Italiýanyň «Ýuwentus» topary «Aston Willadan» braziliýaly 26 ýaşyndaky ýarymgoragçy Duglas Luizi 50 million ýewro transfer etdi. Turinliler Luiz bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. «Ýuwentus» kluby Duglas Luiziň transferiniň bir bölegini pul hökmünde berse, galan bölegine derek 2 futbolçysyny «Aston Willa» toparyna ugratdy. Italýan toparyndan ýarymgoragçylar — angliýaly 20 ýaşly Samuel Aýling Junior (14+3 million ýewro) hem-de 23 ýaşyndaky argentinaly Enzo Barrençea (8+3 million ýewro) «Aston Willa» transfer boldy.
Şeýle-de, «Aston Willa» topary «Çelsiden» çep gyraky goragçy Ian Maatseni transfer etdi. «Aston Willa» topary bu transfer üçin londonlylara 37,5 million funt sterling (44,5 million ýewro) tölär. Birmingemliler 22 ýaşyndaky oýunçy bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşdy. Maatsen geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny «Borussiýa Dortmundda» kärendesine geçirip, ol nemes klubunda 23 duşuşyk oýnady (3 gol).