Ösüş çaklamasyny mälim etdi

19 Iýul 2024
175

Halkara pul gaznasy dünýä ykdysadyýeti barada täze çaklama taýýarlady. Gazna şu ýyl global ykdysadyýetiň 3,2 göterim boljakdygyny mälim etdi. Geljek ýylda bolsa dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýeti ortaça 3,3 göterim bolar. Gazna mundan ozal aprel aýynda bu görkezijiniň 3,2 göterim bolmagyna garaşylýandygyny mälim edipdi. Çaklamada geçen ýyl az ösüş hasaba alnan ýewro sebitiniň ösüp başlajakdygy bellenildi. Aziýanyň ösüp barýan ykdysadyýetleri global ösüşe itergi bermegini dowam etdirer. Hindistandaky we Hytaýdaky ösüşiň hem ozalky çak edilişinden has ýokary boljakdygy aýdyldy. Emma geljek 5 ýylda ösüp barýan uly Aziýa ýurtlaryndaky ösüşiň azaljakdygy bellenilýär. Hytaýda 2024-nji ýyldaky ösüşiň 5 göterim, geljek ýyl 4,5 göterim, 2029-njy ýylda 3,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Hindistanda bolsa üstümizdäki ýylda 7 göterim ösüş hasaba alnar.