Ýaşajyk futbolçylarymyzyň Daşkentdäki üstünligi

18 Iýul 2024
280

Ýaşajyk türkmen futbolçylary Daşkent şäherinde geçirilen «AFL Kids Cup — 2024» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, iki altyn, bir bürünç medala mynasyp boldular.

Ýaryşda altyn medallary «Batly» we «Gökje» futbol toparlary gazandy. Bu toparlaryň birinjisi 2012-nji ýylda doglan we şondan hem kiçi ýaşly okuwçylardan, ikinjisi bolsa 2014-nji ýylda doglan hem-de şondan kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryndan ybaratdyr. 2009-njy ýylda doglan ýetginjeklerden düzülen «Çandybil» futbol topary bolsa kümüş medal bilen ýaryşyň hormat münberine çykmagy başardy.

(Ýörite habarçymyz).