Gelneje

11 Fewral 2021
1109

Çagalyk döwrümdi, 8-9 ýaşlarymdadym. Ejemiň: «Gelin edinýäs, nesip bolsa» diýen şatlykly sözleri öýümize dolandan soň, meniň bilesigelijiligim artyp, gelnejemi göresim gelip başlady. Her gezek gudalaryna gidende, ejemden galmajak bolup, göýä sakyrtga ýaly ýapyşýardym. Ýöne barybir ejem meni öýde goýup gidýärdi. «Indiki dynç güni ýene gudalara gitjek» diýip aýdandan soňra, özümi alyp gitmegini sorap, ejeme özelenip ýalbardym. Bu gezek ejem maňa dözmedi, onsoňam kakam: «Gidäýsin» diýensoň, ejem meni gelnejemlere alyp gitmäge razy boldy.

Dynç güni ir bilen awtobusly Arçmandan çykyp, ýarym sagadrak töweregi ýol ýöräp, Bäherdene gelnejemlere gelip düşdük. Howluda çagalar aşyk oýnap ýördüler. Olaryň oýunlaryna goşulşasym gelse-de, maksadym gelnejemi görmek bolansoň, ejemden galman, öýe girdim. Öýe giräýen ýeriňde, sag otagyň gapysy çalarak açykdy hem-de ol ýerden gyzlaryň gülki sesleri eşidilýärdi. «Gelnejeň şu otagda» diýip, ejem meni ýaňky işigi açyk otaga saldy-da, beýleki otagda oturan aýallaryň ýanyna geçip gitdi.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW,
«Adalat».