Angliýanyň çempionatynda soňky 7 günüň dowamynda 2 tapgyryň duşuşyklary geçirilip, çempion «Mançester Siti» 14-nji tapgyrda öz meýdançasynda «Tottenham» bilen deňme-deň oýnanyndan soň, myhmançylykda «Aston Willadan» 1–0 hasabynda asgyn geldi. «Mançester Siti» 2017-nji ýyldan soň yzly-yzyna 4 duşuşykda ýeňiş gazanyp bilmedi. «Nýukasldan» 1–0 asgyn gelen «Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda MakTomineýiň gollary bilen «Çelsini» 2–1 hasabynda ýeňdi. 14-nji tapgyrda «Fulhamy» 4–3 hasabynda ýeňen «Liwerpul» myhmançylykda «Şeffild Ýunaýtedden» Wan Deýk hem-de Soboslainiň gollary bilen üstün çykdy (2–0). Sanawyň lideri «Arsenal» ilki «Wulwerhemptony» 2–1, soňra myhmançylykda «Luton Tawny» Raýsyň 90+7-nji minutdaky ýeňiş goly bilen 4–3 hasabynda utdy.
Italiýanyň çempionatynda «Inter» soňky çempion «Napolini» myhmançylykda 3–0 hasabynda ýeňdi. «Inter» toparyna ýeňiş getiren gollary Çalhanoglu, Barella hem-de Turam geçirdi. 2-nji ýerdäki «Ýuwentus» myhmançylykda «Monza» bilen duşuşyp, 2–1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. «Monza» topary 90+2-nji minutda hasaby deňlese-de, turinliler 90+4-nji ýeňiş gazanmagy başardy. «Milan» topary-da «Frozinone» toparyny Ýowiç, Pulişiç, Tomoriniň gollary bilen 3–1 hasabynda utdy.