"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Döredijilik menzilleri

Şygryýet älemi täsin dünýä çalym edýär. Bu äleme seýli-seýrana çykanyňda, söz diýilýän gudratyň jadysyna, gözelligine aşyk bolmazlyk mümkin däl. Şahyrlaryň şahyrana kalbyndan joşup çykýan sözler şygryýet dünýäsiniň bezegine öwrülip, ynsan ýüregini ýakymly duýgudan doldurýar. Annageldi Källiýew hem indi onlarça ýyllar bäri öz goşgulary bilen türkmen şygryýetiniň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşup gelýär. Baryp-ha obalaryndaky 6-njy orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýarka-da, ol goşgy ýazan eken. Ol çagalyk ýyllaryndan başlap goşgy ýazmak, aýdym aýtmak, matematikany öwrenmek bilen yzygiderli meşgullanypdyr. Şol ýyllarda, has takygy, 5-nji synpda okaýarka Annageldi Källiýew matematika ugrundan etrap boýunça geçirilen olimpiadada ýeňiji bolupdyr. Şeýle hem, 5-nji synpdan başlap, ol eline mandolina saz guralanda aýdym aýtmagy öwrenipdir. Çagalykda gursagyňa ornan, ruhy syrdaşyňa öwrülen söýgi — şygryýete, çeper söze, sungata söýgi hiç haçan öçmeýär. Munuň şeýledigini şahyryň çagalyk ýyllaryndaky ilkinji synanyşyklarynyň mysalynda hem göz ýetirip bolýar.

Alp attila

Ömür beýany (Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanlarynda) Rime gelen ilkinji günlerinden Attilany geň galdyran hem hopukdyran köşgüň howasy boldy. Möýüň kerebi ýaly bulam-bujarlyk, gurulan hem guruljak duzaklar, bäsdeşligiň hem basdaşlygyň netijesiniň diňe ölüm bilen soňlanmagy, haýsydyr bir maksat üçin doganlygyň, dostlugyň pida berilmegi, bähbit üçin iň pis pygyllaryň amala aşyrylmagy bu ýerde adata öwrülen eken. Sährada beýle ýagdaýlary göz öňüne getirmek, guramak asla mümkin däl. Dönüklik, biwepalyk, göriplik bardyr. Ýöne beýle derejede bolup biljegine ähtimal bermegem akyla syganok.

Gyrgyz hekaýatlary

Dünýä halklary bilen dostluk gatnaşygyny barha ösdürýän Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, abadan durmuşy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmegi boldy. Parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli gatnaşyklar, dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk bular Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy sütünleri hasaplanýar. Biziň ýurdumyz goňşy hem alysky ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giň gerim bilen täze derejelere çykarýar. Çünki dostluk gatnaşyklary doganlyk halklar bilen aralykdaky köprüleri has berkidýär, jebisleşdirýär. Dünýä halklarynyň medeniýeti we edebiýaty halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmakda mynasyp orny eýeleýär. Hut şonuň üçin-de bizem daşary ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini terjime edip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Žurnalymyzyň şu sanynda gyrgyz ýazyjysy Kanybek Imanaliýewiň eserlerini okyjylara hödürleýäris.

Ýükçi

Ähli döwürde-de janly-jandar, bag-bakja, ekin-dikin üçin, umumy adamzat ýaşaýşy üçin suw ilkinji zerurlyk bolupdyr. Dagyň eteginde kärizleri gazyp, daýhanlar suwaryş işlerinde ulanypdyrlar. Derýalardan, howdanlardan suw akabalaryny çekip, tekiz ýerlerde ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Iri suw akabalaryndan birnäçe menzil ýaplary gazyp, ilatly ýerlere getiripdirler. Şol ýaplary gazmak üçin ýer tekizliginde ýapgyt ugurlary bilmek kyn bolupdyr. Suw akymynyň ýapgyt ugurlaryny bilmek üçin ata-babalarymyz özleriçe usul oýlap tapypdyrlar. Suwaryş ýaplaryny çekmezden ozal ýeriň pes ýerini anyklamakda adamlar aglaba, eşegi ulanypdyrlar. Onuň üçin kürreli eşegi ot-iým bermän, iki-üç günläp aç saklapdyrlar. Eşegi münüp derýadan, howdandan ýa-da uly suw akabasyndan saka aljak ýerine gidipdirler. Gaýdyşyn eşegiň üstüne iki çuwal çäge ýükläp gaýdypdyrlar. Üsti agyr ýükli eşek hiç mahal beýik tarapa dyrmaşmaýar. Ol hem açlygyndan hem kürresini küýsäp, ýeriň ýapgyt ugruna tarap ýapbyldap gaýdýar. Ine, şeýdip, onuň ýörän yzyny belläp, soň şol ugur boýunça ýaplary gazypdyrlar. Suw baran ýerde bolsa, dürli ekinleri ekipdirler.

Dostlugyň nusgasy

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň uzak müňýyllyklaryň dowamynda döreden däp-dessurlaryny, gyzyla gaplaýmaly hekaýatlaryny, adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny bize peşgeş berdi. Mähriban Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda taryhy şahsyýetler bilen baglanyşykly gyzykly, täsin rowaýatlary hem beýan edýär. Şol hekaýatlardyr rowaýatlarda meşhur şahsyýetleriň taryhy keşbi janlanýar. Dostlugyň we dilewarlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen Soltansöýün bilen Myralynyň ömür ýoly baradaky rowaýatlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Mähriban Prezidentimiz Soltansöýüniň Myralynyň akyl-paýhasyny synap görmek üçin ondan: — Ýalan bilen çynyň arasy näçe menzildir? — diýip, sorandygyny ýazýar.

Hekaýatlar — ruhy-ahlak çeşme

Halk döredijiligi ertekiler, mifler, efsanalar, rowaýatlar, şorta sözler ýaly birnäçe görnüşleri öz içine alýar. Bu žanrlaryň iň gadymy görnüşleriniň biri-de hekaýatlardyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» kitabynda: «Halk döredijilik eserleriniň ýaremezan, erteki, rowaýat, hekaýat, tymsal, dessan, epos... ýaly görnüşleriniň hem halkymyzyň ruhy medeniýetini öwrenmekde we ýaş nesli terbiýelemekde ähmiýeti bimöçber uludyr» diýip jaýdar belleýär. Alym R. Rejebow «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly ylmy işinde hekaýat diýip nusgawy edebiýatda öwüt-nesihat mazmunly, gowy adamçylyk häsiýetlerini ündeýän goşgy, köplenç mesnewi bilen ýazylan eserlere aýdylýandygyny belleýär.

Milliligiň çeper beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň maddy-ruhy medeniýetini öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu babatda edebi çeşmelere ýüzlenmek, olaryň üsti bilen halkymyzyň etnografiýasyny seljermek möhüm ylmy wezipe bolup durýar. Türkmen halkynyň etnografiýasynyň şöhlelendirilşi 1950—1970-nji ýyllaryň edebi eserlerinde öz beýanyny tapypdyr. Bu döwürlere degişli etnografik maglumatlar Naryman Jumaýewiň (1925—1984) eserlerinde-de giňden beýan edilýar. Tanymal ýazyjynyň kitaplary çeper dil bilen durmuşy ýagdaýlary iňňän anyk suratlandyrmagy bilen halkyň kalbynda giň orun aldy. Naryman Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» powesti 1962-nji ýylda çapdan çykdy. Onuň esasynda 1969-njy ýylda adybir kinofilm hem surata düşürildi. Kinofilmde-de halkymyzyň däp-dessurlary, maşgala gatnaşyklary görkezilýär. Powestde bu babatda has köp maglumatlar bardyr. Olaryň üsti bilen ХХ asyryň 50-60-njy ýyllarynda halkymyzyň etnografiýasyny öwrenmek bolýar. Eserde maddy-ruhy medeniýetiň köp taraplary beýan edilýär. Eseriň baş gahrymanlary Selbi we Jemşit birek-biregi gowy görýärler, toý tutýarlar. Wakalar olaryň toýuna çenli we ondan soňky bolup geçýän ýagdaýlary şöhlelendirýär. ХХ asyryň 50-60-njy ýyllarynyň durmuşynyň wakalary bu eserde giň gerim alýar, olaryň beýan edilişi etnografik jikme-jikligi bilen tapawutlanýar.

Baýdagym

Türkmen sährasynyň reňkin alypdyr,Geçmişden gözbaşyn alan Baýdagym.Atalarmyz namys-ar deý söýüpdir,Geçmişden gözbaşyn alan Baýdagym. Gudrat deýin deňäp mukaddeslige,Erkinlik nusgasy bagtyýar nesle,Pasyrdap ýetirýäň arzuw-islege,Geçmişden gözbaşyn alan Baýdagym.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Watanym Gülzara öwrüldi belendi-pesi,Şu güni bagtyýar, ýagty ertesi,Eger bar diýilse behişt ençesi,Sen birisiň, bolmaz güman, Watanym!

Nesibeli myhman

(Hekaýa) Işinden ýadap gelen Kyýasyň öňünden çykan bäş ýaşlyja gyzy Leýlajygyň jedirdisi ýadawlygyny zym-zyýat etdi.

Magtymguly PYRAGY

ATY GEREK At gazanar goç ýigidiň,Owwal bedew aty gerek.Gelene garşy durmaga,Ýagşy muhabbeti gerek.

Bir döwüm çörek (Hekaýa)

Siz çöregiň gudratdygy, keramatdygy hakyndaky gürrüňlere öň hem ynanýansyňyz, ýöne meniň gürrüň berjek bu wakamdan soň ol ynanja bolan garaýşyňyz has hem artar. O nähili waka diýýärsiňizmi? Ol waka baryp-ha mundan ýigrimi bäş ýyl ozal bolupdy. ...Şol gün şenbe günüdi, howanyň biraz sowujagy bardy, demirgazykdan öwüsýän şemal ýüzüňi ýalap-ýalap geçýärdi. Mergen ol wagtlar ýokary okuw mekdebiniň dördünji ýylynda okaýardy. Okuwlar bilen gowy öwrenişipdi. Şol günem okuw sapaklary tamamlanyp daş çykanlaryndan soň, orta atylan pikirler garyn doýurmak barada boldy. Bu bolsa olaryň ajygandyklaryny aňladýardy. Mergeniň: «Wah, şu mahal bir döwüm gyzgynjak tamdyr çöregi bolsa, men-ä başga zat iýmezdim» diýeni hem şoldy welin, dosty Arslan:

Şygryýet

Arkadag Asuda asmanly Garaşsyz ýurdum,Döwrümize şan berdiňiz, Arkadag!Zemine behişdiň nuruny çaýyp,Döwrümize şan berdiňiz, Arkadag!

«Magtymguly diýip adym tutsalar»

Indi elli ýyldan gowrak wagt bäri Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde türkmen nusgawy şahyry Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana hereket edýär. Bu günki günde kitaphana ýerli ýaşaýjylaryň we onuň myhmanlarynyň uly höwes bilen gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Ol diňe bir Kiýew şäheriniň medeni-aň bilim ojagy bolman, eýsem, türkmen we ukrain halklaryny biri-birine ruhy taýdan has-da ýakynlaşdyrýan medeni merkezleriň biridir. Biz gazetimiziň şu sanynda kitaphananyň müdiri Ýuliýa Lopatinanyň redaksiýamyza iberen makalasyny okyjylara ýetirýäris.

Arkadagyň kitaplary

Arkadagyň peşgeş beren,Kitaplaryn okalyň.Many doly jümlelerden,Paýhas alyp bekäliň. Watansöýüji, dana kalpdan,Alypdyr ol gözbaşy.Bu kitaplaň her bir sözi,Bir esere sözbaşy.

Şygryýet

Söz parlak Gündür, ol ýüreklerde dogup, asyrlary ýagtyldýandyr. Bedewler

Gelneje

Çagalyk döwrümdi, 8-9 ýaşlarymdadym. Ejemiň: «Gelin edinýäs, nesip bolsa» diýen şatlykly sözleri öýümize dolandan soň, meniň bilesigelijiligim artyp, gelnejemi göresim gelip başlady. Her gezek gudalaryna gidende, ejemden galmajak bolup, göýä sakyrtga ýaly ýapyşýardym. Ýöne barybir ejem meni öýde goýup gidýärdi. «Indiki dynç güni ýene gudalara gitjek» diýip aýdandan soňra, özümi alyp gitmegini sorap, ejeme özelenip ýalbardym. Bu gezek ejem maňa dözmedi, onsoňam kakam: «Gidäýsin» diýensoň, ejem meni gelnejemlere alyp gitmäge razy boldy. Dynç güni ir bilen awtobusly Arçmandan çykyp, ýarym sagadrak töweregi ýol ýöräp, Bäherdene gelnejemlere gelip düşdük. Howluda çagalar aşyk oýnap ýördüler. Olaryň oýunlaryna goşulşasym gelse-de, maksadym gelnejemi görmek bolansoň, ejemden galman, öýe girdim. Öýe giräýen ýeriňde, sag otagyň gapysy çalarak açykdy hem-de ol ýerden gyzlaryň gülki sesleri eşidilýärdi. «Gelnejeň şu otagda» diýip, ejem meni ýaňky işigi açyk otaga saldy-da, beýleki otagda oturan aýallaryň ýanyna geçip gitdi.

Durmuş (hekaýa)

Garaşylmadyk habaryň adamyň enterpelegini aýlaýmasy geň zadam däldir welin, meniňki olam däl. Haçandan bäri garaşyp ýören habarym. Näme habardyr öýdýäňiz? Meniň bolup ýörşümi görenler-ä garaşýan habarymyň bäbekhanadan gelmelidigine bada-bat düşünselerem düşünerler. Ýöne, muňa garamazdan, meniň bolşum düýbünden başgaçady. Bir pikir eden zadymy telim pikir edip, bir eden işimi soň ýene gaýtalap, garaz, öz wagtymy özüm «iýip», bäbekhana gitmeli wagtyma sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýörşümdi. Ýöne meniň ähli başagaýlygym hoş habary eşidişimdäki düşen ýagdaýymyň ýanynda hiç zat boldy galyberdi.

Kerwensaraý kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 22-nji ýanwardaky sanynda) Merhemet hem mürrewwet menzilgähi

Kaşgarlyda söýginiň beýany

Alymyň ýazmagyna görä, türki halklar söýgi manysynda «üzik» (yşk, muhabbet, joşgunly söýgi), «isiglik» (söýgi, yssylyk), «tuzak» (adamyň söýgülisi, söýgi hakda aýdan sözi) sözlerini ulanypdyrlar. Bu döwürde «söýgüli» manysynda «sewük» sözi ulanylypdyr. Dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda ýazan «Diwany lügat at-türk» atly ensiklopediki sözlügi — türki halklaryň diliniň taryhy babatynda tapylgysyz hazynadyr. Kaşgarlynyň eserinde söýgi temasy hem öz beýanyny tapypdyr. Alymyň ýazmagyna görä, türki halklar söýgi manysynda «üzik» (yşk, muhabbet, joşgunly söýgi), «isiglik» (söýgi, yssylyk), «tuzak» (adamyň söýgülisi, söýgi hakda aýdan sözi) sözlerini ulanypdyrlar. Bu döwürde «söýgüli» manysynda «sewük» sözi ulanylypdyr.