«Arkadag» futbol topary ilkinji möwsümini rekord derejesindäki üstünlikler bilen tamamlady

25 Dekabr 2023
436

24-nji dekabrda «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» futbol topary «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Mälim bolşy ýaly, munuň özi Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň ilkinji möwsümindäki ikinji baýragydyr.

Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, öz şäherinde, öz janköýerleriniň arasynda duşuşan «Arkadag» topary derrew oýnuň gidişini eline aldy. Muny final duşuşygynyň 29-njy, 52-nji we 68-nji minutlarynda geçirilen 3 gol hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

"Nesil".