Baky şöhrat-şanymyz

7 Dekabr 2022
744

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan günsaýyn ösýän we öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öne barýan döwletdir. Ýurdumyzda Milletler Bileleşigi bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barha giň gerim alýar.

Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatda parahatçylygy we umumadamzat howpsuzlygyny berkitmek, sebitleriň, ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek ugrundaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda amala aşyrýan beýik işleri bu gün ähli halkymyzy buýsandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty häzirki zaman şertlerinde täze mana eýe boldy we ol sebitde hem-de dünýä möçberinde özüniň derwaýyslygyny görkezdi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birnäçesine wise-başlyklyga saýlanylmagy, olarda türkmen döwletiniň netijeli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mähri AKMYRADOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.