Geljek ýylyň tomsunda geçiriljek futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň toparçalarynyň bijeleri çekildi. Germaniýanyň Hamburg şäherinde geçirilen bije çekiliş dabarasyna çempionata gatnaşýan ýygyndylaryň tälimçileri, şol sanda öňki-soňky ýyldyz futbolçylar, UEFA-nyň degişli ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gatnaşýan 24 ýygyndy 4 topardan 6 toparça paýlandy. Her toparçada 1–2-nji orny eýelänler hem-de 3-nji orny alan toparlaryň iň gowy netije görkezen 4-si, jemi 16 ýygyndy 1/8 finala çykar.