20 ýyldan soň täze banknot çykardy

5 Iýul 2024
220

Ýa­po­ni­ýa­da 2004-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek tä­ze bank­not­lar do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­di. Ýur­duň Mer­ke­zi ban­ky tä­ze bank­not­la­ry köp­çü­li­ge gör­kez­di. Mer­ke­zi ban­kyň baş­ly­gy Ueda Ka­zuo­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da 1000, 5000 we 10 000 ýa­pon ýe­ni gör­ke­zil­di.

Ueda beý­le­ki Azi­ýa ýurt­la­ry­na ga­ra­nyň­da Ýa­po­ni­ýa­da nagt däl ha­sap­la­şy­gyň pes de­re­je­de­di­gi­ni bel­läp, nagt pu­luň yg­ty­bar­ly tö­leg se­riş­de­si hök­mün­de ýur­duň gel­je­gin­de äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny aýt­dy. Mer­ke­zi bank, il­kin­ji no­bat­da, umu­my gym­ma­ty 1,6 tril­li­on ýen (9,9 mil­liard dol­lar) bo­lan bank­not­la­ry do­la­ny­şy­ga goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.