"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sylaglanyş dabarasy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçy-türgenleriniň iri ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bizi diýseň begendirýär. Munuň özi biziň ýerine düşen yhlasymyzdyr. 15 — 23-nji noýabr aralygynda Meksikanyň Gwadalahara şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşan mekdebimiziň 11-nji synp okuwçysy Anamjan Rustamowa uly üstünlik gazandy. 81 kg agram derejesinde silterläp 104 kg, itekläp 123 kg, umumy

Küşt tagtasynyň başynda

Ýakynda Daşoguz şäheriniň 1-nji sport mekdebinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp küşt boýunça aýal-gyzlaryň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa etraplardan we Daşoguz şäherinden saýlama türgenler gatnaşdy. Şweýsar usulynda guralan bäsleşik gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň baş emini Ulugbek Matýakubowyň bellemegine görä, jemi 9 oýunda 8,5 utuk toplan «Merdem Ýaşlar» okuw merkeziniň küşt gurnagynyň mugallymy Mähriban Matýakubowa çempion bolmagy başardy. Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň türgeni Selbi Ýazgylyjowa 2-nji orny eýeledi. 3-nji baýrakly orna koffisient görkezijileri esasynda Daşoguz şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň türgeni Zeýnab Haýtanowa mynasyp boldy. Baýrak eýeleri Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Daşoguz şäheriniň 23-nji orta mekdebinde bolsa şäher derejesinde okuwçylaryň arasynda geçirilen toparlaýyn küşt bäsleşiginde Daşoguz şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň topary ýeňiji boldy. 7-nji orta mekdebiň topary 2-nji, 23-nji orta mekdebiň topary 3-nji baýrakly orunlary eýelediler. Ýaryşyň şahsy birinjiliginde oglanlardan Ihlas Ulugbekow 1-nji (7-nji orta mekdep), Arslan Kullyýew 2-nji (10-njy orta mekdep), Bezirgen Orazbaýew (1-nji orta mekdep) 3-nji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Dursunjemal Kullyýewa (10-njy orta mekdep), Sahra Saparmyradowa (23-nji orta mekdep), Adalat Ulugbekowa (11-nji orta mekdep) dagy degişlili

Şöhratly ýyl we milli sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem taryhyň altyn sahypalarynda mynasyp ornuny tapar. Çünki ýurdumyzda türkmen ýaşlaryna bildirilýän belent ynamyň nyşanyna öwrülen bu ýyl ajaýyp zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere, taryhy ýeňişlere beslendi. Şeýle netijeleriň bedenterbiýe we sport ulgamynda hem gazanylandygyna aýratyn ünsi çekmek gerek. Bu hakykaty türkmen türgenleriniň şu ýylyň 11 aýynda dünýä we yklym çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanan medallarynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli artykdygy hem aýdyň tassyklaýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri hem diýseň uly ähmiýete, çuň many-mazmuna beslenýar. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasatynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilmegiň netijesinde bedenterbiýäni we sporty saýlaýan watandaşlarymyzyň sany barha artýar.

Uly ruhubelentlige beslenen ýaryş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabatda şu ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty bolsa ýurdumyzyň sport abraýynyň dünýä derejesinde artýandygynyň aýdyň beýany boldy. Dünýä çempionatynyň badalga alan gününde «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen halkara mediaforum geçirilip, oňa Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Maksatnamanyň çäklerinde olar ýurdumyzyň dürli muzeýlerine, «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Seýit Jemaleddin metjidine, ýaryşlara tomaşa etmek üçin ýörite janköýer zolaklarynyň döredilen ýerlerine — «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp gördüler.

Dünýä çempionaty – sport baýramy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, kämil ylym-bilimli bolmagy üçin ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap okuw maksatnamalary boýunça okadylmagy, olary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda üstünlikli işler alnyp barylýar. Sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge bolsa aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmak sagdyn bolmagyň esasy şertleriniň biridir. Sagdynlyk bolsa bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşydyr, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar, maksada okgunly hereket etmäge, durmuşda öz ornuňy tapmaga ýardam edýär. Sportuň islendik görnüşi hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamyň kesellere garşy göreşijilik ukyby güýçli bolýar. Sport we bedenterbiýe dertleriň ençemesiniň öňüni almagyň esasy serişdesidir. Milli Liderimiziň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge, ýaş nesilleri çagalygyndan sporta çekmäge uly ähmiýet berýär hem-de bu babatda zerur bolan ähli döwrebap şertleri, mümkinçilikleri döredýär. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, geljekde türkmen sportunyň şöhratyny has-da artdyrjak ýaş türgenleri ýetişdirmek, olara ýokary derejede tälim bermek bolsa möhüm wezipedir.

«Arkadag» topary taryhy netije gazandy

Şu ýyl döredilen topar Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionyna ýygnanan futbol janköýerleridir metbugat wekilleri duşuşygyň tamamlanaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Garaşmazça-da däldi. Çünki duşuşygyň emini Resul Mämmedowyň oýnuň gutarýandygy bilen bagly çaljak jürlewügi taryhy netijäni hasaba almalydy. Şol güneşli gün «Arkadag» topary «Altyn Asyr» toparyny utan ýagdaýynda gysga taryhynda ilkinji çempionlygyny gazanmalydy. Soňlugynda bu şeýle-de boldy... 23-nji tapgyryň çäginde «Arkadag» bilen «Altyn Asyryň» arasyndaky duşuşygyň birinji ýarymynyň soňky minutlary dowam edýärdi. Ýer eýeleri her näçe hüjüm etseler-de, hasap açylybermeýärdi. Ýogsa, oýun «Arkadag» toparynyň doly artykmaçlygynda dowam edýärdi. Ine-de, duşuşygyň birinji ýarymynyň soňky minutlary. Arslanmyrat Amanowyň sag gyradan eden hüjüminiň netijesinde jerime meýdançasyna geçirilen topa ilki ýetişen Welmyrat Ballakow ýer eýelerini öňe saýlaýar. Duşuşygyň ikinji ýarymy hem ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçýär. Onuň netijesinde duşuşygyň 58-nji minutynda Didar Durdyýew hasaby ikä ýetirýär. Şol pursatdan iki minut soň D. Durdyýew hasaby has-da artdyrýar. Taryhy wakanyň şaýady bolmak üçin stadiona ýygnanan janköýerleriň şowhuny has-da artýardy. 68-nji minutda goragçylaryň ýalňyşlygyndan peýdalanan W. Ballakow aratapawudy dörde ýetiren topy öz adyna ýazd

TFF-niň täzelikleri

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň birinjiliginiň 23-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Geçirilen duşuşyklarda «Ahal II» topary «Energetigiň» derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirdi. Üçünji orun ugrunda ýiti göreş alyp barýan «Köpetdag II» bilen «Aşgabat II» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk hem şu tapgyra gabat geldi. Bu duşuşykda netijeli oýnan «Köpetdagyň» ýaşlar düzümi 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygy «Şagadam II» bilen «Merw II» toparlarynyň arasynda geçirilip, 1:1 hasabynda tamamlandy.

At üstündäki oýunlaryň taryhyndan

Türkmen halkynyň at üstünde oýnalýan oýunlary iki ýarym müň ýyla golaý mundan ozal döräpdir. Biz muňa türkmen dessanlaryna, nusgawy edebiýatyna ser salsak hem aýdyň göz ýetirýäris. «At üstünde gylyçlaşmak», «At üstünde naýza zyňmak» ýaly oýunlar, adyndan belli bolşy ýaly, gadymy eýýamlaryň at üstündäki nökerleriniň ulanan söweş tilsimleriniň biziň günlerimize oýun görnüşinde gelip ýeten görnüşidir. «Wellem şaha», «It urşy» ýaly at üstünde oýnalýan oýunlaryň hem söweş tilsimleri bolandygyny biz «Görogly» şadessanyndan bilýäris. Bu oýunlarda söweş tälimi, söweş taktikasy duýulýar. Meselem, «Wellem şaha» oýny aty çar tarapa çapdyrmak, «söweş» meýdanynda eliňe taýak alyp, pyýada goşunyň üstüne atly çozmak görnüşinde oýnalýar. «It urşy» bolsa «gaçdym-kowdum» görnüşinde oýnalýar.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça işleri ýaýbaňlandyrmak, ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy ugrundaky tagallalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap toplumynyň taslamasynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli teklipleriň taýýarlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda ilkinji gezek Aşgabat şäherinde Estetiki merkezi we Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. Saglygy dikeltmek ugrunda halkara ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen bu merkezlerde raýatlarymyza ýokary hilli hyzmat edilýär. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda, paýtagtymyzda açylyp, ulanylmaga beriljek 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi raýatlarda dürli kesellerden soň dikeldiş çärelerini geçirmäge mümkinçilik döreder. Halkara newrologiýa hem-de Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezlerine ýanaşyk guruljak 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň taslamasy hem iri saglygy goraýyş desgalarynyň üstüni ýetirýär.

Taryhda şu gün

Şol oýunda garşydaşyndan 8:0 hasabynda üstün çykan «Reala» ýeňiş getiren gollaryň dördüsini öz adyna ýazdyran portugaliýaly Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşigindäki gollarynyň sanyny 11-e ýetirip, bu ugurda rekord netijä eýe boldy. Ol bu ugurda 9 topdan geçiren braziliýaly Ronaldo (2013/14 futbol möwsümi) bilen Luis Adrianony (2014/15 futbol möwsümi) yzda galdyrdy.

Bular basketbol barada

Biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda basketbola meňzeş oýnuň bolandygy Günorta we Merkezi Amerikanyň gadymy şäherlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde mälim boldy. Bu bolsa sportuň iň meşhur görnüşleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän basketbolyň gözbaşynyň örän ir zamanlardan alyp gaýdýandygyny görkezýär. ABŞ-daky Springfild kollejiniň bedenterbiýe mugallymy Jeýms Neýsmitiň häzirki döwrebap basketbolyň esaslandyryjysydygyny, belki, ozalam eşidensiňiz. Öz okadýan talyplarynyň şol bir gimnastiki hereketleri ýerine ýetirmekleriniň tarapdary bolmadyk bu mugallym 1891-nji ýylda birnäçe adam gatnaşmagyny talap edýän täze oýnuň düzgünlerini işläp düzýär. Ol ilkinji basketbol duşuşygyny öz zähmet çekýän kollejiniň sport meýdanynda guraýar. Bu gyzykly oýun gysga wagtyň içinde sporta sarpa goýýanlaryň uly söýgüsine eýe bolýar.

Bedenterbiýe we sport

Golaýda Türkmenbaşy şäheriniň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça şäheriň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň paýtagtyndan we welaýatlaryndan 19 topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Türkmenbaşy şäheriniň topary 2-nji, Lebap welaýatynyň topary 3-nji orunlara eýe boldular. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri

Sanly tehnologiýalar ýaşlaryň arasynda sportuň meşhurlygyny artdyrmak üçin ajaýyp serişde bolup hyzmat edýär. Olar türgenleşik işiniň täsirliligini, gyzyklylygyny artdyrýar we ýadawlygyň öňüni almaga kömek edýär. Dünýä tejribesinde şäherlerde ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna niýetlenen desgalar, sport meýdançalary, seýilgähler baradaky maglumatlary tapmak üçin ýörite ulgamlar döredilýär. Şeýle ulgamlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklaryna mobil telefonlarynyň ýa-da kompýuterleriň kömegi arkaly sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen ýerleri tapmaga hem-de türgenleşiklere ýazylmaga mümkinçilik berýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň sany günsaýyn artýar. Şonuň üçinem, häzirki zaman sportuny sanly tehnologiýalardan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Olar diňe bir türgenleşikleriň ýa-da ýaryşlaryň aýry-aýry jähetlerini özgertmek bilen çäklenmän, eýsem, bäsleşikleriň guralyşynyň we geçirilişiniň mazmunyny hem üýtgedýär, olara gatnaşýan her bir türgeniň ýa-da tutuş toparlaryň netijeliligini we höwesini artdyrýar.

Ýaş pälwanlar ýaryşdylar

Etrabymyzdaky 3-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Oňa pälwanlaryň 90-a golaýy gatnaşdy. 2008 — 2010-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda türgenler agram derejeleriniň 10-sy boýunça bäsleşdiler. Tejribeli tälimçiler Rejep Penjiýewiň, Aýdogdy Allaýewiň, Begenç Şamyradowyň türgenleri ýokary netijelere eýe bolup, baýrakly orunlaryň aglabasyna mynasyp boldular. Ýeňijileri etrap birleşmämiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Futbol ýaryşy geçirildi

Bölümimiz «Dana» bilim merkeziniň Türkmenabat şahamçasy bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şäheriň orta mekdepleriniň toparlarynyň arasynda futbol ýaryşyny geçirdi. Ýaryşy guramaçylykly geçirmäge welaýat baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi ýakyndan ýardam berdiler. Welaýat merkezindäki orta mekdepleriň 9 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen çekeleşikli ýaryşda 1-nji, 2-nji, 7-nji, 14-nji, 16-njy, 21-nji, 24-nji, 30-njy, 39-njy we 41-nji orta mekdepleriň okuwçylary beýleki toparlardan öňe saýlanyp, aýgytlaýjy tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýaryşyň final böleginde bolsa Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň topary ýeňiji boldy. Şeýle hem şäherdäki 7-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 16-njy orta mekdebiň okuwçylary bolsa üçünji orunlaryň eýeleri boldular. Ýeňijilere «Dana» bilim merkeziniň Türkmenabat şahamçasy tarapyndan medallar we ýörite sowgatlar hem-de «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Duşuşyk geçirildi

Sport sagdynlygyň gözbaşy Golaýda Mary etrabyndaky 2-nji çagalar bagynda TMÝG--niň etrap geňeşiniň guramagynda “Sport — sagdynlygyň gözbaşy” ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmenleri, etrabyň çagalar baglaryndan terbiýeçiler gatnaşdylar.

«Mançester Siti» toparyna 4 duşuşykdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky 7 gü­nüň do­wa­myn­da 2 tap­gy­ryň du­şu­şyk­lary ge­çi­ri­lip, çem­pi­on «Man­çes­ter Si­ti» 14-nji tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da «Tot­ten­ham» bi­len deň­me-deň oý­na­nyn­dan soň, myh­man­çy­lyk­da «As­ton Wil­la­dan» 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. «Man­çes­ter Si­ti» 2017-nji ýyl­dan soň yz­ly-yzy­na 4 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. «Nýu­kasl­dan» 1–0 as­gyn ge­len «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» öz meý­dan­ça­syn­da Mak­To­mi­ne­ýiň gol­la­ry bi­len «Çel­si­ni» 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. 14-nji tap­gyr­da «Ful­ha­my» 4–3 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Li­wer­pul» myh­man­çy­lyk­da «Şef­fild Ýu­naý­ted­den» Wan Deýk hem-de So­bos­lai­niň gol­la­ry bi­len üs­tün çyk­dy (2–0). Sa­na­wyň li­de­ri «Ar­se­nal» il­ki «Wul­wer­hemp­to­ny» 2–1, soň­ra myh­man­çy­lyk­da «Lu­ton Taw­ny» Raý­syň 90+7-nji mi­nut­da­ky ýe­ňiş go­ly bi­len 4–3 ha­sa­byn­da ut­dy. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «In­ter» soň­ky çem­pi­on «Na­po­li­ni» myh­man­çy­lyk­da 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. «In­ter» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Çal­ha­nog­lu, Ba­rel­la hem-de Tu­ram ge­çir­di. 2-nji ýer­dä­ki «Ýu­wen­tus» myh­man­çy­lyk­da «Mon­za» bi­len du­şu­şyp, 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. «Mon­za» to­pa­ry 90+2-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­se-de, tu­rin­li­ler 90+4-nji ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. «Mi­lan» to­pa­ry-da «Fro­zi­no­ne» to­pa­ry­ny Ýo­wiç, Pu

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň 4 klu­by hem 1/8 fi­na­la çyk­dy

AFK Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da Gün­ba­tar zo­la­gy­nyň to­par­ça­lar­da­ky du­şu­şyk­la­ry ta­mam­la­nyp, 1/8 fi­na­la çy­kan klub­lar bel­li bol­dy. «A» to­par­ça­da «Pah­ta­ko­ry» myh­man­çy­lyk­da 4-1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Al Feý­ha» to­pa­ry 2-nji ýe­ri eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Du­şu­şyk­da Sa­ka­la (2), Man­daş hem-de On­ýe­ku­ru arap klu­bu­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry ge­çir­di. «Ahal» bi­len to­par­ça­nyň li­de­ri «Al-Ain» to­pa­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun­da myh­man­lar 2–1 (Ra­hi­mi 13 p, At­zi­li 32 p — Ta­ga­ýew 35) ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

8-nji dekabr (anna) Galatasaraý – Adana Demirspor (22:00)

EURO 2024-iň bijeleri çekildi

Gel­jek ýy­lyň tom­sun­da ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň Ham­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy­na çem­pio­na­ta gat­naş­ýan ýy­gyn­dy­la­ryň tä­lim­çi­le­ri, şol san­da öň­ki-soň­ky ýyl­dyz fut­bol­çy­lar, UEFA-nyň de­giş­li ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Gat­naş­ýan 24 ýy­gyn­dy 4 to­par­dan 6 to­par­ça paý­lan­dy. Her to­par­ça­da 1–2-nji or­ny eýe­län­ler hem-de 3-nji or­ny alan to­par­la­ryň iň go­wy ne­ti­je gör­ke­zen 4-si, je­mi 16 ýy­gyn­dy 1/8 fi­na­la çy­kar.