Bitaraplygyň türkmen nusgasy: döredijilikli başlangyçlar — adamzadyň bähbidine

9 Dekabr 2022
777

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry bolmak bilen, onuň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri durýar. Indi 30 ýyl bäri ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen ynsanperwer maksatlara ygrarlydygyny doly subut etmek bilen, Bitarap döwlet hökmünde ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça oňyn çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşýar. Geçen ýyllaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 19 sany Kararnama munuň şeýledigini anyk görkezýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde şol taryhy Kararnamalar bilen bagly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

■ 1995-nji ýyl, 12-nji dekabr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnama halkara gatnaşyklaryň tejribesinde Bitaraplyk babatda Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen ilkinji resminama hökmünde taryha girdi.

Aýgül RAHYMOWA.