"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«Nebitçiniň» ynamly ýeňşi

Ýurdumyzyň futbol boýunça milli çempionatynyň 26-njy tapgyrynda Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň «Energetik» toparyny kabul eden Balkanabadyň «Nebitçisi» möwsümi bürünç medal bilen jemlemek maksadyna ýetmek üçin ýene bir aýgytly ädimi ätdi. 47-nji minutda Magtymberdi Berenowyň, 75-nji minutda Elýas Akyýewiň geçiren gollary balkanabatlylary möwsümdäki 12-nji ýeňşine ýetirdi. Şu tapgyrda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen «Ahal» toparynyň arasynda geçirilmeli oýnuň möhleti üýtgedildi. 25-nji tapgyryň möhleti üýtgedilen duşuşygynda bolsa «Şagadam» paýtagtymyzyň «Altyn Asyryny» kabul etdi we bu oýunda myhmanlardan 48-nji, 95-nji minutlarda Wahyt Orazsähedow, ýer eýelerinden 57-nji minutda Yhlas Magtymow tapawutlandylar.

Mekdep sport festiwaly

Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde geçen mekdep sport festiwalynyň etrap tapgyry uly gyzyklanma döretdi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň toparlary gatnaşyp, sportuň şaşka, stol tennisi, estafeta ýaly görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşda güýçli toparlar üstün çykdy. Şeýlelikde, etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 13-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlara mynasyp boldy.

Türgenleriň üstünlikleri guwandyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty belent sepgitlere ýetip, şan-şöhrata eýe boldy. Türkmen sportunyň ösüşlerini tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň, türgenlerimiziň dürli derejedäki ýaryşlarda gazanan üstünlikleriniň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirmek bolýar. Tamamlanyp barýan ýylyň Ak bugdaý etrabynyň türgenleri üçin hem düşümli ýyllaryň biri bolandygyny guwanç bilen bellemelidiris. Etrabymyzyň sportçulary halkara sport ýaryşlarynda ussatlyk görkezip, birnäçe medala mynasyp boldular. Has takygy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20 — 25-nji maý aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Jizak şäherinde guşakly göreşiň görnüşleri boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda alyş göreşiniň nusgawy usuly boýunça Gurbangeldi Gurbangeldiýew 80 kilogram agramda bürünç medala mynasyp boldy. Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Zarina Abdyrahmanowa hem şol görnüş boýunça 56 kilogram agramda çykyş edip, bürünç medaly gazandy. Zarina Abdyrahmanowa iýul aýynyň 14 — 17-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Guşakly göreş boýunça geçirilen Dünýä çempionatynda hem üstünlikli çykyş etdi. Şol ýaryşda ol 56 kilogram agramda bürünç medala mynasyp boldy.

Ýaş türgenleriň ussatlygy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de goldamak, ösdürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alnyp, Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň sporta bolan başarnyklaryny çagalykdan ýüze çykarmak, tälim bermek, sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de olaryň güýçli türgenler bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda mekdebiň tälimçi-mugallymlarynyň her biri yhlasly işleýär. Sport mekdebiniň tälimçileri sportuň 9 görnüşi boýunça ýaşlaryň 400-e golaýy bilen 36 toparda okuw-türgenleşik sapaklaryny yzygiderli häsiýetde geçýärler. Tälimçi-mugallymlaryň yhlasynyň ýerine düşýändigine tamamlanyp barýan şanly ýylymyzyň dowamynda mekdebimiziň türgenleriniň dürli derejedäki ýaryşlarda gazanan üstünlikleri güwä geçýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda altyn medalyň 4-sini, kümüş medalyň 5-sini, şeýle-de bürünç medaly gazandylar.

«Arkadag» futbol toparynyň ajaýyp ýeňşi

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Ynha, 24-nji dekabrda «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» futbol topary «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. «Arkadag» stadionynda geçirilen final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, «Arkadag» topary oýnuň dowamynda tapawutlanmagy başardy. Munuň şeýledigini final duşuşygynyň 29-njy, 52-nji we 68-nji minutlarynda geçirilen 3 gol hem aýdyň subut edýär.

Türkmen sportunyň şöhratly ýyly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan bu gün sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösýän ýurduna öwrüldi. Sportda gazanylýan üstünlikler buýsandyryjydyr. Ýurdumyzyň halkara abraýy artýar. Türkmen türgenleri döwlet we halkara derejede geçirilýän ýaryşlarda ýeňiji bolup, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýakynda «Arkadag» futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony bolandygy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny alandygy baradaky hoş habar ähli halkymyzy begendirdi. Bu bolsa türgenlerimiziň sportda gazanýan ýeňişlerini beýan edýär. Munuň özi futbol toparynyň geljekde-de uly ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrjakdygyna bolan ynamyňy artdyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy özara bähbitli hyzmat-daşlygyň ösüşiniň täze derejä çykýandygyny tassyklaýar. Eziz Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlar we dünýä çempionatlary halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, jemgyýetimizde bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge itergi berýär.

«Arkadag» futbol topary ilkinji möwsümini rekord derejesindäki üstünlikler bilen tamamlady

24-nji dekabrda «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» futbol topary «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Mälim bolşy ýaly, munuň özi Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň ilkinji möwsümindäki ikinji baýragydyr. Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, öz şäherinde, öz janköýerleriniň arasynda duşuşan «Arkadag» topary derrew oýnuň gidişini eline aldy. Muny final duşuşygynyň 29-njy, 52-nji we 68-nji minutlarynda geçirilen 3 gol hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

«ARKADAG» toparynyň üstünligi

24-nji dekabrda Arkadag şäheriniň adybir futbol topary «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» futbol toparyny 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogyny eýeledi. Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, janköýerleriniň arasynda duşuşýan «Arkadag» topary oýnuň gidişini derrew eline aldy. Şeýlelikde, oýnuň 29-njy minutynda goragçy Abdy Bäşimow tapawutlanyp, finaldaky ilkinji goly geçirdi. Duşuşygyň birinji ýarymy «Arkadag» toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Çekeleşikli geçen duşuşygyň 52-nji minutynda ýene-de A.Bäşimow toparynyň ikinji goluny hem geçirdi. Final duşuşygynyň jemleýji goluny ýarym goragçy Ilýa Tamurkin 68-nji minutda geçirmegi başardy.

Sport

Ýaş türgenlerimiziň halkara ýaryşdaky üstünlikleri Ýakynda Katar döwletinde agyr atletika boýunça Pariž — 2024 Olimpiadasyna gatnaşmaga ýollanma berýän QATAR СUP IWF PRIХ II 2023 halkara ýaryşynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde ildeşlerimiz Şahzadbek Matýakubow, Binýad Raşidow we Anamjan Rustamowa dagy şowly çykyş edip, ýurdumyza medallaryň 8-sini getirmegi başardylar.

Sport

Täsirli geçdi Golaýda welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde sport işgärleriniň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça welaýatyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Gyzykly geçen ýaryşa etrapdaky sport mekdepleriniň sport işgärleri, Daşoguz, Balkan, Lebap welaýatlaryndan türgenler gatnaşdylar.

Kubok ýaryşynda-da iň güýçli — «Arkadag» topary!

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Ýakynda möwsüm tamamlanmanka, Türkmenistanyň çempionatynda beýleki garşydaşlaryndan arany has açyp, çempion bolan topar düýn «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň hem eýesi boldy. Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, öz şäherinde, öz janköýerleriniň arasynda duşuşýan «Arkadag» topary derrew oýnuň gidişini eline aldy. Şeýlelikde, 29-njy minutda goragçy Abdy Bäşimow tapawutlanyp, finaldaky ilkinji goly öz adyna ýazdyrdy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde zähmet çekýän ýaşlaryň 2023-nji ýylda halkara derejesinde gazanan sport üstünlikleri

Uly üstünliklere, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem tamamlanyp barýar. Ahyrlap barýan ýylda ata Watanymyzyň ýeten şöhratly menzillerine guwanyp, başymyzdan geçiren buýsançly pursatlarymyza nazar salsak, 2023-nji ýylyň ömrümize onýyllyklara barabar many çaýandygyny duýmak bolýar. Ýaşlara we ýaşlyga bagyşlanylyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylda gazanylan üstünliklerde ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň mynasyp paýy bar. Bu babatda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzüminde zähmet çekýän ildeşlerimiz hem özleriniň aýratyn goşantlaryny goşdular. Olaryň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Ministrligiň düzümindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar ylmy, döredijilik gözlegleri, önjeýli we tutanýerli zähmetleri, halkara sport ýaryşlaryndaky üstünlikli çykyşlary bilen özlerini görkezmegi başardylar. Gazanylan şeýle sport üstünlikleri ýaşlaryň işden boş wagtlaryny hem manyly geçirýändiklerine, olaryň sagdyn we berk bedenli bolmak üçin yzygiderli türgenleşýändiklerine güwä geçýär. Hususan-da, ýurdumyzda bedenterbiýe we ýokary derejeli sport bilen meşgullanmaga döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümindäki edara-kärhanalaryň işgärleriniň birnäçesi sportuň dürli gö

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gökdepe etrabynyň sport mekdebiniň gazanan netijeleri

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de goldamak we ösdürmek, türkmen sportyny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, ýaş zehinli türgenleri çagalykdan ýüze çykarmakda we saýlap-seçip almakda, ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp gorajak halkara derejeli ussat türgenleri ýetişdirmekde Gökdepe etrabynyň sport mekdebi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport baradaky döwlet komitetiniň tassyklan ýyllyk iş meýilnamasy esasynda 2023-nji ýylda birnäçe işleri amala aşyrdy. Ahal welaýatynyň Bedenterbiýe we Sport baradaky Baş müdirliginiň ýyllyk meýilnamasy esasynda, ýylyň dowamynda etrap häkimligi, etrap ýaşlar guramasy we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaş nesli köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklyga çekmeklikde Gökdepe etrap sport mekdebi wagyz-nesihat, ündew-terbiýeçilik işlerini yzygiderli geçirýär.

Luis Suares Lionel Messiniň toparyna goşuldy

Urugwaýly futbol hüjümçisi Luis Suares erkin agent hökmünde «Inter Maýami» toparyna goşulandygy barada klubuň saýtynda habar berildi. Ussat futbolçy ýene-de «Barselona» toparyndaky köne dostlary — Lionel Messi, Serhio Buskets we Jordi Alba bilen oýnar. Bu futbolçylar bilelikde bäş möwsümde dört gezek La Liganyň, şeýle-de 2015-nji ýylda Çempionlar Ligasynyň çempiony bolmagy başardylar.

Türkmen sporty rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek asylly ýörelgelere öwrüldi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, milli türgenleriň hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak we olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagynyň zerurlygy barada aýdan bu çuňňur manyly sözleri sport işine dahylly bolan her bir adam üçin ugrukdyryjy we ruhlandyryjy ýörelgedir.

«Ar­ka­dag» Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny bol­dy we ku­bo­gy eýe­le­di

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 «Ar­ka­dag» to­pa­ry­nyň fut­bol­çy­la­ry Aş­ga­bat­da «Al­tyn asyr» to­pa­ry­ny utup, Ýo­ka­ry li­ga­nyň klub­la­ry­nyň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny di­ýen ada möh­le­tin­den öň eýe bol­du­lar. «Ni­sa» sta­dio­nyn­da bo­lup ge­çen oýun Wla­di­mir Baý­ra­mo­wyň tä­lim ber­ýän oýun­çy­la­ry­nyň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. Ýa­rym­go­rag­çy Wel­my­rat Bal­la­kow (44-nji we 68-nji) hem-de hü­jüm­çi Di­dar Dur­dy­ýew (58-nji we 60-njy) ýe­ňi­ji­le­riň çal­şyk­da­ky oýun­çy­la­ry hök­mün­de oý­na gat­naş­dy­lar.

«Gara altyn» Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň «Ga­ra al­tyn» to­pa­ry fut­zal bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy­na my­na­syp bol­dy. Döw­let An­na­ýe­wiň tä­lim­ ber­ýän «Ga­ra al­tyn» to­pa­ry fi­nalda paý­tag­ty­my­zyň «Kö­pet­da­gy» bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen fi­nal oý­nun­da ta­lyp­lar has ynam­ly çy­kyş et­di­ler we öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Netijede, olar bäsdeşleriniň derwezesine jogapsyz üç pökgi girizmegi başardylar. Munuň özi «Ga­ra al­tyn» toparynyň ýeňiş gazanmak üçin eden yhlasynyň ýerine düşendigini görkezýär.

Ten­nis: sport­ly Türk­me­nis­ta­na be­lent ynam

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023 Türk­me­nis­ta­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Eziz Döw­le­tow şol bir wag­tyň özün­de Azi­ýa­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti­niň (ATF) orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­nyl­dy. Şeý­le­lik­de, ol mun­dan beý­läk yk­lym fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň do­lan­dy­ryş bö­lü­min­de hem iş­läp baş­lar. Türk­men spor­tu­nyň ta­ry­hy üçin aý­ra­tyn mö­hüm wa­ka ATF-iň Taý­lan­dyň paý­tag­ty Bang­kok şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyn­da bo­lup geç­di.

Dohada gazanylan medallar

Dohada (Katar) agyr atletika boýunça II Gran-pri ýaryşy tamamlandy. Dünýäniň 96 ýurdundan iň güýçli agyr atletikaçylary bir ýere jemlän ýaryş türkmen türgenleriniň ajaýyp netijelerine beslendi. 67 kilogram agram derejesinde Bunýad Raşidow ştangany silterläp galdyrmakda 141 kilogram agyrlygy boýun egdirdi we bu görnüşden altyn medala eýe boldy. Türkmen türgeniniň üstünligi diňe bir altyn medal bilen çäklenmedi. Iki görnüşiň jemi boýunça 298 kilogram agyrlygy galdyrmagyň (silterläp –

Guwandyryjy üstünlikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan, aýratyn hem paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň halkara sport hyzmatdaşlygynyň iri merkezleriniň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, halkara sport hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň we ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul–Hazar 2018» atly halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle-de, şu ýylyň noýabrynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi.