Kärendeçi tejribeli bolanda...

9 Iýul 2024
296

Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Bägül Berdimyradowa indi 14 ýyla golaý wagtdan bäri oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen, olardan bol hasyl alyp gelýär. Tejribeli daýhan kärendesine alan 10 gektar ýerinden Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda guşgursak ak bugdaýyň her gektaryndan 39 sentner hasyl tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi.

Mundan başga-da, tejribeli kärendeçi şu ýyl 9 gektar meýdanda gowaça tohumyny ekip, oňat gögeriş aldy. Ol häzirki döwürde ekiniň ähli ideg işlerini wagtly-wagtynda, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirýär. Bu bolsa, giň gözýetime uzap gidýän meýdandaky ýaşajyk gowaçalaryň günsaýyn boý alyp, bereketli hasyla durmagyna itergi berýär.

Aýsoltan ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni.