakykaty bilen utgaşyklylykda anyk maglumatlar bilen subut edýär.

Milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy

Agzybir halkymyz Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny dünýä ýaň saljak dabaralar bilen belläp geçmäge giňden taýýarlyk görýär. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa ajaýyp zamanamyzyň şanly wakasy bolmak bilen birlikde, milli demokratiýamyzyň hem özboluşly dabaralanmasyna öwrüler. Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere, geçen döwürde durmuşa geçirilen işlere seljerme berilmek bilen birlikde, geljekde gazanyljak ösüşlere ýetmegiň anyk wezipeleriniň kesgitlenjekdigini, taryhy çözgütleriň kabul ediljekdigini uly ynam bilen aýdyp bileris. Bu bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli ma

«Jemşidiň jamyna» dünýä hyrydar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen türkmeniň paýhas ummanynyň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir öz ýurdumyzda däl, halkara derejesinde dabaralanýar. Magtymguly Pyragy hakynda söhbet etsek, ilki bilen, 2023-nji ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň belent münberinden eden çykyşy ýadymyza düşýär.  Döwlet Baştutanymyz şonda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň halkara derejesinde belleniljekdigini aýdyp, ussadyň «Adamzat» diýen şygryndan şu setirleri mysal getirmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi:

San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar we ter­bi­ýe

Hä­zir­ki dö­wür­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şy­my­zyň äh­li ugur­la­ry­na iş­jeň or­na­şyp, dün­ýä­mi­zi öz­gerd­ýär. Ýer ýü­zü­niň is­len­dik kün­je­gin­de bol­saň-da, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra duş gel­mek bol­ýar. Bu gün hat­da ki­çi ýaş­ly ça­ga­lar hem dür­li gör­nüş­li san­ly en­jam­la­ry ýe­ňil­lik bi­len peý­da­lan­ma­gy ba­şar­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa­lar dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, ça­ga­lyk döw­ri dü­şün­je­si­ni hem düý­bün­den öz­gerd­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ça­ga­la­ryň kö­pü­si­niň gü­nüň köp bö­le­gi­ni maş­ga­la ag­za­la­ry ýa-da deň-duş­la­ry bi­len oý­na­ma­ga däl-de, komp­ýu­ter­dir smart­fon­la­ra güý­men­mä­ge sarp et­me­gi-de tö­tän­den däl­dir. In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar, bir ta­rap­dan, dur­mu­şy­my­zy gör­ne­tin ýe­ňil­leş­dir­ýän bol­sa, beý­le­ki ta­rap­dan, ki­çi­lik­den dür­li en­jam­la­ry uzak wagt­lap peý­da­lan­mak ça­ga­lar üçin zy­ýan­ly ne­ti­je­le­re hem ge­ti­rip bil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ata-ene­le­re ça­ga­la­ry­nyň elekt­ron en­jam­lar­dan peý­da­la­nyş ter­ti­bi­ni re­je­le­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Luk­man­lar iki ýa­şy­ny dol­dur­ma­dyk ça­ga­la­ryň elekt­ron en­jam­lar­dan peý­da­lan­ma­gy­na ýol ber­mez­li­gi mas­la­hat ber­ýär. Çün­ki şu dö­wür­de ça­ga­nyň beý­ni­si, nerw ul­ga­my ejiz bo­lup, elekt­ron en­jam­lar­da­ky wi­deo­la­ra to­ma­şa et­mek ýa-da oýun­la­ry oý­na­mak onuň gep­l

Awaza – gözel mekan

Dünýä syýahatçylygynyň merjeni hasaplanylýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Ýer ýüzüniň jahankeşdeleriniň uly gyzyklanma bildirýän künjegi bolup, onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän dynç alyş, saglygy dikeldiş, sport hem-de myhmanhana toplumlarynyň ençemesi bar. Sanlyja ýyllaryň içinde gurlup, halkyň hyzmatyna berlen şol kaşaň binalar Hazaryň türkmen kenaryny jenneti mekana öwürdi. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri saglygy berkitmäge, bedeni taplamaga hem şert döredýär. Gözel mekanda ýahta we sport klublary döwrebap derejede hyzmat edip, olaryň gurluşygynda millilige hem aýratyn üns berlipdir. Bu ýerde iri sport çäreleri, ýaryşlary, özara duşuşyklary, türgenleşikleri geçmek üçin hem sport merkezleri, toplumlary hereket edýär. Dost-doganlyk mekany hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyllaryň dowamynda halkara derejesindäki forumlaryň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi. Ýakynda bu ajaýyp ýerde «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleriniň üstünlige beslenip geçirilmegi, oňa Russiýa Federasiýasyndan hem mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy diýseň begendirýär. Bu giň göwrümli çäreleriň çäginde ýaňlanan aýdym-sazlaryň deňiz kenaryny ala-ýaza besländigini, olarda bagtly çagalygyň, dost-doganlygyň we Awazanyň wasp

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Aziýanyň merjeni Aşgabat – täze sport mümkinçilikleriniň mekany» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatynda çykyş eden kärdeşlerimiz gözel paýtagtymyzyň sport mekdepleridir desgalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler we gazanylan netijeler baradaky buýsançly söhbetler maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp alkyş aýdýarys.

Täzelik

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde bugdaýy gaýtadan işläp, ondan un öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynyň meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi. Has takygy, bu döwürde kärhana boýunça 24 müň 39 tonna un, 7 müň 326 tonna kepek, 600 tonna bugdaý ýarmasy, 10 müň 295 tonna tüwi öndürildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 74 million 829 müň 971 manatlyga deň boldy.

Milli Liderimiziň ynsanperwerlik ýoly bilen

«Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar».                                                                     Magtymguly Pyragy. Makalamyza beýik Magtymgulynyň sözlerini ýöne ýere giriş edip almadyk. Ol söz açýan temamyzyň süňňüni düzýän pikirleri doly häsiýetlendirýär. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» romanynyň hem hut şu senaly setir bilen açylýandygyny bellemelidiris. Mälim bolşy ýaly, bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň gysga, emma yhlasly zähmet we çuňňur adamkärçilik bilen uly mana eýe bolan ömri beýan edilýär. Ony adamlar diňe ýagşylykda ýatlaýarlar. Berdimuhamet aganyň ynsana garaşyk etmek häsiýeti häzir asylly maşgala we terbiýe däbi, tutuş ýurt derejesinde bolsa ynsanperwer ýörelge hökmünde dowam etdirilýär.

Rowaç tutumlaryň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem bolelin, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýylymyzy bezejek, kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler. Umumymilli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.

Täzelik

Halkyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki 2-nji çörek kärhanasynda netijeli işler alnyp barylýar. Kärhanada şu ýylyň geçen ýedi aýynda çörek we çörek önümleriniň 9 müň 860 tonnasy, unaş önümleriniň hem 292 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 27 million 820 müň 525 manatlyga deň boldy. Ýedi aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.

Döwletli maslahata taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bagtyýar ýaşlaryň ykbalyna hem özgerdiji täsirini ýetirer. Çünki öňki mejlislerde hem ýaş nesliň geljegi bilen baglanyşykly birnäçe özgertmelere badalga berlipdi. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzdaky edara-kärhanalarda «Döwletli işler halkyň bähbidine» diýen at bilen geçirilýän maslahatlarda giňden durlup geçilýär. Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetini giň halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärelerde edilýän çykyşlarda bu ählihalk forumynyň ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere badalga bolýandygy nygtalýar. Şeýle hem bu döwletli maslahata taýýarlyk görmek boýunça welaýatymyzda alnyp barylýan guramaçylykly işler barada giňden durlup geçilýär.

Wagyz-nesihat çäreleri

Sagdyn durmuşyň höziri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagy bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy bilen bagly çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu wezipäniň maksady bolsa, sagdynlygyň hemmelere baş ýörelge bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Golaýda şu meseleden ugur alnyp, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrabyň Agzybir geňeşligi bilen bilelikde ady agzalan geňeşlikde “Ýörelgämiz — sagdynlyk” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärä TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Agzybir, Daýhan, Soltanyz geňeşlikleriniň işgärleri we oba adamlary gatnaşdylar.

Doganlyk. dostluk. ynanyşmak

Taryhdan bilşimiz ýaly, amatly geoykdysady ýerleşişi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýanyň ägirt uly mümkinçilikleri gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen açylypdyr. Bu sebit Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» bolup gelýär. Şonuň üçin-de sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, taryhy çykyş etmegi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm çemeleşmedir. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklar barha ýygjamlaşýar. Bu iri sebiti örän güýçli we çalt depginler bilen ösýän, şonuň ýaly-da geljegi uly ykdysady sebitlere goşmaga ähli mümkinçiliklerdir artykmaçlyklar bar. Aslynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň döredilmegi şu taryhy jähetden ugur alypdy. Dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary bu formatyň çäginde 2018-nji ýylda Astanada, 2019-njy ýylda Daşkentde, 2021-nji ýylda Türkmenbaşyda, 2022-nji ýylda Çolpon-Atada, 2023-nji ýylda-da Duşenbede duşuşypdylar. Şol sammitler konsultatiw duşuşyklaryň öz wagtynda öňe sürlen başlangyçdygyny, sebitiň ösüşine goşmaça itergi bermekde derwaýys ähmi

Sahawat we şepagat

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalar häzirki tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde öz ene-atalary bilen dynç alyp, saglyklaryny dikeldýärler. Bu ýerde çagalar ýoda baý deňiz kenarynyň howasy esasynda aromoterapiýa, ýyly çägede psamoterapiýa, kenar läbiginde pelloidoterapiýa, deňiz suwunda talassoterapiýa, Gün şöhlesinde gelioterapiýa, dürli daşlar bilen owkalamada stounoterapiýa we merkeziň düzüminde hereket edýän bölümlerinde balneoterapiýa, suw bilen bejeriş we fizioterapiýa usullary arkaly netijeli dikeldiş bejergilerini kabul edip, saglyklaryny dikeldýärler.

Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli däplerimize eýerilip geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýşynyň mynasyp derejesini üpjün etmek babatda düýpli öňegidişlikleri gazanmak bilen birlikde, halk häkimiýetiniň ýörelgelerini hem döwrebap görnüşde kämilleşdirýär. Şunda asyrlaryň dowamynda milletimiziň ykbalyna, ruhy gymmatlyklaryna siňen döwletlilik ýörelgeleriniň gözbaşynda durýan döwletiň we raýatlaryň özara hyzmatdaşlygy berkeýär.

Özygtyýarlylyk we Garaşsyzlyk — durnukly ösüşiň ýoly

Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny uly joşgun we dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görýär. Şeýle günlerde ýurdumyzyň durnukly ösüş ýoly bilen öňe gitmeginiň düýp esaslary hakda söhbet etmek buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşleri ulgamlaşdyryp, taryhyň beýik işler, halk bilen bilelikde, halk üçin edilen beýik amallar bilen ýazylýandygyny bellemek bilen: «Ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň muşdagy. Ösüş elmydama täzeçil pikirlenmelere, çynlakaý çemeleşmelere intizar. Durmuş her pursatda aýgytly gadamlara garaşýar, gerek ýerinde töwekgellikleri halaýar. Gadymdan gelýän hakykatlar täze döwrüň ruhy bilen utgaşanda, ýaşaýşyň hörpi başgaça bolýar. Ynsanlar her pursatda bagtyň, her günde özüne mahsus rysgyň, her ýagşy hereketde berekediň bardygyna ynanyp, uýup hem-de şol aýratynlygy duýup ýaşaýar» diýen, döwrümiziň waspyny beýan edýän, çuň manyly gysgaça häsiýetlendirmesiniň nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň ähmiýetini, mazmunyny, oňyn netijelerini görmek bolýar. Bu filosofik kesgitlemede taryhy wakalaryň özara baglanyşygy, maksada ýetmegiň strat

Artýan islegler kanagatlandyrylýar

Bazarlary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek öňde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, täzeden-täze önümler halka ýetirilýär, olaryň görnüşleri artdyrylýar. Şeýle işleri amal etmäge Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli fabriklerdir toplumlar hem önjeýli goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň alyp barýan işleri bilen tanşanyňda-da, anyk göz ýetirmek bolýar. «Ýeňiş» tikin fabrigi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýarym ýylyny zähmet üstünliklerine besledi. Şol döwürde bu ýerde dürli görnüşli köýnekleriň 180 müň 360-sy tikildi. Bu görkeziji meýilnamanyň 105 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna

Halkymyzyň çüwen ykbaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda we halkara derejede ençeme üstünliklere beslenmek bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda halkymyz öz naýbaşy baýramyny, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagynyň otuz üç ýyllyk toýuny ýokary derejede belläp geçýär. Ata-babalarymyzyň gözüniň göreji deýin ezizlän mukaddes topragynda 33 ýyl mundan öň berkararlyk ýaňy bolup dogan «Garaşsyzlyk» atly bagtynyň Hydyr gezen çöllerde, Kowus gezen daglarda ykbalyny, rysgyny, ömrüni, onuň manysyny ata Watanyna baglan şol gadymy kowumyň nesillerine eçilýän nury has ýalkymlydyr.

Täzelikler

Welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda ýükleriň 61 million 429 müň tonnadan gowragy daşaldy, ýolagçylaryň bolsa 95 million 773 müňüsi gatnadyldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr. Bu möhüm işe «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň welaýatymyzdaky kärhanalarynyň sürüjileri netijeli gatnaşýarlar. Olaryň yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde şu ýylyň tamamlanan döwründe ýük we ýolagçy dolanyşygy geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä degişlilikde, 4,5 göterim hem-de 12,5 göterim artdy.

Yhlasly zähmetiň mynasyp miwesi

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerini üstünlikli berjaý etmek her bir zähmetkeşler köpçüliginiň watançylyk borjudyr. Welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň öz borjuna wepaly işgärleri hem şanly ýylda ýokary netijeli zähmet çekmegiň gowy nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň tamamlanan ýedi aýynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirip bolýar. Has takygy, şu ýylyň geçen döwründe öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 14 milliard 610,3 million manada barabar boldy. Şonça önümiň 3,6 milliard manatlykdan gowragy döwlet böleginde öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen senagat önümleriniň artyş depginleri himiýa, un üweýji-ýarma we dürüşdelenen iým, azyk senagaty kärhanalarynda emele geldi.