Gyrgyz hekaýatlary

16 Fewral 2021
946

Dünýä halklary bilen dostluk gatnaşygyny barha ösdürýän Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, abadan durmuşy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmegi boldy. Parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli gatnaşyklar, dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk bular Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy sütünleri hasaplanýar. Biziň ýurdumyz goňşy hem alysky ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giň gerim bilen täze derejelere çykarýar. Çünki dostluk gatnaşyklary doganlyk halklar bilen aralykdaky köprüleri has berkidýär, jebisleşdirýär.

Dünýä halklarynyň medeniýeti we edebiýaty halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmakda mynasyp orny eýeleýär. Hut şonuň üçin-de bizem daşary ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini terjime edip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Žurnalymyzyň şu sanynda gyrgyz ýazyjysy Kanybek Imanaliýewiň eserlerini okyjylara hödürleýäris.

Terjime eden Soltanýaz ŞAÝYMOW