"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Loran Blan arap klubuna tälim berer

Fransiýaly belli tälimçi Loran Blan Saud Arabystanynyň «Al Ittihad » toparyny türgenleşdirer. Jidda şäheriniň wekili 58 ýaşyndaky tälimçi bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Soňky gezek «Lion » toparyna tälim beren Blan ýurdunda «Bordo », PSŽ hem-de Kataryň «Al Raýýan » klublarynyň şol sanda Fransiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi bolupdy. Benzema, Kante, Fabinio ýaly oýunçylaryň çykyş edýän «Al Ittihad » toparyny geçen möwsüm argentinaly Marselo Galýardo türgenleşdiripdi. Metbugatda «Al Ittihad » toparyna «Milan » bilen şertnamasy tamamlanan Stefano Pioliniň hem tälimçi boljakdygy barada habarlar çykypdy

«Inter » 2 ýyldyz oýunçyny tölegsiz

Italiýanyň çempiony «Inter » topary düzümine 2 sany ýyldyz oýunçyny tölegsiz goşdy. Milan şäheriniň wekili ilki «Napoli » bilen şertnamasy tamamlanan polşaly Piotr Zielinskini transfer etdi. 30 ýaşyndaky futbolçy öňümizdäki 4 ýylyny «Inter » toparynda geçirer. Ol «Interiň » taryhyndaky ilkinji polýak futbolçydyr. 2012-nji ýylda «Udinezede » futbola başlan Zielinski 2 möwsüm «Empolide » oýnady. 2016-njy ýyldan bäri «Napolide » çykyş edip gelýän Zielinski neapollylaryň düzüminde 8 möwsümde 364 oýunda 51 gol geçirdi. Şeýle- de, «Inter » topary eýranly hüjümçi Mehdi Taremini hem tölegsiz transfer etdi. «Porto » topary bilen şertnamasy tamamlanan 31 ýaşyndaky Taremi öňümizdäki 4 ýyl «Interde » oýnar. Taremi «Porto » klubunda 4 möwsümde 182 oýunda 91 gol geçirdi. Taremi ýurdunyň «Şahin », «Iranjawan », «Persopolis », Kataryň «Al-Garafa » hem-de Portugaliýanyň «Rio Awe» klublarynyň köýnekçesini geýdi. Ol Eýranyň ýygyndysynda 85 duşuşykda 50 goly derwezä girizdi.

Mbappeüçin 80 müň janköýer ýygnandy

Ençeme ýyldan bäri Kilian Mbappeniň «Real Madride » transfer boljakdygy barada habarlaryň şaýady bolan janköýerler ýaz aýlarynda fransiýaly oýunçynyň ispan toparyna geçýändigini resmi ýagdaýda öwrenipdiler. Ine, bu günki gün bolsa, şol habar ahyry hakykat ýüzünde öz beýanyny tapdy. Kilian Mbappeniň 16-njy iýulda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy uly şowhuna beslendi. Fransiýaly futbolçy özüni 5 ýyllap «Real Madridiň » oýunçysy bolmaga ygtyýar berýän şertnama gol çekdi. Onuň näçe hak aljakdygy häzirlikçe resmi taýdan mälim edilmedi. Ýöne ispanlaryň «Marca» gazetinde çykan habarlara görä, Kilian Mbappe «Real Madrid » bilen şertnama baglaşany üçin 100–115 million ýewro alar (5 ýylyň dowamynda). Oýunçynyň ýyllyk gazanjy salgytlardan saplanan görnüşde azyndan 15 million ýewro bolar. Şeýlede, imijlerden geljek gazanjyň 60–80 göterimi- de futbolçynyň özüne galar. «Altyn top», şol sanda gazanyljak her kubok üçin hem goşmaça tölegler ediler. 80 müň futbol janköýeriniň gatnaşan dabarasynda klubuň prezidenti Florentino Perez fransiýaly oýunça ýüzlenip: — Öz öýüňe hoş geldiň! Bu kluba geleniň üçin köp sagbol!. 18 ýaşyňda Dünýä Kubogyny gazandyň. Bu klub global klub. Bu stadionda bilelikde taryhy ýeňişlere şaýat bolduk. Bu stadion dünýäniň iň ökde futbolçylarynyň mekanyna öwrülmegini dowam eder — diýdi. Mbappe bolsa özüniň çagalyk arzuwyna ýetendigini aýdyp: — Arzuwym «Real Madridiň » düzümin

137-nji «WIMBLEDON»

Alkaras ýene -de Jokowiçi ýeňlişe sezewar etdi Tennis boýunça möwsümiň 3-nji «Uly tuwalga » ýaryşy tamamlanyp, erkekleriň arasynda çempion üýtgemedi. Zenanlarda- da çempionyň ady üýtgese- de, ýurdy üýtgemedi. 137-nji gezek (zenanlaryň arasynda 130-njy) geçirilen dünýäniň iň gadymy tennis ýaryşynda baýrak gaznasy bu ýyl üçin 50 million funt sterling diýlip kesgitlenipdi. Ýeňijileriň hersine aýratynlykda 2,7 million funt sterling pul baýragy berildi. Finalçylara 1,4 million funt sterling gowşuryldy. Londondaky merkezi kortda geçirilen finalda ispaniýaly Karlos Alkaras çempionlygyny goramagy başardy. Ol geçen ýylyň gaýtalanan finalynda ýene- de serbiýaly Nowak Jokowiçi ýeňlişe sezewar etdi. Bu gezek 3 setde güýçli garşydaşyny ýeňen Alkarasa 1-nji we 2-nji setlerde ýeňiş gazanmak kyn düşmedi. 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Alkarasa 3-nji setde üstün çykmak ýeňil düşmedi. Ol 10-njy oýunda iň soňky utugy ençeme synanyşykda alyp bilmän, netijede set 6:6 boldy we taý-brekde 7:4 üstün çykyp, seti 7:6 öňde tamamlady. Şeýlelikde, 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan Alkaras bassyr 2-nji gezek «Wimbledon »-da ýeňiji boldy. Ol geçen ýyl hem Jokowiçi 5 setde 3:2 hasabynda utupdy. Bu çempionlyk Alkarasyň «Uly tuwalgalardaky » 4-nji çempionlygydyr. Ol 35 gün öň «Fransiýa Açykda », 2022-nji ýylda- da «Amerika Açykda » çempionlyk gazanypdy. 21 ýaşyndaky Alkaras «Fransiýa Açykdan » soň «Wimbledony » gaz

Ýewropada Ispaniýa, Günorta Amerikada Argentina çempion – ikisi-de rekord goýdy

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionaty Ispaniýanyň ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlandy. Germaniýanyň paýtagty Berlindäki «Olympiastadion »-da oýnalan finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen Angliýanyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly, gyzykly geçen oýnuň 1-nji ýarymynda bellärlikli howply pursat bolmady we golsuz tamamlandy. Ýöne 2-nji ýaryma ispanlar gol bilen başlady. 47-nji minutda Lamin Ýamalyň pasyndan soň owadan urgy bilen Niko Williams hasaby açdy. Iňlisler bu gola 73-nji minutda jogap berdi. Oýna soň giren Koul Palmer Jud Bellingamyň pasynda topy ýerden, takyk urgy bilen derwezä girizdi. Şondan soň Moratanyň ornuna Oýarzabaly oýna girizen De La Fuenta bu çalşygyň miwesini çempionlyk bilen aldy. Duşuşygyň 86-njy minutynda Kukurelýanyň beren pasynda topy derwezä girizen Oýarzabal ispanlara çempionlyk gazandyran oýunçy boldy. Duşuşygyň soňky minutlarynda ilki Unaý Simon, soňra topy derwezäniň çyzygynyň üstünde duran Dani Olmo ispanlary goldan halas etdi. Duşuşyk 2-1 hasabynda Ispaniýanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Şunlukda, Ispaniýanyň ýygyndysy 4-nji gezek Ýewropanyň çempiony bolup (1964, 2008, 2012, 2024), yklymyň iň köp çempionlyk gazanan topary bolmagy başardy. Sanlar, statistikalar, hasabatlar Ispaniýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda 7 oýnuň ählisinde- de penalti urgularyna galmazdan, çempionlyk gazanan ilkinji topar hökmünde hasaba alyndy. M

Küşt boýunça welaýat birinjiligi geçirildi

Küşt boýunça erkekleriň arasynda welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň çempionatynyň birinji ligasyna wekilçilik edýän küştçüleriň 112-si gatnaşdy. Olaryň arasynda türkmenabatly küştçülerden başga-da Çärjew, Dänew we Halaç etraplaryna wekilçilik edýän küştçüler hem bar. Gyzykly geçen duşuşyklaryň netijesinde Türkmenabat şäherinden Ilhan Çaryýew welaýatymyzyň çempiony bolmagy başardy. Tejribeli tälimçi Güljahan Öwlýakulyýewanyň şägirdi geçiren duşuşyklarynda garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykdy.

Ýaş küştçüler ýaryşdylar

Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde küşt boýunça ýaryş geçirildi. Ýaş küştçüleriň arasynda Türkmenabat şäheriniň birinjiligini gazanmak ugrunda geçirilen ýaryşa 7 — 17 ýaşly küştçüleriň 135-si gatnaşdy. Ýaryşyň dowamynda welaýatymyzyň küşt boýunça tejribeli tälimçisi Güljahan Öwlýakulyýewanyň şägirtleri aýratyn tapawutlandylar. Olardan Laçyn Isaýewa, Hangeldi Muradow, Humaý Huseýinowa, Aýa Baýramowa, Gulmira Seýilhanowa, Ylham Çaryýew öz ýaş derejeleri boýunça birinjiligi gazandylar. Şeýle-de tälimçi Zumrat Açilowanyň şägirtlerinden Kemal Töräýew, Leýli Nurmamedowa, Nazar Narimanow, Jasmin Rahmedowa, Didar Baltaýew dagy öz ýaş derejelerinde ýeňiş gazandylar.

Ýaşajyk futbolçylarymyzyň Daşkentdäki üstünligi

Ýaşajyk türkmen futbolçylary Daşkent şäherinde geçirilen «AFL Kids Cup — 2024» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, iki altyn, bir bürünç medala mynasyp boldular. Ýaryşda altyn medallary «Batly» we «Gökje» futbol toparlary gazandy. Bu toparlaryň birinjisi 2012-nji ýylda doglan we şondan hem kiçi ýaşly okuwçylardan, ikinjisi bolsa 2014-nji ýylda doglan hem-de şondan kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryndan ybaratdyr. 2009-njy ýylda doglan ýetginjeklerden düzülen «Çandybil» futbol topary bolsa kümüş medal bilen ýaryşyň hormat münberine çykmagy başardy.

«Arkadag» futbol toparynyň ýaşajyk türgenleri

«Arkadag» futbol toparynyň kiçi ýaşlylar topary 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýär. Topar 2011-2012, 2013-2014, 2015 — 2017-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýaş derejeleri boýunça 3 topara bölünýär. Ol toparlary birinji derejeli sport türgeni Toýly Halmyradow, AFK tarapyndan tassyklanan «C» derejeli tälimçiler Mergen Baýramow we Myratberdi Berdiýew dagy türgenleşdirýär. Türgenleşikler Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadionda hepdäniň ýekşenbe gününden beýleki ähli günlerinde geçirilýär. Tälimçi Mergen Baýramowyň bellemegine görä, häzirki wagta çenli ýetginjekler we çagalar topary 50-den gowrak ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. Duşuşyklarda «Arkadag» futbol toparynyň ýaş zehinleri özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Tälimçi Mergen Baýramow toparyň ýaş futbolçylarynyň içinde türkmen sportunyň abraýyny mynasyp gorajak, halkara derejede çykyş etjek zehinleriň bardygyny buýsanç bilen belleýär.

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde 5-nji iýulda badalga alan “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarays geçirildi. Bu dabarada Türkmenistanyň türgenleri hem ýeňijileriň arasynda orun aldy. T2 kategoriýasynda bäsleşen doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler 2-nji orny, Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow bolsa 3-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, halkara ralli ýaryşynyň 14-njisi tamamlandy. 11 gün dowam eden bäsleşik 5 müň kilometrden gowrak menzil aşylyp, Mongoliýada tamamlandy. Ralli ýaryşy dürli kategoriýalarda geçirilip, ähli kategoriýalar hem soňuna çenli çekeleşikli geçdi.

«Ýüpek ýoly — 2024»: iki toparymyz hormat münberinde

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlandy. 13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda 11 günläp dowam eden ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometrlik menzili külterlediler. Onuň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çarkandakly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek. Her bir güni gyzykly pursatlardyr garaşylmadyk netijelere baý bolan ýaryşyň T2 görnüşinde (ýeňil awtoulaglaryň ýolsuz ýerlerde geçirilýän ýaryşy) ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular. Doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň görkezen umumy netijesi kümüş medal üçin ýeterlik bolan bolsa, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topar bürünç medalyň eýesi boldy. Ildeşlerimizden Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewden ybarat toparyň hem ilkinji bäşlige girendigini aýtmak gerek. Ýaryşyň bu görnüşinde russiýaly Andreý Suşenowdan we Aleksandr Şanowdan ybarat topar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Ökde türgenleriň ýeňşi

Ruhubelent etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň sport zalynda sportuň kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça mekdebiň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa sport mekdebiň oglan-gyz türgenleri gatnaşdy. Netijede, Orazgeldi Gurbanazarow 35 kg, Aýjahan Annaýewa 42 kg, Gülnur Saparowa 32 kg agramda 1-nji orna, Agajan Täçmyradow 38 kg, Almira Zafarowa 33 kg, Penageldi Annaýew 28 kg agramda 2-nji orna, Alihan Zafarow 27 kg, Gülnäz Bäşimowa 20 kg agramda çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan türgenlere mekdebiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar Daşoguz şäherinde geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga taýýarlanýarlar.

Olimpiýa şäherçesiniň mümkinçilikleri ykrar edilýär

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyna «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänama gowşuryldy. Ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde iri ýaryşlary guramak üçin baý tejribesidir mümkinçilikleri bar. Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda halkara derejeli ýaryşlary geçirmek, netijeli türgenleşikleri guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Sport

Ezberler ýeňiş gazandylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasaty bu ugurda durmuşa geçirilýän netijeli işlerde üstünliklere beslenýär. Türkmen türgenleriniň dürli derejelerdäki şowly çykyşlary Türkmenistan döwletimiziň sport abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle ýeňişli gadamlar bolsa, gözbaşyny sport mekdeplerinde, türgenlere berilýän tälimlerden, türgenleşiklerden alýar.

«Ýüpek ýoly 2024»: Onunjy tapgyr Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažynyň ýeňşi bilen jemlendi

14-nji gezek guralýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň onunjy tapgyrynyň geçirilen güni hem gatnaşyjylar üçin garaşylmadyk synaglara baý boldy. Bu tapgyr Mongoliýanyň Baýanhongor we Mandalgobi sebitlerini birikdirdi. Geçilmeli menzil 562, 86 kilometre barabar boldy.   Onunjy tapgyr marafon görnüşinde geçdi: mehanikleriň hem-de kömekçi wekilleriň galandygy sebäpli, türgenler ýüze çykan näsazlyklary özbaşdak bejermeli boldular. Şol bir wagtyň özünde hem, tapgyryň menzilleri sürüjileriň hem-de şturmanlaryň örän ünsli bolmagyny talap edýän diýseň ýokary tizlikde geçilmeli sähra ýollaryndan we daşlyk ugurlardan uzady.  

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgenleri «Ýüpek ýoly – 2024» ralli-reýdinde ikinji orny eýelediler

5-15-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzan «Ýüpek ýoly – 2024» ralli-reýdi 11 tapgyrdan ybarat boldy. 5 243,13 kilometrlik menzile uzan halkara ýaryşyna 9 döwletden (Russiýa Federasiýasy, Belarusiya, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasy, Şwesariýa, Owganystan, Sirýa Arap Respublikasy, Serbiýa, Türkmenistan)  türgenler gatnaşdylar. Bu halkara ýaryşa jemi 50 ekipaž, şol sanda T1 bäsleşigine 3 sany, T2 ýaryşyna 6, T3 boýunça 6, T5-den 12, Açyk (OPEN) görnüşinden 5, Moto-kwadrasikelleriň ýaryşyna 18 topar gatnaşdy.

«Ýüpek ýoly» rallisiniň sekizinji tapgyry: M.Daňatarow öňdeligi eýelese, M.Toýlyýewiň ekipažy ikinji boldy

«Ýüpek ýoly» rallisiniň sekizinji tapgyry jemlendi. Mongoliýanyň Altaý sebitinde geçen tapgyr 492,12 kilometre uzady. Ralliniň ýolsuz ýerde hereket edýän T2 ýaryşynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgeni Merdan Toýlyýewiň ekipažyny 13 minut, Andreý Suşensowyň toparyny bolsa 19 minut yzda galdyran Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarow öňe saýlandy.

Sport sy­ýa­sa­ty da­ba­ra­lan­ýar

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ri­len we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän sport sy­ýa­sa­ty oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­ýar­lar. Ýaş­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len köp­çü­lik­le­ýin meş­gul­lan­mak­la­ry bol­sa ýur­du­myz­da sport sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň nyşanydyr. Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ryn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­giň hem-de sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­ril­ýär. Spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, mil­li­li­gi, däp-des­sur­la­ry­my­zy wa­gyz et­mek­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň aja­ýyp ne­ti­je ber­ýän­di­gi buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dyr.

Dynç alyş möw­sü­mi do­wam ed­ýär

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Ça­ga­la­ryň şat­ly­gy — dün­ýäň şat­ly­gy, ça­ga­la­ryň gül­kü­si — asu­da­ly­gyň be­ýa­ny. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ke­ma­la gel­ýän ýaş ne­sil sö­züň do­ly ma­ny­syn­da­ky bagt­ly ça­ga­lar­dyr. Häzirki wagtda ata Wa­ta­ny­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi do­wam ed­ýär. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy­na, dynç al­şy­nyň go­wy şert­ler­de gu­ral­ma­gy­na äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Tä­sin sport gör­nüş­le­ri

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Sport — sag­ly­gyň sa­ka­sy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň aý­ryl­maz bö­le­gi. Şu nuk­daý­na­zar­dan, dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da asyr­la­ryň, müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da dö­rän dür­li he­re­ket­li oýun­lar, wag­tyň geç­me­gi bi­len gy­zyk­ly hem-de tä­sin sport gör­nüş­le­ri­ne öw­rü­lip­dir. Me­se­lem, golf oý­ny, aý­dy­ly­şy ýa­ly, şot­lan­di­ýa­ly­la­ryň te­ge­lek daş­ja­gaz­la­ry ta­ýak bi­len urup, tow­şa­nyň sü­re­ni­ne sal­mak bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­rin­den dö­räp­dir. Ge­liň, şu hi­li tä­sin sport gör­nüş­le­ri­niň kä­bi­ri­ne se­re­dip ge­çe­liň!