Welosport we sagdyn durmuş ýörelgeleri

2 Aprel 2023
375

«7/24. tm», № 14 (149), 03.04.2023.

Ýurdumyzda hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, spor­ty ös­dür­mek, sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­len­ýär. Şo­nuň esa­syn­da hem, Wa­ta­ny­myz­da be­den­ter­bi­ýe we sport çä­re­le­ri yzy­gi­der­li we ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de giň­den bel­le­nil­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni hem şeý­le aja­ýyp sport baý­ram­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy­dyr. Bu hal­ka­ra baý­ram­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we paý­tag­ty­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi bi­len aja­ýyp saz­la­şy­gy eme­le ge­ti­rip, aras­sa eko­lo­gi­ki gur­şa­wyň äh­mi­ýe­ti­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Türk­me­nis­tan­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­le­riň anyk ne­ti­je­le­ri ber­ýän­di­gi dür­li ýaş­da­ky wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ge­çi­ril­ýän köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li çä­re­le­re diý­seň iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da we­los­por­tuň ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň, eko­lo­gi­ýa ula­gy bo­lan we­lo­si­ped sür­me­gi wa­gyz et­mek ba­ra­da edil­ýän ta­gal­la­la­ryň hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.