Abadançylygyň synmaz sütüni

7 Dekabr 2022
819

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýene-de sanlyja günden biz halkara derejesinde uly taryhy ähmiýete eýe bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramyny dabaraly ýagdaýda belläris.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamany kabul etmegi bilen ykrar edildi. Bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna we çäkleriniň bitewiligine sarpa goýýandygyny we goldaýandygyny görkezýär. Resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugrunyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini doly goldaýandygyny beýan etmek bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamany ikinji gezek kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler biziň ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýyny ykrar etmäge we goldamaga hem-de onuň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewiligini hormatlamaga borçlandylar.

Böri GURDOW,
žurnalist.