Türgenleriň üstünlikleri guwandyrýar

26 Dekabr 2023
507

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty belent sepgitlere ýetip, şan-şöhrata eýe boldy. Türkmen sportunyň ösüşlerini tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň, türgenlerimiziň dürli derejedäki ýaryşlarda gazanan üstünlikleriniň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirmek bolýar.

Tamamlanyp barýan ýylyň Ak bugdaý etrabynyň türgenleri üçin hem düşümli ýyllaryň biri bolandygyny guwanç bilen bellemelidiris. Etrabymyzyň sportçulary halkara sport ýaryşlarynda ussatlyk görkezip, birnäçe medala mynasyp boldular. Has takygy, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 20 — 25-nji maý aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Jizak şäherinde guşakly göreşiň görnüşleri boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda alyş göreşiniň nusgawy usuly boýunça Gurbangeldi Gurbangeldiýew 80 kilogram agramda bürünç medala mynasyp boldy. Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Zarina Abdyrahmanowa hem şol görnüş boýunça 56 kilogram agramda çykyş edip, bürünç medaly gazandy. Zarina Abdyrahmanowa iýul aýynyň 14 — 17-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Guşakly göreş boýunça geçirilen Dünýä çempionatynda hem üstünlikli çykyş etdi. Şol ýaryşda ol 56 kilogram agramda bürünç medala mynasyp boldy.

Ýazmyrat ORAZDURDYÝEW,
Ak bugdaý etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygy.