"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Abadançylygyň, asudalygyň, parahatçylygyň kepili

Parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan Bitaraplyk hukuk derejämiz halkymyzyň milli däplerine we garaýyşlaryna laýyk gelýän ýörelgeleri özünde jemleýär. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrundaky tagallalary, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan başlangyçlary hem şol ýörelgelerden gözbaş alýar. Bu syýasatyň Ýer ýüzünde uly goldawa eýe bolýandygy örän buýsançlydyr. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini goldap çykyş eden dünýä döwletleri bu gün paýtagtymyzyň Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülendigine, güneşli Diýarymyzyň öz borçlaryna gyşarnyksyz eýerýändigine aýdyň göz ýetirýärler. Bitaraplygymyzyň ýörelgelerine eýermek bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar sebitde, şeýle-de tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň berk binýadyna öwrülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bitaraplyk ýörelgelerimiz täze derejä çykdy hem-de has çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Şeýlelikde, ol daşary syýasatymyzyň esasyny düzmek bilen, ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, halkymyzyň asuda, abadan, eşretli ýaşaýşyny

Ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşy

Ajaýyp döwrümizde ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzyň at-abraýy täze belentliklere galýar. Munuň özi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp alyp barýan daşary syýasatynyň, durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde mümkin bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasatymyzam, ynsanperwer işlerimizem merdana halkymyzyň hoşniýetli däp-dessurlaryna, asylly ýörelgelerine, milli gymmatlyklaryna daýanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde we sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan  «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi, şonuň ýaly-da gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri munuň subutnamalarydyr. Arkadagly Serdarymyz: «Biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys» diýip nygtaýar. Bu gatnaşyklar dünýäde parahat durmuşyň, abadan

Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabyndan

Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär. * * *

Ýaşasyn!

Arzuw-umytlary hasyl eýleýen,Hemişelik Bitaraplyk ýaşasyn!Ýer ýüzünde ykrar bolup beýgelen,Hemişelik Bitaraplyk ýaşasyn! Alnymyzdan ak günleri atyran,Dostluk sazyn şirwan perdä ýetiren,Köňüllerde waspy arşa ýetirlen,Hemişelik Bitaraplyk ýaşasyn!

Dünýä ykrarynyň belent nusgasy

«Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýen jümläni durmuşa geçirilýän tutumly işleriň esasy ýörelgelerine öwren hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilige, agzybirlige, abadançylyga gönükdirilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Bu babatda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler saýlanyp alnan daşary syýasat ýörelgämiziň dogrudygyny we aýdyňdygyny görkezdi. Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan ata Watanymyz öz ösüşiniň ajaýyp eýýamyna gadam basdy. Dünýä döwletleri bilen gysga wagtda ýola goýlan ygtybarly hyzmatdaşlyk Türkmenistany parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän kuwwatly döwlete öwürdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda 185 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ösüşiň aýdyň ýoluna düşen daşary syýasatymyzyň naýbaşy üstünlikleriniň biri boldy. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan eziz Diýarymyzyň ýaşyl Tugunda Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagyndaky zeýtun şahajyklary ýerleşdirildi. Ol ýaşyl ýaz deý Baýdagymyz bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň alamatyna öwrüldi.

Joşgunly kalplaryň buýsanjy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesiniň giňden dabaralandyrylýan günlerinde «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalary hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne badalga beren «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaraly maslahata döredijilik işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň işjeň agzalary, wagyz-nesihatçylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň mejlisler eýwanynda geçirilen aýdym-sazly maslahat baý many-mazmunlylygy bilen tapawutlanyp, baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi. Maslahaty TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew açdy we şanly sene mynasybetli ýürek buýsanjyny beýan etdi. Soňra «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy Gözel Seýidowa, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçylary Täçmyrat Rejepow, Ýusup Öwezow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow dagy çykyşlary dowam etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan täze döwr

Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy

Garaşsyz Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap alan Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Daşoguz şäher häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Parahatçylyk sazy — dostluk-doganlyk sazy» atly şygara beslenip geçirilen türkmen we doganlyk halklaryň aýdym-sazlaryndan, tanslaryndan düzülen baýramçylyk konserti aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Ruhubelentlige beslenen çäreler

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň muzeý bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Bitaraplyk röwşen geljegimiziň baky binýady» atly maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň we raýdaşlygyň mekany hasaplanýandygy hakynda buýsanç bilen nygtadylar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamalary esasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň iki gezek ykrar edilmeginiň berkarar döwletimiziň öňe sürýän daşary syýasatynyň bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrýandygy hakynda täsirli söhbet edildi. Hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurtlar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda durmuşa geçirýän diplomatiýasy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ulag, energetika, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, ony dünýädäki parahatçylygyň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýmak döwletimiziň öňe sürýän diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.

Baky şöhrat-şanymyz

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan günsaýyn ösýän we öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öne barýan döwletdir. Ýurdumyzda Milletler Bileleşigi bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barha giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatda parahatçylygy we umumadamzat howpsuzlygyny berkitmek, sebitleriň, ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek ugrundaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda amala aşyrýan beýik işleri bu gün ähli halkymyzy buýsandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty häzirki zaman şertlerinde täze mana eýe boldy we ol sebitde hem-de dünýä möçberinde özüniň derwaýyslygyny görkezdi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birnäçesine wise-başlyklyga saýlanylmagy, olarda türkmen döwletiniň netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ruhy joşgun paýlady

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň şowhuny gadymy Daşoguz topragynda hem daş-töweregi gurşap aldy. Ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de wäşiler topary baýramçylyk şatlygyny artdyrmak we ynsanlaryň ruhuny belende galdyrmak maksady bilen, welaýatymyzda döredijilik saparynda boldular.

Eýýamlaryň şamçyragy

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäniň parahatçylygyny, ynsanperwerligini goldaýan taglymatdyr, ýurtlaryň dostlukly gatnaşyklarynyň köprüsidir. Ýurdumyz goňşuçylyk gatnaşyklaryny we dünýä döwletleri bilen özara giň, peýdaly, işjeň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratik ýörelgelere pugta eýermek bilen, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürýär, asudalygy, abadançylygy pugta berjaý edýär. Häzirki wagtda ata Watanymyz beýleki ýurtlar bilen dostluk, birek-biregi çuňňur hormatlamak we ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda döwletara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirýär, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Hemişelik Bitaraplyk dünýä ýaň salýar

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde halkymyzyň belent ynsanperwerligini äleme äşgär edýär. Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen hoşniýetli, düşünişmek arkaly gatnaşyklary ýola goýup, birek-birege kömek bermek, goldamak, howandarlyk etmek ýaly ynsanperwer häsiýetleriniň bu gün türkmeniň dünýäde Bitaraplyk syýasatyny alyp barmagynda hem mynasyp orun tutýandygyna göz ýetirmek bolýar. Bitaraplyk syýasaty öz gözbaşyny milletimiziň taryhyndan we ruhy köklerinden alyp gaýdýar. Nesilbaşymyz Oguz han goňşy döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Halkymyzda: «Keçäňi satsaňam goňşyňa sat, üstünde özüň oturarsyň» diýlen söz bar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly: «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär, gylygyň bet bolsa işiň jeň bolar» diýse, Mollanepes: «Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, ol birine gep berip, ol birine al berme» diýipdir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlarynyň goldanylýandygyny tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär, şeýle-de dünýäniň ykrar eden ylalaşdyryjy merkezleriniň biri bolup

Köňülleriň senasy

Bagtly zamananyň buşlukçysy bolup, dünýä ýüzüne ýaň salan Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Rezolýusiýa bilen berkidilen ýeke-täk ýurtdugy kalplary buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda gazanylýan köpsanly üstünlikleriň hatarynda baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy oňyn tejribeler we diplomatik netijeler bilen baýlaşýar. Milli hukuk ulgamynyň ösüşleriniň özeninde, onuň binýatlaýyn düzgünlerinde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, häzirki zaman dünýäsiniň umumadamzat gymmatlyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelenýär. Baky Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa baky Bitaraplyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, deň-hukuklylygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.

Parahatçylyk şuglasy

Parahatçylyk, ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly, adamzat üçin örän möhüm ýörelgelerdir. Häzirki wagtda bular hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Has dogrusy, adamzadyň ýaşaýşynyň ähli taraplary bu ýörelgelere baglydyr. Diňe şu ýörelgelere berk daýanan ýagdaýynda, adamzadyň rahat, bagtly durmuşyny üpjün etmek mümkindir. Ine, şulary doly nazara alanyňda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň örän uly ähmiýete eýedigine anyk göz ýetirmek bolýar. Dünýä halklary üçin ählumumy howpsuzlyk, abadançylyk, ösüş, ynsanperwerlik, ruhy kämillik, dostluk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren taglymatynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Häzirki wagtda bu ýörelgeleri döwlet syýasatynyň özeninde goýmak bilen, Arkadagly Serdarymyz öz halkynyň we dünýäniň öňünde taryhy hyzmatlary bitirýär. Türkmenistan sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny ýöredýär. Ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen deňhukukly, ynsanperwer, öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýar, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Şunda Türkmenistan diňe bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň hatyrasyna bilelikde netijeli işlemäge gönükdirýär, öz pikirdeşlerine öwürýär. Ählumumy abadançylyga hyzmat edýän şeýle tagallalar ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, has dogrusy, bu syýasatyň d

Beýik maksatlar rowaçlanýar

Ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Diýarymyz täze-täze sepgitlere eýe bolup, dünýäde deňli-derejeli, atly-abraýly ýurt hökmünde giňden tanalýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen dünýäde ýeke-täk, hemişelik Bitarap döwlet bolan ata Watanymyz özüniň bu belent hem jogapkärli derejesinden ugur alyp, tutuş dünýä ýüzünde asudalygyň, agzybirligiň, parahatçylygyň, abadançylygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna möhüm halkara başlangyçlary bilen ýygy-ýygydan çykyş edýär. 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyzda açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan halkara başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde gyzgyn goldawa eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan şu geçen ýyllaryň içinde bütin adamzada özüniň ägirt uly mümkinçiliklerini, Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy gorap saklamak, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky erk-islegini subut etdi».

Belent dereje ― baky bagt

Täze ýylyň bosagasynda 27 ýaşyny dolduran hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň aýnasy bolup, ýalkymyny bütin dünýä eçilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan halkara gatnaşyklar ýurdumyzyň sebitlerine hem datly miwesini peşgeş edýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli taýýarlan ýörite sahypamyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyzyň durmuşyna degişli möhüm halkara wakalara orun bermegi makul bildik. Sebitleýin hyzmatdaşlyklar

Abadançylygyň synmaz sütüni

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýene-de sanlyja günden biz halkara derejesinde uly taryhy ähmiýete eýe bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramyny dabaraly ýagdaýda belläris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamany kabul etmegi bilen ykrar edildi. Bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna we çäkleriniň bitewiligine sarpa goýýandygyny we goldaýandygyny görkezýär. Resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugrunyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini doly goldaýandygyny beýan etmek bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamany ikinji gezek kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler biziň ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýyny ykrar etmäge we goldamaga hem-de onuň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewiligini hormatlamaga borçlandylar.

Bitaraplyk dillerimizde senadyr

Türkmenistanyň daşary syýasat ugry dana pederlerimizden miras galan parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizde-de öz beýanyny tapýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda abraýly halkara guramasy tarapyndan ýurdumyza belent derejäniň berlenine 27 ýyl dolýar. Şanly sene mynasybetli şu günler geçirilýän toý-dabaralar watandaşlarymyzda egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär. Olar ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Gülüstan HUDAÝAROWA,welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri:

Ajap döwrüň şuglasy

Eziz Watan — jiger-janym, buýsanjym, Bitaraplyk arzuwydyr il-günüň.Bu gün dünýä ykrar edýär bagtyňy,Waspyň senasydyr şirin dilimiň. Ak sährany aýasynda göteren,Saba säher Günden salam getirýär.Al-asmanda perwaz urýan ak guşlar,Ýurdumyzyň şanyn dünýä ýetirýär.

Arkadagly zamana joşgun berýär zybana

Türkmenistanym Gyzgyn gujagyňda kemala geldim,Okatdyň, tapladyň hem bilim berdiň,Ak süýt beren enem ornunda durduň,Türkmenistan, Watanymsyň-janymsyň!Türkmenistan, şöhratymsyň-şanymsyň!