Bir etrapdan iki habar

11 Iýul 2024
310

Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär

Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri gowaçalaryň ideg möwsüminde hatarara bejergi, ösüş suwyny tutmak bilen bir hatarda, olary zyýan berijilerden goramak işlerine-de uly üns berýärler. Etrap boýunça 15-sany biolaboratoriýalar hereket edip, ekinlere gerekli bioönümler taýýarlanýar. Daýhan birleşiklerinde, dökünhimiýa bazasynda, pagta arassalaýjy kärhanasynda hereket edýän laboratoriýalarda öz işine ezber işçi-hünärmenler zähmet çekip, taýýarlanýan bioönümleriň talabalaýyk bolmagyny gazanýarlar. Häzirki wagtda gowaça meýdanlaryna trihogramma, gabrabrakon, altyngözlije goýbermek işi alnyp barylýar. Her günde etrap boýunça 750 — 800 gektar ýere peýdaly mör-möjekler goýberilýär. Ekinleri zyýan berijilerden goramakda «Akgala», «Bereket», «Maslahat», «Täzeýap», «Zaman» daýhan birleşikleri aýratyn tapawutlanýarlar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.