Täzelik

23 Awgust 2024
102

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde bugdaýy gaýtadan işläp, ondan un öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynyň meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi.

Has takygy, bu döwürde kärhana boýunça 24 müň 39 tonna un, 7 müň 326 tonna kepek, 600 tonna bugdaý ýarmasy, 10 müň 295 tonna tüwi öndürildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 74 million 829 müň 971 manatlyga deň boldy.